Türkmen aktiwistleri ÝHHG ýygnagynda metbugat azatlygy meselesini gozgamak isleýärler
Türkmen aktiwistleri ÝHHG ýygnagynda metbugat azatlygy meselesini gozgamak isleýärler
Türkmenistanly adam hukuklaryny goraýjylar Ýewropada Howpsyzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) ýygnagyny ýurtdaky ýagdaý barada esasy aladalary beýan etmek üçin ulanmagy planlaşdyrýarlar, ýöne bu Merkezi Aziýa döwletiniň hökümedi olary bu ýygnakda görmek islemez.
Her ýylda geçýän, ÝHHG-nyň işiniň “adam ölçeglerini” gözden geçirýän ýygnagy 26-njy sentýabrda Warşawada açylýar. Bu ýyl ýygnagyň esasy ünsi tutuş region boýunça media azatlygynyň ýagdaýyna gönükdiriler.
“Bizde hereket azatlygy we media azatlygy barada konferensiýada aýtmaga zat bolar” diýip Bolgariýada ýerleşýän türkmen dissidenti Annadurdy Hajyýew aýtdy.
Türkmenistanda garaşsyz media ýok, döwlet media serişdeleri berk senzura astynda, hem-de resmi garaýyşlardan uzaklaşan žurnalistler çynlakaý kynçylyklara sezewar bolup bilýärler.
Döwlete degişli däl guramalaryň wekilleri we şeýle-de resmi wekiller ÝHHG-nyň adam ölçegleri boýunça duşuşygynda öz pikirlerini beýan etmäge çagyrylýar. Geçen ýylky çärede türkmen häkimiýetleri özlerini tankyt edip biläýjekleri çäre gatnaşdyrmazlyk üçin elinden gelenini etdiler. (Goşmaça maglumat üçin: Türkmenistan adam hukuklary aktiwisterini ÝHHG çäresine gatnaşmakdan saklamaga çalyşýar)
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.