Türkmen liderine bäsdeşleri kömek edýär

Türkmen liderine bäsdeşleri kömek edýär

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow fewralyň 12-sinde gaýtadan saýlanmaga taýýarlanýan döwri, onuň garşysyna çykmaly diýlip saýlanan kandidatlar oňa öz goldawyny görkezmek üçin elinden gelenini edýärler.

Döwlet tarapyndan kontrollyk edilýän gazetler saýlaw kampaniýasynyň gyzgalaňly gidýänligini görkezýän habarlardan doly we saýlawçylaryň kandidatlar bilen gepleşmek isleýän wagty, ýerli synçylaryň aýtmagyna görä, Berdimuhammedowyň ýerini almak üçn çykyş edýän kandidatlaryň hiç birisem hakyky alternatiwany hödürlänok. Sebäbi olaryň hemmesi ýörite saýlanan döwlet işgärleri.

“Bu ýerde hiç-hili gapma-garşylyk ýok. Olaryň hemmesi utjak faworite ýaranmagyň ugrunda” diýip günortadaky Türkmenabat şäherinden bolan metbugat synçysy aýtdy. “Olaryň hemmesiniň öz bäsdeşi Berdimuhammedowa goldaw berjek bolup jan edişlerine tomaşa etmek gaty gülkünç.”

Paýtagt Aşgabatdaky kanunçylyk boýunça bir ekspert dürli kandidatlaryň saýlaw programmalarynyň biri-birine doly meňzeşdigini aýtdy - olar Berdimuhammedowyň bäş ýyl ýurt başynda gazanan üstünliklerini, Hytaýa gaz satýan turbaprowod ýaly zatlary, öwýärler.

Dalaşgärleriň birisi, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Rejep Bazarow, öz çykyşynda "horamtly prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň paýhasly ýolbaşçylygynda" "Döwlet adam üçindir" diýen şygaryň iş ýüzüne geçirilendigini nygtady.

Kakageldy Abdullaýew Türkmenistanyň daşary we içeriki syýasatlarynyň giň halkara goldawyny tapýandygyny aýtdy. Esendurdy Gaýypow bolsa hökümediň oba hojalygyny nähili goldaýandygyny beýan etdi.

Kandidatlar dürli döwlet edaralaryndan we dürli yksady ugurlaldan bolsada, olary biri-birinden tapawutlandyrýan zat gaty az.

“Adaty ýagdaýda, kandidatlar öz programmalaryny eger saýlanaýsalar näme etjekdikleri söz berip şonuň bilen jemleýärler” diýip daşary ýurtda okaýan Türkmen studenti aýtdy. “Bu kandidatlaryň öz şahsyýetini esaslandyrmakdan gorkýandygy görnüp duran zat, onuň ýerine olar özleriniň ähli belliklerini gümansyz utuş gazanjak kandidata tarap gönükdirýärler.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.


Elections
Frontline Updates
Support local journalists