Türkmenistanyň bir adamlyk saýlawy

Türkmenistanyň bir adamlyk saýlawy

Türkmenistanda 2012-nji ýylyň fewralynda geçjek prezidentlik saýlawlary üçin kandidatlary hödürlemek başlandy, ýöne bu 'bäsleşigi' gözboýagçylykdan artyk zat diýip hasaplaýan az.

Kandidatlary formal taýdan hasaba almak 30-njy dekabrda başlanar. Şu wagta çenli 4 kandidat öňe sürüldi. Olaryň ikisi hökümet işgärleri, biri hem suw hojalyk ýolbaşçysy. Dördünji kandidat bolsa häzirki prezident Gurbanguly Berdimuhammedow.

Berdimuhammedow oppozisiýany daşary ýurtdan yzyna gelip saýlawlara gatnaşmaga çagyrdy, emma tussag edilmek we türmä basylmak gorkusy sebäpli yzyna dolanyp geljek adam köp bolmaz.

Geň bolsada, bir oppozisiýa lideri bu çakylygy ulanmaga çalyşdy. Nurmuhammet Hanamow, Wenada ýerleşýän Türkmenistanyň Respublikan partiýasynyň ýolbaşçysy, ýurda dolanyp gelmäge we saýlawa kandidat hökmünde gatnaşmaga rugsat sorap arza berdi.

“Bize hatymyzy alandyklaryny we oňa seretjekdiklerini aýtdylar, ýöne bize entek jogap berenoklar” diýip Hanamov Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingine aýtdy.

Hanamov ýaly emigrantlara Türkmenistana gelmek üçin aýratyn wiza almak gerek.

Niderlandlarda ýerleşýän Türkmen Graždan Demokratiki Soýuzynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mamedowyň aýtmagyna görä häkimiýetleriň oppozisiýa agzalaryna ýurda gelmäge ýol bermegine hiç-hili umyt ýok.

“Oppozisiýa kandidaty kandidatlyga hödürlenibem, hasaba alnybam bilmez” diýip Mamedow saýlawlar barada öz pikirini aýtdy we saýlawa gatnaşmaga saýlanan kandidatlaryň hemmesiniň saýlawy hakyky bäsleşik edip görkezmek üçin ýörite saýlanjakdygyny belledi.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

Elections
Frontline Updates
Support local journalists