Täze Türkmen-Özbek barlag nokady serhetden geçişi ýeňilleşdirer

Täze Türkmen-Özbek barlag nokady serhetden geçişi ýeňilleşdirer

Thursday, 29 October, 2009
Türkmenistanyň gündogar çetindäki Özbegistan serhetinde gurlan täze häzirki zaman serhet barlag nokady iki tarapdanam garyndaşlaryny görmäge geçýän adamlaryň durmuşyny ýeňilleşdirer.



Gündogardaky Lebap welaýatynda ýerleşýän Farapda barlag-geçiriş nokady resmi ýagdaýda 15-nji oktýabrda açyldy. Gurluşyk işleri we häzirki zaman pasport we gümrükhana barlag enjamlary alty million amerikan dollaryna deň bolup, bu çykdajylar Birleşen Ştatlar tarapyndan üpjün edildi.



Farap etniki taýdan özbek köp ilatyň ýaşaýan ýerinde toýlara, matamlara we beýleki maşgala wakalaryna barmak maksady bilen syýahat edýän adamlar üçin hemişe meşhur geçiş nokady bolup durýar.



Resmi türkmen statistikasynyň gorkezmegine görä, ýurtda köpüräk Lebap we Daşoguz welaýatlarynda jemlenen 400 000-den gowrak özbek ýaşaýar, hem-de bu tutuş ilatyň 12 %-ne deň bolup durýar. Serhediň özbek tarapynda, iň azyndan 150 000 etniki türkmen Horezm we Surhanderýa oblastlarynda we Garagalpagystan awtonom respublikasynda ýaşaýar.



Serhet zonalaryň ýaşaýjylary ýeňilleşdirilen geçiş düzgünlerinden peýdalanýarlar. Bu olara başga ýagdaýda olara zerur bolan wizalary almazdan bäş güne çenli ýurtda galmaga ýol berýär.



Ýöne, şu wagta çenli serhetden geçmegiň özi, pasportlary barlamak üçin häzirki zaman enjamlaryň bolmazlygy sebäpli döreýän uzyn nobatlar sebäpli agyr prosedura bolup durýardy.



“Bu ýerde geçiriş nokady bardy, ýöne onuň hatda kompýuteräm ýokdy” diýip bir ýaşuly adam aýtdy. “Amerikanlaryň kömegi bilen, bizde indi iň täze tehnika bilen enjamlaşdyrylan geçiriş nokady bar.”



Söwdegärler uzyn nobatlardan dynmak mümkinçiligine has şat.



2007-nji ýylda, türkmen we özbek hökümetleri serhetara söwdany gaýtadan dikeltmegi ylalaşdylar, bu söwda bir wagt benziniň we öý enjamlarynyň Özbegistana äkidilmegi we pagta ýagynyn, tüwiniň, miwe we gök önümleriň, matalaryň we eşikleriň yzyna getirilmegi netijesinde gülläp ösýän biznesi döretdi. Geçen ýyllarda bu söwda diplomatiki gatnaşyklaryň agyrlaşmagy esasynda pese gaçdy we syýahatçylar öz ýolunda artýan býurokratiki päsgelçilikleriň goýulmagyna duş geldiler.



Öz garyndaşlaryny görmäge ýa-da gök önümleri lomaý satyn almaga köp syýahat edýän Türkmenistandan bolan etniki özbek adamyda täze serhet geçiriş gurluşyna şat bolanlaryň arasynda.



“Bu gaty netijeli bolar we serhetçiler ýük konteýnerleri zaýalamazlar ya açmazlar, ýa-da kemsidiji barlaglary ýerine ýetirmeli bolmazlar, sebäbi olarda ýörite rentgen enjamlary bolar. Bizde has aktiw söwda etmäge mümkinçilik bolar” diýip ol aýtdy.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)





Central Asia
Frontline Updates
Support local journalists