Türkmen prezidentligine 14 sany ýasama dalaşgär

Türkmen prezidentligine 14 sany ýasama dalaşgär

 

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow 12-nji fewralda gaýtadan saýlanmaga dalaş edýär. Oňa bu saýlawda 14 sany dalaşgär garşy çykmakçy we käbir synçylar muny çynlakaý bäsleşik däl-de gozboýagçylyk diýip hasaplaýarlar. 

Kandidatlaryň köpüsi “inisiatiw toparlar” tarapyndan nominirlendi – kagyz ýüzünde ol toparlar ilat topary bolup, olar öz islän adamlaryny öňe sürýärler. Kagyz ýüzünde, bu Berdimuhammedowyň ilki saýlanan wagty bolan 2007-nji ýyl bilen deňeşdirende öňe gidişlik bolup görünýär, sebäbi ol wagt kandidatlary saýlamagy ýakynda dargydylan Halk Maslahaty amala aşyrypdy.

Hakykat ýüzünde, inisiatiw toparlar hiç-hili sýurpriz ýüze çakaýmaz ýaly, ägälik bilen düzülen toparlardyr. Olaryň her birine Galkynyş hereketiniň agzasy tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär. Ol hereketiň milli geňeşi bolsa dekabr aýynda Berdimuhammedowy gaýtadan saýlamaga hödürläpdi. Ol toparlaryň agza sany býudjet edaralarynda işleýän "meýletinlerden" doldurylan.

Türkmenistanyň günorta-gündogaryndaky Mary welaýatyndan bolan mekdep mugallymy özüne Maryazot edarasynyň direktory Myrad Çarygulyýewi öňe sürmek tabşyrylan topara goşulmak görkezme berilende nähili gorkyny başdan geçirenini gürrüň berdi. Haçan-da ýerli häkimlik we saýlaw guramasy mugallymlara muňa gatnaşany üçin Milli Howpsyzlyk guramasynyň hiç-hili kynçylyk döretmejekdigine ynandyranlaryndan soň ol birazyrak arkaýynlaşypdyr.

Energetika we Senagat ministry Ýarmuhammet Orazgulyýewi prezidentlige kandidat hökmünde öňe süren beýleki bir toparyň agzasy hemmleriň öz oýnamaly rollaryny gaty gowy bilýändiklerini aýtdy.

"Bu gowy repetisiýa edilen spektakl" diýip ol aýtdy.

Demirgazykdaky Daşoguz welaýatyndaky habarçy türkmen howpsyzlyk gullaklarynyň saýlaw prosesine barybir gaty ünsli seretýändiklerini aýtdy.

"Olaryň bu çärelerde hemişe gözem, gulagam bar” diýip ol aýtdy. “Inisiatiw toparlaryň agzalary mundan habarly we hemişe özlerine näme tabşyrylan bolsa şony etmäge çalyşýarlar.”

Alternatiw kandidatlary hatarlamak bilen häkimiýetleriň kimi ynandyrjak bolýany anyk däl. Daşary ýurtda ýerleşen oppozision wekillere saýlawa gatnaşmaga ýol beriljekdigi, ýa-da täze syýasy partiýalar esaslandyryljakdygy baradaky söz bermeler hiç-hili netije bermedi.

"Bu [inisiatiw] toparlaryň hökümediň görkezmesi bilen döredilendigi gaty düşnükli zat" diýip Niderlandlarda ýerleşýän Türkmenistanyň Graždan Demokratiki Soýuzynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mamedow aýtdy. "Olar prezidentiň daş-töweregindäkiler tarapyndan taýýarlanan we ýerine ýetirilýän saýlaw proýetktiniň bir bölegi." 

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

Frontline Updates
Support local journalists