Türkmen Howa Transporty Krizisde

Türkmen Howa Transporty Krizisde

Türkmenistandaky awiasiýa ekspertleriniň aýtmagyna görä ýurduň graždan awiasiýa flotynyň diňe ýarysy ulanmaga ýaramly, hem-de bu ýagdaý samalýot biletleri üçin uzyn nobatlaryň döremegine getirýär.

Awgustyň başynda adamlar Türkmenhowaýollary milli gullugynyň bilet kassalarynyň öňüni doldurdylar. Olara tä 5-nji oktýabra çenli hiç-hili reýse münüp bilmejekdikleri aýdyldy. Bu nobatlar reýsleriň sanynyň azaldylmagy sebäpli ýüze çykdy. Reýsleriň azaldylmagy geçen aýyň dowamynda bahalaryň hem düýpli ýokarlanmagyna getirdi.

Hökümet çeşmeleri bu krizis barada ses çykaranoklar. Ýagdaýy boýun almak diňe 19-njy iýundaky ministrler kabinetiniň ýygnagynda ýüze çykdy. Onda prezident Gurbanguly Berdimuhammedow – ol primýer ministriň wezipesini hem ýerine ýetirýär – öz resmi wekillerine “awai-biletleriň ýetmezçiligine” seretmegi tabşyrdy.

Türkmenistandaky çeşmeler ýetmezçiligiň graždan awiasiýasynda bar bolan maliýe we tehniki problemalar sebäpli ýüze çykandygyny aýdýarlar.

"Prezident üýtgeşmeler etmek we goşmaça reýsler gurnamak barada görkezme berenem bolsa, bizde ony ýerine ýetirmäge mümkinçilik ýok" diýip Türkmenhowaýollarynyň işgäri aýtdy. Ol öz adynyň aýan edilmegini islemedi. "Häzirki wagtda, bary-ýogy sekiz sany samolýot işläp dur, emma ýolbaşçylar muny [prezidente] duýdurmakdan gorkýärlar."

Ol wekiliň aýtmagyna görä, Türkmenhowaýollarynyň pul ýetmezçiligi şeýle bir uly welin, gurama hatda bejergileri ýerine ýetirmek üçin samolýotlaryň detallaryny hem satyn alyp bilenok we işgärleriň aýlyklaryny bermekde hem kynçylyk çekýär. Netijede angarlar uçmaga ýarawsyz samolýotlardan doly.

Transport ministrliginiň resmi wekili hiç-hili cözülmejek problemanyň ýokdugyny aýtdy.

"Hemişede tomsuň soňunda syýahat etjekleriň sany artýar. Bu flotyň dargap barýanyny aňlatmaýar" diýip ol aýtdy. "Berdimuhammedow ýakynda aeroportyň ähli ýerlerine aýlanyp gördi we zatlara içgin seretdi. Şonuň üçin hemme zat tiz çözüler.”

Türkmenistanda häzirki wagtda 19 samalýot bar: Boýing 757 we 737 modeller halkara marşrutlar üçin we Boýing 717-ler içerki ýollar üçin ulanylýar.

Ekipažlaryň aýtmagyna görä haçan-da ähli samolýotlar uçmaga ýaramly bolanda reýsler wagtly-wagtynda uçup, samolýotlaryň ýarysy boş bolýan eken.

"Bizde häzir bar bolan samolýotlar raspisaniýada bellenen reýsleri ýerine ýetirmäge ýeterlik däl" diýip bir pilot aýtdy.

Başga bir pilot bolsa köp uçuş wagtynyň samolýotlary adaty reýslerden "prezidentiň we onuň maşgalasynyň şahsy işleri üçin " aýyrmak bilen ýok edilýändigini aýtdy.

"Şu ýakynda, haçanda gulluk [Türlmenhowaýollary] täze [bilet] bahalardan ejir çekýän wagty, prezidentiň şahsy kolleksiýasy üçin iki sany täze awto-maşyny getirmek üçin Çeh Respublikasyna reýs gurnaldy.”

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.
 

Economy
Frontline Updates
Support local journalists