Türkmen lideri gaýtadan saýlanmaga taýýarlanýar

Türkmen lideri gaýtadan saýlanmaga taýýarlanýar

Haçan-da Milli Galkynyş hereketi 15-nji dekabrda halk maslahatyna ýygnanda, indiki ýylyň başyndaky prezidentlik saýlawlaryna kimi hödürlemelidigi baradaky mesele onuň iň esasy meselesi bolar.

Maslahat Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow tarapyndan ýakynda geçen ministrler kabinetiniň ýygnagynda yglan edildi. Prezident ministrler kabinetine ýolbaşçylyk edýär we ýurtda premýer-ministriň wezipesi ýok.

Berdimuhammedow şeýle hem Galkynyş hereketiniňem ýolbaşçysy. Galkynyş hereketi öz içine Türkmenistanyň Demokratiki partiýasyny - ýurduň ýeke-täk syýasy toparyny - hem alýar, ol partiýanyňam ýolbaşçysy prezidentiň özi bolup durýar.

Galkynyş hereketiniň beýleki bölekleri bolan Aýallar we Ýaşlar guramalary maslahatyň Berdimuhammedowy ikinji prezidentlik möhletine hödürlemek üçin çagyrylandygyny tassykladylar.

Saýlawlar 12-nji fewralda geçirilmeli, hem-de Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda nominasiýalar saýlawdan 60 gün öň yglan edilip başlanmaly.

Berdimuhammedowyň utmaga bolan şansy gaty uly bolup görünýär.

“Arkadagyň ýene-de prezident boljakdygyna hiç kim şübhe bildirenok” diýip aýallar birleşiginiň agzasy anonimlik şerti bilen gürrüň edeninde aýtdy. “Başga alternatiwa ýok.”

Kandidatlar syýasy partiýa tarapyndan goldanylmaly ýa-da özüni goldaýan 50 000 adamyň goluny toplamaly. Bu saýlawa gatnaşmak isleýänler üçin mümkinçiligi gaty çäklendirýär - prezidentiň özi ýurtdaky ýeke-täk partiýa hem ýolbaşçylyk edýär.

Berdimuhammedow öňräk gaçgynlykdaky türkmen oppozisiýasyny yzyna dolanyp gelip saýlawlarda dalaş etmäge çagyrypdy. Oppozisiýa ýolbaşçylarynyň köpüsiniň gaýybana sud edilip günäkärlenendigini, ýa-da "watan duşmanlary" diýlip yglan edilendigini göz öňünde tutsaň, olar yzyna gelmäge howlukmazlar.

Berdimuhammedow 2007-nji ýylyň başyndan bäri höküm surýär. Ol şonda özünden öň 21 ýyllap ýurda ýolbaşçylyk eden Saparmyrat Nyýazowyň garaşylmadyk ölüminden soň biragyzdan prezident saýlanypdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.


Elections
Frontline Updates
Support local journalists