Türkmen uniwersitetlerinde tanyşlyk başarnykdan ýokary tutulýar.

Türkmen uniwersitetlerinde tanyşlyk başarnykdan ýokary tutulýar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň okuwa kabul edişlikde diňe ýaşlaryň okuw başarnyklaryna esaslanmak barada uniwersitetlere beren görkezmesine üns berilmedige meňzeýär. 

25-nji awgustda kabul ediş çäreleri tamamlanan badyna ýerli synçylar edil öňki ýylkylar ýaly täze studentleriň okuwa şahsy tanyşlyk we para bilen alnandygyny aýtdylar.

Şol aýyň başynda prezident ministrler kabinetiniň ýygnagynda ýokary okuw jaýlaryndaky ýerleriň jemgyýete goşant goşmaga potensialy bolan, iň ukyply ýaşlara berilmegini görmek isleýändigini aýtdy.

2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelenden bäri Berdimuhammedow bäş ýyllyk ýokary okuwy yzyna dikeltdi, täze ugurlary girizdi, hem-de okadyş standartlaryny ýokarlandyrmagyň zerurlygy barada gürrüň etdi. Mysal üçin bu ýyl okuwa alnan ýaşlaryň sany 5500 bolup, bu geçen ýylkydan ýokary. Bu Türkmenistanyň demirgazygyndaky Daşoguzda we günbatardaky Türkmenbaşyda açylan täze okuw jaýlary sebäpli hem artdy.

Emma, synçylar kabul ediş prosesiniň hemişeki ýaly kemçilikli we para esaslanandygyny aýdýarlar.

“Okuwa kabul edişlikler bilime, başarnyga ýa talanta esaslanan däl-de, diňe pula we zerur adamlary tanamaga esaslanan” diýip özüniň anonim galdyrylmagyny haýyş eden, Azady adyndaky Dünýä Dilleri Institutynyň mugallymy aýtdy.

Aşgabatdaky uniwersitetiň kiçi mugallymynyň aýtmagyna görä şu ýylky kabul edilmelileriň spisogy Baş Prokuratura we Milli Howpsyzlyk Ministrligi ýaly edaralaryň işgärleriniň garyndaşlaryny öz içine alypdyr.

Metbugat synçysy munuň bilen razylaşyp, onuň üstüni ýetirdi: “Ýokary wezipedäkileriň çagalaryna hemme ýerde ýaşyl yşyk görkezilen, bu-da köplenç paranyň tölenmegini aňladýar”.

Daşoguzdaky synçy bu ýyl korrupsiýanyň has-da giňelendigi, hem-de öňler sylanylýan okuw jaýlarynada ýaýrandygyny aýtdy.

“Türk mugallymlary gideninden we ýerli mugallymlar Halkara Türkmen-Türk Uniwersitetine işe alnanyndan soň, bu ýeride beýlekilere meňzedi” diýip synçy aýtdy. “Görüp otursak, Russiýanyň Gubkin adyndaky Nebit we Gaz institutynyň Aşgabatdaky bölüminde-de ýagdaý şeýle ekeni, sebäbi ekzamenler (Rus) mugallymlar tarapyndan däl-de, ýerli işgärler we nebit-gaz senagatynyň ýolbaşçylary tarapyndan alnypdyr.”

Okuwa isleg bildirýän ýaşlaryň ene-atalary korrupsiýanyň gaty endemikidigini, hem-de onuň iň mynasyp ýaşlary mümkinçilikden mahrum edýänini aýdýarlar.

“Meniň gyzym Wirjiniýada mekdepde okanda gaty gowy okady, ýöne ol Aşgabatdaky Dünýä Dilleri Institutynyň iňlis dili bölümine girmek islände ol ekzamenden ýykyldy” diýip gündogar Türkmenistandaky Lebap welaýatyndan bolan aýal aýtdy. Onuň pikiriçe onuň gyzy maşgalanyň zerur parany tölemäge mümkinçiligi bolmanlygy sebäpli okuwa alynmandyr.

 Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.


 

Turkmenistan
Education
Frontline Updates
Support local journalists