Türkmenistanda plýuralism barada gürrüň artýar

Türkmenistanda plýuralism barada gürrüň artýar

Voting in the 2008 parliamentary election. (Photo: IWPR)
Voting in the 2008 parliamentary election. (Photo: IWPR)

 

Eýýäm netijesi doly düşnükli hasap edilýän prezidentlik saýlawlaryndan bir aý öň, Türkmenistanyň lideri Gurbanguly Berdimuhammedow kagyz ýüzünde täze partiýalaryň ýüze çykmagynaýol berjek kanuna gol çekdi.

12-nji fewraldaky saýlawy utjagy gürrüňsiz hasap edilýän Berdimuhammedow mundan bir ýyl ozal kop-partiýaly parlament ideýasyny ilkinji gezek aýan edipdi. Ol bu baradaky kanuna ahyrsoňy 12-nji ýanwarda gol goýdy.

Häzirki wagtda, Türkmenistanyň Demokratiki Partiýasy – 1991-nji ýylda ýurt garaşsyz bolanyndan soň ady üýtgedilen öňki Kommunist Partiýasy – ýurtdaky ýeke-täk syýasy partiýa bolup durýar. Oňa prezident ýolbaşçylyk edýär we uly wezipeli döwlet işgärleri onuň agzalary.

Berdimuhammedowyň 2011-nji ýylyň fewralyndaky çykyşynda, täze partiýalaryň oppozision garaýyşlaraeýgermeginiň mümkindigi we şonda-da olara kanuny registrasiýa beriljekdigi baradaky kommentariýalary käbir ynamsyz optimizmi döredipdi. Bir aýal maşgalanyň aýdyşy ýaly, bu mesele gyzgalaňly, ýöne diňe özara edilýän,gürrüňleriň temasy. Hatda režimiň kritikleri hem üýtgeşmeleriň kiçi we kem-kemden ädilýän ädimler bilen geljegine ynanyp başladylar.

Köp adamlar häkimiýetleriň daýhanlara we aýallara wekilçilik edýän, gyzyklanmalara esaslanan partiýalaryň döredilmegine ýol berjegine ynandylar.

“Haýsydyr bir sebäbe görä, bu başa barmady” diýip biraýalmaşgalaaýtdy.

Paýtagt Aşgabatdaky sosial meseleler boýunça ekspert, özüniň köp adamlardan, repressiýalardan gorkýandyklaryna garamazdan, syýasy hereketleri esaslandyrmak isleýänini eşidenini aýtdy.

Eger-de häkimiýetler partiýalaryň ýüze çykmagyna ýol beren bolsalar, onda munuň ýetip gelýän saýlawlara has çynlakaý seredilmekmümkinçiligini döredip biljekdigini ol aýtdy. “Üýtgeşiklikden gaçyp gutulma ýok” diýip ol sözüniň üstüni ýetirdi.

2011-nji ýylyň iýunynda kabul edilenprezidentlik saýlawlary baradaky häzirki kanun syýasy partiýalara kandidatlary nominirlemäge (öňe sürmäge) ýol berýär. Bu gezek eýýäm munuň wagty geçdi, hem-de Berdimuhammedowyň garşysyna çykan 14 kandidat ägälik bilen gurnalan saýlaw prosesinde ýörite saýlanyldy.

2011-nji ýylyň iýulynda Berdimuhammedow hatda daşary ýurtlardaky, häzirki oppozisiýa wekillerini, ýurda gelipsaýlawlara gatnaşmaga hem çagyrdy.

Nurmuhammet Hanamow, Awstriýada ýerleşýän Türkmenistanyň Respublikan partiýasynyň ýolbaşçysy,hatda kandidatlary öňe sürmägede çalyşdy, ýöne bu netijesiz bolup çykdy. (Goşmaça maglumat üçin: Türkmenistanyň bir adamlyk saýlawy.)

Kynçylyklara seretmezden, Hanamov şeýle diýdi: “Ýurduň içindäki biziň partiýamyzy goldaýanlar käbir zatlary etmäge çalyşýarlar, hem-de režimiň basyşlaryna seretmezden, başgalaram partiýalary esaslandyrmaga we hasaba aldyrmaga synanyşýarlar.”

Täjigul Begmedowa, Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondynyň ýolbaşçysy, häkimiýetleriň bir-partiýa dolandyryşyndan daşlaşmaga haýsam bolsa bir isleginiň bardygyna şübhelenýändigini aýtdy.

“Bu täze kanuny hiç-kim ýerine ýetirmez” diýip Begmedowa aýtdy. “Bu ýerde köp-partiýalylyk barada kanunyň ýokdugy tankyt edilenden soň, Aşgabat bu kanuny kabul etmek bilen, özüniň erbetliklerinden bir öňat zat görkezmäge çalyşýar.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.netadresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

Elections
Frontline Updates
Support local journalists