Türkmen saýlawynda birnäça kandidat, ýöne bir ýeňiji

Türkmen saýlawynda birnäça kandidat, ýöne bir ýeňiji

Dekabryň 20-ne çenli jemilikde 7 kandidat Türkmenistanyň hazirki prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň garşysyna dalaşgär bolup saýlawlarda çykyş etmäge boýun boldy. Olaryň hijisem hakyky dalaşgär däl we hemmesi ýerli hökümet we senagat edaralaryndan saýlanan döwlet işgärleri.

Muny hakyky bäsleşik edip görkezmäge bir ullakan synanyşygam ýok. Berdimuhammedowyň 12-nji fewralda prezidentligiň ikinji möhletini utmagy doly garaşylýan zat.

“Welaýatlaryň kandidatlary merkezden tassyklanyldy” diýip Ahal welaýatyndan bolan synçy aýtdy. “Ýasama kandidatlaryň ilki bilen wepalylygy barlanyldy we soňra olar häkimiýetler tarapyndan plýuralism täsirini döretmek üçin saýlanyldy" diýip ol belledi.

Haçan-da resmi işgär saýlaw spisogyndaky ses berijileriň atlaryny barlamak üçin geleninde, paýtagt Aşgabadyň bir ýaşaýjysy kimleriň kandidat bolup çykyş edýändigini sorapdyr. Ol ýaşaýjy resmi işgäriň “geň galmak bilen seredendigini we diňe bir kandidatyň bardygyny, onuňam Gurbanguly Berdimuhammedowdygyny” aýdanyny aýan etdi.

Kandidatlar “inisiatiw toparlar" tarapyndan hamana köpçülik üçin açyk bolan ýygnaklarda hödürlenýärler. Emma, haçan-da bir ýerli habarçy şeýle ýygnaklaryň birine gatnaşmak üçin baranynda ony içerik goýbermändirler.

"Kanunlarda saýlaw aç-açan bolmaly diýilsede, daşardan tanalmaýan adam içerik goýberilenok we ýygnak jaýy hem berk goralýar" diýip ol aýtdy.

Köpler üçin bu saýlawlar iň bolmanda prezidentiň özleri üçin geljekde näme etmegi planlaşdyrýandygyny eşitmek mümkinçiligi bolup durýär. Aşgabatly bir pensioner Berdimuhammedowyň sosial problemalar we kommunal hyzmatlar barada näme etjekdigini eşitmek isleýändigini aýtdy, emma bu zatlar döwlet tarapyndan dolandyrylýan gazetlerde hiç-hili beýan edilmedi. Onuň ýerine gazetler prezidenti ýene bir gezek prezidentlige dalaş etmek kararyna gelendigi bilen gutlaýan gutlaglardan dolduryldy.

Demirgazykdaky Balkan welaýatyndan bolan analitik ýerli ýaşaýjylaryň arasynda olaryň saýlawlar barada näme pikir edýändikleri bilmek üçin synag ses berişligini gurnapdyr. Köp adamlaryň häzirki syýasy sistemanyň adamlara saýlaw hukugyny bermän, özlerini çetleşdirýändigine göz ýetirýändiklerini ol anyklapdyr.

Aşgabatda 30 ýaşly bir adwokat başga ýurtlardan adamlara has giň saýlaw hukugynyň berilýändiginden belli bir derejede habarly.

"Men internet forumda Gyrgyzystanyň täze prezident saýlanyny okadym. Men ol barada öz kärdeşlerim bilen gürrüň etdim we biz ol ýerdäki saýlawlaryň bizdäkiden has gowydygyna göz ýetirdik" diýip ol aýtdy. "Ol ýerde adamlar ýalňyş kandidata ses bermekden gorkýanam däldirler.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

Elections
Frontline Updates
Support local journalists