Öňki Türkmen Ministri "Bejergi" üçin Gulp Astyna Alyndy

Öňki Türkmen Ministri "Bejergi" üçin Gulp Astyna Alyndy

Bir partiýa sistemany tankyt eden Türkmenistanyň öňki ministrleriniň birisi tussag edildi we mejbury medisina bejergisine ugradyldy.

Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, 60 ýaşly Geldimyrat Nurmuhammedow 5-nji oktýabrda narkotik ulanany üçin tussag edilipdir we Tejen şäheriniň neşekeşleri bejerýän merkezine ugradylypdyr.

Ýurduň daşyndaky oppozisiýa lideri Nurmuhammed Hanamow ýaly Nurmuhammedowy tanaýan adamlar onuň neşe ulanmaýandygyny aýdýärlar, hem-de bu tussaglygyň onuň geçen ýyl Türkmenistanyň döwlet sistemasy barada aýdanlary üçin ar alyşdygyny aýdýarlar.

Ol wagt, prezident Gurbanguly Berdimuhammedow bir partiýadan başga partiýalaryň hem bolmagyna ýol bermek üçin syýasy sistemany aç-açan etmegi söz berip ýördi.

Berdimuhammedowdan öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe, 1992-95 ýyllarda medeniýet we turizm ministri bolup işlän Nurmuhammedow prezidenti sözünde tutup, syýasy partiýa esaslandyrmak kararyna gelipdir.

Geçen ýylyň dekabrynda ol Azatlyk radiosynyň Türkmen gullugyna interwýu berip, täze partiýa üçin kanuny statusy almagyň mümkin däldigini aýtdy we resmi Demokratiki Partiýany “saýlawlary manupulirlemek üçin gural” diýip beýan etdi.

Interwýudan soň köp wagt geçmänkä ol türkmen howpsyzlyk gulluklary tarapyndan sorag edildi.

Awstriýadaky oppozision Türkmen Respublikan Partiýasyna ýolbaşçylyk edýän Hanamowyň aýtmagyna görä häkimiýetler Nurmuhammedowy ol wagt tussag edip bilmändirler, sebäbi Berdimuhamedow prezident saýlawlara kandidat hökmünde gatnaşýardy we hiç-hili negatiw halkara ünsüni islemeýärdi.

“Indi biraz wagt geçininden soň olar ar alýarlar” diýip Hanamow aýtdy. “Olar ol adamy himikatdan doýdurarlar we oňa "bejergi" gerek bolar. Bu Türkmenistanda adaty ulanylýan we gowy bilinýän usul.”

Respublikan Partiýa 9-nji oktýabrda beýannama ýaýratdy we Türkmenistanda saglygy saklaýyş edaralarynyň dissidentleri tussaglykda saklamak üçin ulanylmagyny ýazgardy.

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.


Turkmenistan
Human rights
Frontline Updates
Support local journalists