Türkmenistan: tölegli bilim Konstitusiýa bilen kepillendiriler.

Türkmenistan: tölegli bilim Konstitusiýa bilen kepillendiriler.

Wednesday, 30 July, 2008
Türkmen prezidenti tölegli esasda bilimiň almagyny konstitusion kadasy bilen kepillendirmegi amala aşyrmakçy.



Synçylaryä pikirlerine görä tölegli bilime giňişleýin rugsadyä berilmegi bilimli ulgamynda parahorlugyň legalizasiňasynyň bir görnýşi bolman bilimiň we bilim hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaly.



21-nji iýulda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow konstitusiýa boýunça iş toparyn üçünji maslahatynda çykyş edip bilim almaga ähli isleg bildirenlerin mümkin çiliklerini gineltmegi “şol sanda alternatiw, tölegli esasda” teklip etdi.



Türkmen baştutany bu sözlem bilen täze Konstitusiýasynyň taslamasyndaky bilime bolan hukugy hakyndaky maddany tölegli esasda bilim we terbiýeçilik edaralary döretmege mümkin çilikler bilen üpjün etmek ýçin goşmagy teklip etdi.



Ähli okuw jaýlar üçin bilim standartlary döwlet tarapyndan kesgitlener.



Türkmenistanda bilim özgertmeleri bir ýyl mundan ozal başlady, netijede orta mekdeplerde okuwyň möhleti on ýyla çenli uzadyldy, ýokary okuw jaýlarynda bäş-alty ýyla çenli. Ozal türkmen okuwçylary dokyz ýyllygy tamamlaýardylar, ýokary okuw jaýlaryň okuw maksatnamalary dört ýyllykdy.



Hereket edýän kanunçylyk her raýatyň mugt orta bilimi almagyny kepillendirip, ýokary okuw mekdepleriň býujet bölümlerine girmäge mümkin çilik berýär.



Ýurtda eýýam tölegli esasda hereket edýän bilim edaralary bar, ýöne Ýokary okuw jaýlaryň we mekdepleriň aglabasy okuw üçin töleg alanoklar.



Emma muna garamazdan türkmenistanlylaryň köpüsi üçin bilim almak mümkin çiligi para bermekligiň zerurlugy sebäpli el ýeterli däl diýip NBCA synçylary belleýärler.





“Parahorlyk ýokary we ýörite-orta bilim ulgamyny başdan aýak aldy, mysal üçin mugallymçylyk we medesina hünärmentlik mekdeplerinde bahalary 3-6 mün ABŞ-nyň dollary, ol hem seniň göni müdir bilen gürleşendigiňe ýa-da araçy bilen hereket edenligine bagly” diýip NBCA-nyň media synçysy aýdýär.



Uniwersitetlerde paralaryň derejesi has ýokary.



Ýerli gazetlaryň işgärleriniň biri ýagny ogulynyň ykdysady institutlarynyň birine salmak üçin on ýarym mün ABŞ-nyň dollaryny para hökmünde ýaňy-ýakynda berendigini gürrün berdi,



NBCA-nyň Aşgabatdaky çeşmeleriniň maglumatlaryna görä iň gymmat bölümleri Türkmen döwlet uniwersitetynyň hukuk bölümi we politehniki institutynyň nefgaz bölümi hemde medesina instituty bulara girmek üçin bahalary 30 mün dollara barabar.



Bilermenler şu wagtdaky parahorlygyň derejesinde ýokary okuw jaýlaryň we hünärmentlik mekdepleriň işgärleri resmi bahadan daşary hem resmi däl bahasyny talap ederler diýip howsala bolýärlar.



Aşgabatdaky NBCA-nyň synçysy soňky döwürde geljekdäki manadyň denominasiýasy bilen baglylykda paralaryň möçberi artýär, emma hökümet bilim edaralardaky parahorluga garşy hiç hili çäreleri amala aşyranoklar diýip belleýär.



“Girizmekden öň (tölegli bilim) parahorlyga garşy maksatnamany kabul etmeli,para berip öwrenen ilatyň içinde parahorlyga garşy wagyz işlerini geçirmeli, ýokary okuw jaýlaryndaky täjirçilik serişdeleriň hereketini gözegçilik edip başlamaly”



Bilimiň elýeterligini giňeltmek we okuw üçin tölegi girizmegi alada edinýän hökümete bilim maksatnamalaryň hili we häzir ýurdyň okary okuw jaýlarynda etmeýän ýokary hünärli mugallymlary taýýarlamak hakynda hem pikir etmegi zerur.



Emma Bolgariýadaky Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowa agzalan ähli şertlerde tölegli bilimi girizmek üçin 5-10 ýyl gerek bolar, diňe şondan soňra berk gözegçiligi amala aşyrylanda dünýä derejesinde bilimi wekilçilik etmäge ukyply täjirçilik ýokary okuw jaýlaryň we hünärmentlik mekdepleri emele gelmegine garaşmaly diýip aýtdy.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)



Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists