Türkmen gazet okaýjylaryna saýlamaga zat köp däl

Türkmen gazet okaýjylaryna saýlamaga zat köp däl

Newspapers on sale at a market in Ashgabat, the capital of Turkmenistan. (Photo: IWPR)
Newspapers on sale at a market in Ashgabat, the capital of Turkmenistan. (Photo: IWPR)

Türkmenistanda daşary ýurt metbugat serişdeleriniň giňden elýeterli boljakdygy barada ýakynda berlen wadalara seretmezden, köp okaýjylar ýerli metbugatyň berk senzuradan geçen önümleri bilen çäklenmeli bolýärlar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow ýakynda hökümet ministrlerine daşary ýurtlardaky meşhur ylmy žurnallaryň hökman elýeterli edilmelidigini aýtdy we habar beriş media gulluklary resmi edaralaryň daşary ýurt publikasiýalaryna abuna ýazylyp başlandyklaryny aýan etdiler.

Döwlet baştutanynyň ministrlere olaryň işgärleriniň näme okamalydygyny görkezme bermegi, hem-de hut özüniň tassyklanan neşirleriň spisogyny barlamagy, köp zady aňladýan faktdyr. Özüniň adynyň aýan edilmezligini haýyş eden bir ýerli döwlet işgäri ministrlikleriň degişli spesialist neşirler bilen üpjün edilip başlandygyny aýtdy, ýöne bu ýönekeý bir okaýjy üçin daşary ýurt gazet-žurnallaryna ýol açyljagyny aňlatmaýar ahyryn.

Türkmenistanyň raýatlary diňe bir milli gazetler bilen çäklenmäge mejbur edilenok, eger olar döwlet edarasynda işleýän bolsa onda olar esasy gazet bolan Neýtralny Turkmenistany satyn almaga hem mejbur edilýär.

"Biziň tutuş kollektiwimiz Neýtralny Turkmenistana abuna ýazyldy" diýip bir ýerli mugallym aýtdy. "Hiç-kim bizden gerekmi ýa gerek dälmi diýip soramady - biziň aýlygymyzdan ýöne ýedi dollar saklap galdylar."

2007-nji ýylda ýurt başyna gelenden soň, prezident Berdimuhammedow ýerli gazet-žurnallary köpeldip, olaryň sanyny 20 töwerege ýetirdi. Ol neşirleriň hemmesi döwlet tarapyndan dolandyrylýar. Informasiýanyň alternatiw çeşmeleriniň ýoklygy entegem gaty ýiti duýulýar. Internet ilatyň 2%-indenem az bölegine elýeterli diýlip çaklanylýar.

Iki ýyl mundan öň düzgünler bir azyrak ýeňilleşdirildi we žurnallaryň az sanlysyny Russiýadan we Gazagystandan getirmäge ýol berildi. Ýöne olaryň mazmuny gaty ýeňles.

“Saglyk, reseptler we aýallar hakyndaky, hem-de kroswordly žurnallar ilki satyn alnyp gutarylýar" diýip gazet satyjy aýtdy. "Ýöne olaryňam bahasy gymmat we diňe käbir adamlaryň satyn almaga gurby çatýar."

Paýtagt Aşgabadyň ýaşaýjysy Larisa käwagtlar el işleri baradaky žurnaly satyn alýar. Ýöne ol bary-ýogy birnäçe kopiýada gelýän žurnalyň birini aljak bolsa onda tiz hereket etmeli bolýär.

"Islän zadymyza abuna ýazylmaga ýol berilmegini arzuw edýärin" diýip ol aýtdy. "Men syýasat baradaky gazetlere ýazylmazdym - men ol zatlar bilen barybir gyzyklanamok."

Russiýa giden her bir adamdan yzyna gazet-žurnal getirmegi haýyş edilýär. Eger ol neşirler türkmen gümrükhanasyndan geçse, onda olar aýaw bilen okalýar we saklanýar.

"Men [Russiýanyň] Trud gazetini gowy görýärin" diýip Balkan welýatyndan bolan bir pensioner aýtdy. "Meniň tanyşlarym bir gezek gazetiň bir-iki sanysyny getirmegi başardylar. Men olary tä böleklere bölünip başlaýança okadym, soňra olar meniň goňşylarymyň arasynda-da elden-ele geçirildi."

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

 

Frontline Updates
Support local journalists