Türkmen suw üpjünçiligini düýpli kämilleşdirmek gerek
Türkmen suw üpjünçiligini düýpli kämilleşdirmek gerek
Türkmenistanyň bäş million ilatyna içilýän suwy hemişe elýeterli etmek üçin, täze suw üpjünçilik setini we arassalaýyş zawodlaryny gurmagy maksat edinýän täze iş programmasy zerur diýip Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylary aýdýarlar. Olar şeýle-de ulanyşy çäklendirmek üçin peýdalanyjylardan suw üçin töleg almagy teklip edýärler.
Demirgazyk Türkmenistanyň welaýat merkezi Daşoguz şäherinde günde 150 000 kub metr agyz suwyny öndürýän suw arasslaýyş zawody maý aýynyň ortasynda açyldy. Ýaşulylaryň maslahaty bilen duşuşanynda prezident Gurbanguly Berdimuhammedow ýurduň hemme ilatly nokatlaryna suw üpjünçiligine güwä geçmek üçin umumy programmany teklip etdi.
Türkmenistanyň giňişleýin çöllük landşafty munuň hemişe suwdan ýetmezçilik çekýänini aňladýar. Amyderýadan gelýän kanallar bilen birlikde, suw Kaspi deňzinden suwy arassalaýan we duzyny aýyrýan desgalardan hem gelýär. Ýöne bu suw ýurduň zerurlyklaryna ýeterlik däl.
Üpjünçilik sistemasyny täzelemek zerur, gelýän suwuň hili köplenç gaty pes.
Bu ýagdaý ilatyň ýarysynyň ýaşaýan ýeri bolan oba ýerlerinde has-da agyr. Synçylar bu ýerlerde adamlaryň suwy köplenç açyk guýylardan, hem-de ölen jandarlaryň maslygy we zir-zibil bilen hapalanan suwaryş ýaplaryndan alyp içmeli bolýandyklaryny aýdýarlar.
“Bu suwda içege taýajygy bakteriýasynyň konsentrasiýasy, hem-de agyr metal önümleriniň, nebit önümleriniň we duzlaryň galyndylary bar” diýip bir ýerli ýaşaýjy aýtdy. “Bu adamlaryň saglygy üçin hakyky howp bolup durýar. Mysal üçin, bu suwa saçyňy ýuwmak mümkin däl, saç şol bada gataýar.”
Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondyna ýolbaşçylyk edýän Täjigül Begmedowa, onuň guramasy üçin ýerli doktorlaryň geçiren barlaglary “ilatyň köp bölegi, pes hilli suw tarapyndan döredilýän, böwrekde we siýdik ýolundaky daşlardan ejir çekýändigini” görkezýändigini aýdýar.
Hatda uly welaýat merkezleri bolan Türkmenabatda, Daşoguzda, Balkanabatda hem suw ilata bir sagatdan günde üç gezek berilýär. Ol ýerdäki adamlar özlerinde suw toplamak üçin ýörüte çelekleri gurnaýarlar.
Tomusda temperatura 40 gradusdan geçeninden soň we suw ýerleri suwarmaga gönükdirilenden soň bu problema hasda agyrlaşýar. Adamlar şeýlede suwy öz baglaryny we gök önüm eken ýerlerini suwarmak üçin hem ulanýarlar.
Geçen iýulda, Kaspi deňziniň port şäheri Türkmenbaşyda suw problemasy iki protest aksiýasyna getirdi. Olaryň birinde ýerli poçta edarasynyň ýanynda 100 töweregi adam protest ýygnanyşygyny gurady. Poçta işgärleri ýäşaýjylaryň ýerli suw üpjünçiligi problemalary baradaky habar berýän telegrammasyny prezident Berdimuhammedowa ibermekden ýüz döndüripdir. Ondan birnäçe gün soň, aýallaryň topary, içilýän suwuň üpjünçiligi barada çäre görülmegini talap edip şäher häkiminiň edarasyny bekläpdirler.
Hökümet häzir bu meseläni, oba ýerlerinde ýaşaýyş standartlaryny gowulandyrmak boýunça milli strategiýanyň bölegi hökmünde, halkara donorlaryň kömegi bilen çözmäge çalyşýar. Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylary howpsyz içimlik suwy üpjün etmek üçin ýörüte programmanyň zerurdygyny aýdýarlar.
“Lýuks otelleri we beýleki gerekmejek proýektleri guranyndan, häkimiýetler agyz suwy problemasyny çözüp bilerdiler” diýip ýerli metbugat synçysy aýtdy. “Bu ýerde maliýe ýetmezçiligi hiç ýok.”
Daşary ýurtda ýaşaýan türkmen ykdysady analitigi Annadurdy Hajyýew ýurda häzirki baryndan üç esse köp suw arassalaýyş desgalary zerur diýip çaklaýar. Ol häkimiýetler sarp ediş derejeleri barada statistiki maglumatlary toplasa, hem-de çüýşä gaplanan suwuň öndüriliş derejesini artdyrsa gowy boljakdygyny aýtdy.
Daşoguzly synçy üpjünçilige we sarp edişe hemmetaraplaýyn ýörelgäni ýola goýmaga çagyrýar. Ol metal turbalar plastiki turbalar bilen çalyşmagy, hem-de adamlar ulanýan suwy üçin töleg tölär ýaly öýlerde sçýotçikleri goýmagy teklip edýär.
Türkmenistanda suw hem edil gaz, elektrik togy we duz ýaly mugt berilýär.
“Adamlar suw üçin tölänoklar, şonuň üçin hiç-kim onuň gymmadyny bilenok” diýip synçy aýtdy.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.