Türkmenistanda daşary ýurt metbugatyna garşy goşmaça çäklendirmeler

Türkmenistanda daşary ýurt metbugatyna garşy goşmaça çäklendirmeler

Продажа газет на рынке в Ашгабате. (Фото: IWPR)
Продажа газет на рынке в Ашгабате. (Фото: IWPR)

Daşary ýurt gazetleriniň getirilmegini saklaýan uzak wagtlap duran gadagan etmäni aýrany üçin iki ýyl mundan öň abraý gazanan Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow indi olaryň getirilmegini gaýtadan gadagan etdi. 

Berdimuhammedow awgustyň soňunda medeniýet işgärlerine Türkmenistanyň hemmä ýeterlik bolan gazetleri, žurnallary we kitaplary öndürýändigini aýtdy, hem-de daşardan getirilýän gazetleriň hiline nägilelik bildirdi.

Öz döwlet media serişdelerini yzygiderli senzuradan geçirilen, propogandadan doly we gyzykly informasiýadan mahrum bolan ýagdaýynda görýän Türkmenistanly okyjylar üçin aýratynam Russiýadan gelýän gazetler informasiýanyň az sanly çeşmenleriniň biri bolup durýar.

Haçan-da 2007-nji ýylda häkimiýet başyna gelende Berdimuhammedow özünden öňki Saparmyrat Niýazowyň daşary ýurt metbugatyny satmagy gadagan etmek kararyny ýatyrdy, hem-de hatda adamlara Russiýanyň gazetlerine abuna ýazylmaga hem rugsat berdi.

Emma bu liberalizasiýa çäresi hiç wagt amala aşyrylman galdy we şol sebäpli bu ugurdaky syýasatda soňky yza öwrüliş uly täsir etmedi. Ýöne köp okyjylar munuň informasiýa elýeterliliginde goşmaça çäklendirmelere getirer diýip howatarlanýarlar.

Esasan Russiýadan, ýöne kähalatlarda goňşy Özbegistandan gazetler we žurnallar ýurda bikanun getirilýär we ýerli bazarlarda satylýar. Olar Moskwanyň sylanýan gazetlerinden başlap, moda we nahar bişirmek baradaky žurnallara çenli dürli metbugaty öz içine alýar.

“Söwdagärler gazetleri we žurnallary Moskwada tapmaly, olary ýurda getirmeli we aeroportda para tölemeli bolýarlar” diýip bir söwdagär aýtdy. “Bu agyr iş ýöne biznesmenler çykalga tapýarlar, sebäbi adamlar informasiýa ýetmezçiligi sebäpli islendik bir zady satyn almaga taýyn.”

Söwdagärleriň aýtmagyna görä gazetleri import etmäge we satmaga goýulýan çäklendirme köplenç olaryň tölejek parasynyň möçberi bilen çözülýär.

Mysal üçin türkmen häkimiýetleri geçen aýlarda gazetleriň importyna garşy çykmaga çalyşdylar. Olar belki adamlaryň günorta Gyrgyzstandaky iýunda bolup geçen etniki çaknyşyklar barada köp okamagynyň öňüni almak isländirler.

“Şol wagtda üpjünçilik peseldi we berilýän paranyň möçberi artdyryldy” diýip ýerli biznesmen aýtdy. “Üpjün edýänler diňe bir gümrükhana işgärlerine däl, özleriniň import we söwda lisenziýalaryny almaly ýerleri bolan poçta edaralaryndaky işgärlere hem para bermeli.”

Biznesmeniň aýtmagyna görä, ol we onuň kärdeşleri bileleşip, ulurak paralary tölemek üçin serişdeleri toplap başlapdyrlar.

Ol bu soňky gadagan etmek çäresi resmi işgärleriň has-da uly para talap etmegine getirer diýip howatyrlanýar. Bu bolsa bazarlardaky rus gazetleriniň eýýäm ýokary bolan satuw bahasynyň ýene ýokarlanmagyna getirer.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.


 

Media
Frontline Updates
Support local journalists