Türkmenistan: Häkimiýet doktorlaryň daşary ýurda gitmeginiň garşysyna göreşýär

Türkmenistan: Häkimiýet doktorlaryň daşary ýurda gitmeginiň garşysyna göreşýär

Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurda gazanja gidýän söwdegär medisina işgärlerini barlag astyna alýar. 

Daşary ýurtda ýerleşýän Türkmen adam hukuklary inisiatiwasynyň internet sahypasynyň sentýabryň ahyrynda habar bermegine görä, saglyk ulgamynyň ýolbaşçylary we howpsyzlyk gulluklarynyň ofiserleri daşary ýurda edilen syýahatyň subutnamasyny tapmak üçin doktorlaryň pasportlaryny gözden geçirdiler.

“Saglyk işgärleriniň köpüsi, öz esasy işinden daşary, haryt getirmäge daşary ýurtlara gatnaýarlar we biznesi ýola goýýarlar” diýip “Türkmenistanyň Hronikasy” habar berýär. “Işdeşler smenalaryny çalyşýarlar, biri haryda Hytaýa, Birleşen Arab Emiratlaryna, Russiya, Türkiýa, Eýrana ya-da Gazagystana gidende, beýlekisi iki işi birbada alyp barýar.”

Eger barlagçy doktoryň pasportynda wiza ýa-da serhet ştampyny tapsa, onda ol doktor diňe sypdyran smenalaryň tölegini däl-de, eýsem şol aýyň tutuş aýlygyny yzyna töleýär.

Türkmenistandaky analitigiň aýtmagyna görä, geçen ýyl hem şeýle barlaglar geçirlipdir, hem-de käbir doktorlar jezadan gaçmak üçin pasportlaryny ýörite “ýitiripdirler” ýa-da zaýalapdyrlar.

Paýtagt Aşgabatdaky synçynyň aýtmagyna görä, doktorlar ýerli bazarlarda satmak üçin haryt satyn almaga gidilýän seýrek syýahatlar bilen özleriniň pes girdejileriniň üstüni ýetirýärler. Olaryň aýlygy ýurt boýunça ortaça zähmet hakyndan sähel ýokary bolup, resmi alyş-çalyş kursuna görä aýda 200-230 amerikan dollaryna deň. Olar özleriniň zähmet rugsatlaryny hem söwda maksatlary üçin ulanýarlar.

“Köp zenan doktorlar ýurtdaky ýokary işsizlik sebäpli maşgalalaryny özleri eklemeli bolýarlar” diýip synçy aýdýar. “Olar daşary ýurda haryda gidende özleriniň baýdygy sebäpli däl-de, eýsem çagalaryny okatmak üçin, eklemek we egin-eşik bilen üpjün etmek üçin gidýärler.”

Doktorlar diş lukmany bolan prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň 2007-nji ýylda prezidentlige saýlanany we saglyk ulgamynyň reformalaryna başlaly bäri öz durmuşlarynyň has-da erbetleşenini aýdýarlar.

Täze hassahanalar gurmak üçin ýüzlerçe million dollaryň bölünip berlendigine seretmezden, olaryň aýtmagyna görä doktorlaryň aýlygy artdyrylmandyr we saglyk hyzmatlarynyň ýokary galan bahalary hassalaryň gelmegini azaldypdyr.

Häkimiýetler öz trapyndan diňe bir doktorlaryň ýeterlik bilimli däldigi üçin däl-de, eýsem olaryň öz iş ýerlerinde käwagt bolmaýandyklary üçin hem nägilelik bildirýärler.

Bu barlaglaryň geçirilmegini dogry hasaplaýan Aşgabatly bir ýurist doktorlaryň medisina etikasyny beýle sebäpler bilen bozmaly däldiklerini aýtdy.

Ol: “Zerur bir operasiýa etmek gerek bolan wagty doktoryň ýerinde bolmazlygyny göz öňüne getiriň” diýdi.

Adam hukuklaryny goraýjylar bolsa pasportlaryň barlanmagyny hereket azatlygynyň bozulmagy hökmünde göz öňüne getirýärler. Beýleki ugurlarda hem hökümet daşary ýurda çykmaga ýol berilmeýän adamlaryň gizlin gara spisogyny işletmegini dowam etdirýär, hem-de Türkmenistanyň içindäki syýahat hem ýörüte gulluklaryň gözegçiliginde saklanylýar.

Gündogarda ýerleşýän Lebap welaýatyndaky jemgyýetçilik toparynyň ýolbaşçysy bu barlaglar hökümediň ýerli doktorlaryň öz daşary ýurtly kärdeşlerine ýakynlaşmagyny islemeýändigini şöhlelendirýändir diýip çaklaýar. Olar saglyk seminarlaryna gatnaşmak üçin belkide söwda syýahatlaryny ulanýandyrlar diýlen pikiriň bolmagy mümkin.

Onuň ýatlamagyna görä, geçen ýyl Araçäksiz Doktorlar (Medecins Sans Frontieres) halkara guramasy Türkmenistandan çykanda, häkimiýetler köp doktorlary çagyryp olara hiç hili maglumaty aýan etmeli däldiklerini aýdypdyrlar. Bolmasa olaryň içalylykda aýyplanjakdyklaryny duýdurypdyrlar.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.


Turkmenistan
Health
Frontline Updates
Support local journalists