Türkmenistanda ýetginjek düzgün bozujylara çäre görlüşi

Türkmenistanda ýetginjek düzgün bozujylara çäre görlüşi

Türkmenistanda ýetginjekler barada adalat sistemasyny gowulandyrmak baradaky gürrüňlere seretmezden, kanunyň we onuň ýerine ýetirilişiniň gaty rehimsiz jeza berýän ýagdaýda galýandygyny aktiwistler aýdýarlar. 

Ýetginjekleriň jenaýatlary boýunça kanunçylygyň halkara standartlary, hem-de ýaş jenaýatçylar we olaryň maşgalalary bilen işlemek barada seminar türkmen paýtagty Aşgabatda 21-nji awgustda geçirildi. Şeýle çäre Mary şäherinde-de mundan birnäçe gün öň geçirildi.

Döwlet gullukçylaryna niýetlenen bu seminarlar Birleşen Milletler Guramasynyň çagalar fondy UNICEF we Türkmenistanyň Adam Hukuklary we Demokratiýa baradaky Milli Instituty tarapyndan gurnaldy. Beýik Britaniýadan bolan kanunçylyk ekspertleri muňa gatnaşdylar.

Türkmenistan Çaganyň Hukuklary boýunça BMG konwensiýasyny ratifisirledi, hem-de 2002-nji ýylda çagalaryň hukuklaryny kepillendirýän içerki kanuny kabul etdi. Ýurt şeýle-de çaga saglygy we gowy ýaşamagy barada UNICEF bilen işleşmäge bäş ýyllyk plana gol çekişdi.

Kommentatorlar eger praktikada ýerine ýetirilmese gowy kanunlaryň hiç zat aňlatmaýandygyny aýdýrlar.

“Ýetginjekler üçin aýratyn ýuridiki sistemany döretmek mümkin bolar” diýip Aşgabatdaky ýerli sudyň (kazyýetiň) bir sudýasy aýtdy. “Ýöne bu näme tapawut eder? Konstitusiýada çagany goramak barada, praktikada hiç wagt ýerine ýetirilmeýän birnäçe bellikler bar.”

Sudýa çagalara söz we ynanç azatlygynyň berilmegi baradaky kanuny kepilliklere salgylandy. “Bu zatlar hatda ulular üçin hem berilmeýän Türkmenistanda beýle zat mümkinmi?” diýip ol sorady.

Paýtagtdaky ýene bir etrap sudýasy ýaş adamlar üçin aýratyn ýuridiki sistema Türkmenistan üçin, munuň medeniýeti we däp-dessurlary sebäpli, ýerliksiz bolar diýip jedelleşdi.

“Türkmen maşgalalarynda çaganyň öz atasyna gulak asmagy düzgün” diýip ol aýtdy. “Biz olara sesimizi gataltmaga we olara temmi bermäge öwrenişen. Ýetginjekler üçin ýuridiki sistema bolsa çagalara öz ene-atalarynyň garşysyna polisiýa arz etmäge ýol berer.”

Adam hukuklary aktiwistleri beýle garaýyşlar bilen hiç razylaşanoklar, hem-de ýetginjekler ýurudiki sistemasynyň gowurak standartlaryny girizmek sudlary ýaş düzgün bozujylara has adalatly çemeleşmäge borçly etjegini aýdýarlar.

Aşgabatly adam hukuklary aktiwisti 90-njy ýyllarda seredilen işleri ýatlady we suduň çagalaryň birnäçesiniň alma ogurlany üçin 3 ýyl, sübse ogurlany üçin 4 ýyl iş kesenini, hem-de oglanjyk öweý ene-atasynyň zynjyrlap goýan ýerinden gaçyp gideninden soň fermadan iýmit ogurlany üçin oňa 7 ýyl iş kesilendigini aýtdy.

Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondynyň ýolbaşçysy Täjigül Begmedowa ýuridiki sistema entek reformalara taýýar däldir diýip gorkýar.

“Ýuridiki sistema aç-açan däl we köne ýollara laýklykda işleýär” diýip Begmedowa aýtdy. “Sudýalar ýetginjekler bilen iş şalyşanda bu düzediş çäresi hökmünde däl-de jeza hökmünde amala aşyrylýar.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.


Turkmenistan
Children
Frontline Updates
Support local journalists