Turkmen Leader Tries Common Touch

Turkmen Leader Tries Common Touch

Prezident Berdimuhammedow öňünden taýýarlanylýan köpçülik bilen duşuşyklardan daşlaşmak isleýär, ýöne entek bu başa baranok. (Foto: IWPR)
Prezident Berdimuhammedow öňünden taýýarlanylýan köpçülik bilen duşuşyklardan daşlaşmak isleýär, ýöne entek bu başa baranok. (Foto: IWPR)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow adamlaryň nähili ýaşaýanyny görmek üçin ýurduň içinde aýlanyp başlady. Ýerli komentatorlar bu taktikanyň prezident üçin aç-açan şekili görkezjekdigine şübhelenýärler. Sebäbi ýerli ýolbaşçylar “duýdansyz” saparyň nirä boljakdygyny eşiden batlaryna hemme zady gyssagly düzetmäge çalyşýarlar.

Mysal üçin 23-nji fewralda prezident Ahal welaýatyndaky Babadurmaz obasyna bardy. Ol sosial maksatly edaralara seretdi we adamlaryň ýaşaýyş derejesi barada sorady. Ondan 12 gün öň ol Mary we Balkan welaýatlaryna duýdansyz barmak üçin ýurt içine samalýotda uçyp aýlandy.

25-nji fewralda ol hökümet ministrlerine ýüzlenip, oba ýerlerinde “iň zerur zatlaryň, hatda ýerlikli ýollaryňam” ýokdugyna gaharlandy.

“Mende sorag döreýär: ýerli häkimler, olaryň orunbasarlary we ýerli edaralaryň ýolbaşçylary we olaryň köpsanly bölüm müdirleri näme bilen meşgullanýarkalar?” diýip ol sorady.

Adaty adamlaryň nähili ýaşaýanyna göz ýetirmek islegi Berdimuhammedowdan öňki prezident, 2006-njy ýylda aradan çykan, Saparmyrat Nyýazowa hem mahsusdy. Bir gezek žurnalistler bilen gepleşende Nyýazow ýasama sakgal dakynyp ýerli bazara özüni tanatman aýlanandygyny, hem-de öz içeri işler ministriniň hem ony tanamandygyny aýdypdy.

Häzirki prezident bolsa başgarak bir taktikany peýdalanýar. Ol ýerli ýolbaşçylar eşidip ýetişmänkä amala aşmaly gyssagly we duýdansyz saparlary gurnaýar.

Demirgazykdaky Daşoguz welaýatyndan bolan metbugat synçysynyň aýtmagyna görä, prezident öz golastyndaky işgärleriň, hakykatda ýagdaýlar oňat bolardan uzakda bolsada, ähli-umumy gülala-güllük baradaky gürrüňler bilen özüni aldaýandyklaryna hökman düşünýän bolmaly.

Emma prezident hakyky durmuşyň nähilidigini görmäge çyndan jan edýän bolsa, onda ol ýene-de özüni aldadýar.

Ol ýakynda demirgazykdaky Balkan welaýatyna syýahat edeninde, ýerli synçynyň aýtmagyna görä, “ýerli ýolbaşçylar anyk problemary bada-bat çözüp başladylar, daş-töweregi arassaladylar, hem-de jaýlaryň üstündäki solan baýdaklary çalyşdylar”.

Ýerli häkimem prezident bilen bile aýlandy, bu bolsa saparyň boljakdygy baradaky habaryň öňünden eşidilendigini anyk görkezýär.

“Häkim we prezidentiň kömekçileri hem maslahatçylary onuň gelýänini, hem-de onuň maksatlaryny heý-de öňünden eşitdirmezlermi?” diýip kommentator aýtdy.

Berdimuhammedow günorta-gündogardaky Mary welaýatyna barynynda hem edil şeýle ýagdaý boldy. Haçanda ol aeroportdan maşynda çykanynda ýerli adamlar ýollaryň gyrasynda ony garşylamak üçin hatar bolup durdylar we bu “duýdansyzlygy” doly aradan aýyrdy.

Presidentiň administrasiýasynda (diwanynda) işleýän bir işgär bu saparlaryň gizlin edilýändigi baradaky habarlaryň üstünden güldi. Onuň aýtmagyna görä hemme zat edil öňki ýaly öňünden taýýarlanylýar. “Duýdansyz” saparlarda bir ýetmeýän zat bu adaty saparlarda öňe çykarylýan aýdym-saz bilen tans toparlary bolup durýar.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists