Türkmen suw we ýer problemalary üns merkezinde

Türkmen suw we ýer problemalary üns merkezinde

Ýakynda geçiriljek konferensiýa köp bölegi gurak çöllerden durýan Türkmenistanyň hroniki suw ýetmezçiligine tehniki çözgütleri tapmaga üns berer.

Irrigasion sistemalar we güýçli duzlaşan ýerleri dikeltmek baradaky ylmy çäre paýtagt Aşgabatda 2-3-nji aprelde geçiriler.

Bu çäre barada gürrüň edip, ylyma we täze tehnologiýalara jogapkär wise-premýer Gurbanmyrat Mezilow onlarça ýurtdan alymlaryň gatnaşmaga geljekdigini aýtdy.

Ýerleriň duzlaşmagy Türkmenistanda esasy problema. Suw hojalygy ministrliginiň ylmy-barlag institutynyň maglumatyna görä, ähli ýerleriň üçden bir böleginden gowragy duzuň ýokary derejesiniň täsirinde we häzirki ýagdaýynda oba hojalygy üçin ulanmaga ýaramsyz.

“Bize ýeriň duzlaşmagyna garşy göreşmek üçin täze tehnologiýalar we ideýalar tizden-tiz gerek” diýip Lebap welaýatyndan bolan topragyň hilini gowulandyrmak boýunça ekspert aýtdy.

Onuň pikiriçe irrigasiýa setiniň gözgyny ýagdaýy duzuň ýerasty suwlarda saklanyp galmagynyň esasy sebäbi, hem-de ol seti dikeltmek we giňeltmek üçin işleri geçirmek gerek.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists