Türkmenistan we Özbegistan demokratiýa taýdan gaty pes derejede
Türkmenistan we Özbegistan demokratiýa taýdan gaty pes derejede
Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylary Özbegistany we Türkmenistany iň demokratiki däl ýurtlarynyň arasynda goýýan täze reýting bilen razylaşýarlar.
Ekonomist ("Economist") žurnalynyň barlaglar bölüminiň ýylyň soňunda çap edilen 2010-njy ýyl üçin demokratiýa indeksindeÖzbegistan we Türkmenistan iň aşakdan dördünji we üçünji ýerlerde goýuldy, hem-de 167 döwletden ybarat spisokda olardan aşakda diňe Çad we Demirgazyk Koreýa bar.
Demokratiýa indeksi saýlaw proseslerine, syýasy plýuralizme we gatnaşyga, hökümet dolandyryşyna we graždanlyk hukuklaryna seredýär.
Kagyz ýüzünde, Özbegistanyň we Türkmenistanyň ikisiniňem graždanlyk we syýasy hukuklara kepil geçýän, hem-de ýerine ýetiriji, kanun çykaryjy we sud häkimiýetleriniň garaşsyzlygyny göz öňünde tutýan konstitutsiýalary bar.
Bu iki Merkezi Aziýa döwletindäki kommentatorlar, edil demokratiýa indeksiniň görkezişi ýaly, bu ýurtlarda hakykat ýüzünde hiç-hili erkin metbugatyň ýokdugyny, oppozisiýa agzalarynyň, beýleki aktiwistleriň we žurnalistleriň yzyarlanýandygyny, gara spisoga goşulýandygyny we türmä basylýandygyny, hem-de türkmen we özbek prezidentleriniň çäklendirilmedik häkimiýetden peýdalanýandyklaryny aýdýarlar.
"Bizde öz graždanlaryny kemsidýän klassiki awtoritar režim bar” diýip türkmen paýtagty Aşgabatdaky metbugat synçysy aýtdy. "Adamlar erbet ýere düşmezlik üçin kellesini ýerden galdyryp bilenoklar. Adamlar hemme zatdan gorkýarlar we hemmeler biri-birini satýar."
Özbek paýtagty Daşkentdäki analitik Ronaş Dustowyň pikirine görä, ýönekeý azatlyklaryň hem bolmazlygy adamlarda apatiýa, birek-birege ynamsyzlyk, hem-de geljege umytsyz garamagy emele getirýär.
"Özbegistanda hiç-kim özüni hakykatdan azat duýanok" diýip ol aýtdy. "Özbegistanda diňe bir adam öz pikirini erkin aýdyp bilýär, galan adamlar ony diňlemeli we boýun egmeli. Hökümetiň işi bolsa, bu nämä dursada, ýolbaşçy tarapyndan bellenilen umumy ugurda hereket etmek bolup durýar."
Häzirki situasiýany beýle gara reňkde edip görkezýändiklerine seretmezden, käbir analitikler iki döwetde-de ýagdaýy gowulandyrmak üçin ujypsyzja mümkinçilikleri görýärler.
Bir kommentatoryň aýtmagyna görä, Türkmenistanda "Hakimiýetler internedi gadagan edip bilenoklar. Olar muny çäklendirýärler, ýöne doly gadagan edip bilenoklar. Bu bize demokratiki dünýä bolan penjiräni üpjün edýär."
Türkmenistanda ýagdaýyň birazyrak ýeňilleşýändigine bolan yşaratlaryň birisi Ýewropa Birleşigi tarapyndan goldanylýan adam hukukjlary proýektiniň işe başlamagydyr. Beýle zadyň başlanmagy mümkin däl zat hasaplanylýardy.
Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondyna ýolbaşçylyk edýän Täjigül Begmedowa özgerişleriň täze nesiller arkaly bolup geçjegine ynanýar.
“Daşary ýurtda okan we azatlykdan dem alan ýaş nesil ýetişip gelýär” diýip ol aýtdy. “Olar başgaça pikirlenýärler, hem-de olar hökümediň logiki däl esasda hereket etmegini kabul edip bilmeýarler we öz deňdeşleri bilen bu barada gürrüň edip başlaýarlar."
Begmedowanyň pikirine görä, eger häkimiýet reformalary çynlakaý etmekçi bolsa onda ol käbir anyk hereketleri hökman amala aşyrmaly bolar.
"Ilki bilen, köne [prezident Saparmyrat Nyýazow] režimini hökman tankytlamaly, syýasy tussaglary hökman reabilitirlemeli, hem-de ýurdy yzagalaklykdan halas etmek üçin ekspertleri işe çekmeli" diýip ol aýtdy. "Şol bir wagtda ýurda Gyzyl Hajyň (the Red Cross), Amnesti Interneşinalyň (Amnesty International) we Hýuman Raýts Wotçyň (Human Rights Watch) ekspertlerini hem getirilmeli."
Dustowyň aýtmagyna görä, Özbegistanda demokratizasiýanyň alamatlary haçan-da prezident Islam Karimow käwagt edişi ýaly diňe bir graždan jemgyýetini, syýasy partiýalary we metbugat azatlygyny goldamak barada gürrüň etmän, bu zatlary praktikada edip başlanda emele geler.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.