Türkmen ykdysadyýetini ösdürmek üçin täze adamlar gerek.

Türkmen ykdysadyýetini ösdürmek üçin täze adamlar gerek.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow ykdysadyýetiň nähili öňe gidip biljegi barada öz pikirleri bilen çykyş edýän wagty, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylary bu ugurda üstünlik gazanmagyň dolandyryjylaryň täze neslini işe almaga we olara işlemäge azatlyk bermäge bagly boljagyny aýdýarlar.

9-njy maýda döwlete degişli internet sahypasy Turkmenistan.gov.tm Türkmenistanyň ykdysady strategiýasy barada prezidentiň ýazan pikirlerini çap etdi. Ol bu makalasynda “post-industrial modele” esaslanan modernizasiýa programmasyna çagyrdy. Berdimuhammedow aýratyn ünsi işçi güýjüne gönükdürýär we başarnykly professionallaryň wajypdygyny aýdýar.

Özünden öňki Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň 2007-nji ýylda döwlet başyna geçeni bäri Berdimuhammedow birnäçe reformalary geçirdi. Olara parlamente meňzeş gurama bolan Halk Maslahatyny dargatmagy, mekdep okuwyny 10 ýyla we ýokary okuw jaýlaryny 5 ýyla getirmegi, Ylymlar Akademiýasyny gaýtadan dikeltmegi, internedi köpüräk elýeterli etmegi, hem-de has açykrak daşary syýasaty goşmak bolar.

Onuň tankytçylarynyň aýtmagyna görä, Berdimuhammedow awtoritar syýasatlar, berk ýokardan aşaga dolandyrylyş we ýerliksiz wezipelere belleýiş ýaly Nyýazow döwrüniň köp häsiýetlerini gorap saklaýar.

Dolandyryş stiliniň we menejment praktiklarynyň şeýle pes derejededigi prezidentiň ykdysady ösüş baradaky planlaryny puja çykaryp biler.

“Nyýazowyň dolandyryş düzgünleri entegem saklanyp galýar” diýip Bolgariýada ýerleşýän türkmen ykdysady analitigi Annadurdy Hajyýew aýtdy. “Ministrler kabinetiniň ýygnagynda şol bir sistematiki işden boşadylmalar dowam edýär. Ol ýerde ministrler mekdep okuwçylary ýaly dik durup prezidentiň belliklerini diňleýärler, depdere bellik edýärler we prezidentiň pikirine garşy çykmaga däl, onuň gözüne seretmägede het etmeýärler.”

Edil Nyýazow döwründe bolşy ýaly ministrler köpçüligiň öňünde masgaralanýar, uly we orta wezipedäki döwlet işgärleriniň tiz-tizden ýerleri çalyşyp durulýar, hem-de wezipeden gitmek şowhunly işden kowulmalara öwrülýär.

Taze wezipä bellemeler şahsyýetiň nä derejede ynamlydygynyň esasynda amala aşyrylýar.

Özüniň adynyň aýan edilmezligini soran bu zatlardan habarly bir adam şeýle diýdi: “Işe saýlananda, adamlaryň režime wepalylygy, ýokary işgärler we korrupsiýa bilen baglanyşygy, hatda nireden gelip çykyşy hem barlanylýar. Potensial spesialistiň ideologiki taýdan gabat gelmegi onuň professional başarnyklaryndan ýokary tutulýar. Daşary ýurt okuw jaýlaryny tamamlanlar işe almaga ýaramly däl hasaplanylýar.”

Hökümet üçin işlemekde uly tejribesi bolan başga bir kommentator bu ýerde bilim kwalifikasiýalaryny bahalandyrmaga hiç-hili mehanizmiň ýokdugyny, hem-de kandidatyň professional başarnyklary bilen işiň zerurlyklarynyň arasynda hiç-hili baglanyşygyň göz öňünde tutulmaýandygyny aýdýar.

“Bu zähmet biržasynyň hasabatlaryndan görnüp dur” diýip ol aýtdy. “Işe alýanlaryň talaplary iş gözleýänleriň bilimlerine düýpli gabat gelenok.”

Bu ýerde buhgalterleriň we menejerleriň sany has köp, ýöne şol bir wagtda korporatiw we munisipal menejment we logistika spesialistleri we programmistler ýetmezçilik edýär.

Ekspert işçi güyjüne bolan talaplary we onuň üpjünçiligine gözegçiligi ýola goýmagy, spesialistler işleýän ykdysadyyetiň ähli sektorlaryny öz içine alýan milli maglumatlar bazasyny döretmegi, hem-de hünäri ýokarlandyrmagyň täze sistemasyny esaslandyrmagy teklip edýär.

Ykdysadyýet we Ösüş Ministrliginden bolan işgär bu pikir bilen razylaşdy.

“Bizde öň Gosplan bardy” diýip ol Sowet hökümetiniň planlaşdyryş organyna salgylandy. “Olar haýsy ugurdan näçe adamyň gerekdigini bilýärdiler. Häzir bizde pes hünärli işgärler artykmaçlyk edýär, ýokary hünärli professionallar bolsa ýok.”

Mejlisiň edarasynyň işgäri prezident Berdimuhammedowyň ýaş işgärleri işe almaga we bar bolan işgärleriň hünärlerini artdyrmaga taýýardygyny belledi. “Ol hemişe işgärleri bir ýerden başga ýere geçirýär, ýöne olam hiç netije berenok” diýip ol işgär aýtdy.

Beýleki bir kommentator Berdimuhammedowyň bir eýýäm täze adamlary dolandyryşa işe çekmäge wagtynyň bolandygyny, ýöne muny onyň başarmandygyny aýdýar.

“Belki häkimiýetler täze pikirleriň, has başarnykly we açyk düşünjeli spesialistleriň gelmeginden gorkýandyrlar” diýip synçy aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.


Turkmenistan
Economy
Frontline Updates
Support local journalists