Türkmenistanyň internet gorkusy
Türkmenistanyň internet gorkusy
Türkmenistanda internet ulanyjylaryň uly ýangyn baradaky täzeligi ilkinjiler bolup ýaýradanlaryndan soň, muňa ýurduň polisiýasy we gizlin gulluklary habary ýaýratmaga het edenleri tapmaga synanyşyk etmek bilen jogap berdiler.
Paýtagt Aşgabadyň golaýynda ýerleşýän Abadan şäherindäki ýarag saklanylýan sklad 7-nji iýulda ýaryldy we şäheriň içinde uly ýangyn döretdi. Häkimiýetler ilaty ewakuasiýa etmäge mejbur boldular. Hökümet kontrollygyndaky metbugat serişdeleri bu waka göz ýumdular. Emma mobil telefon ulanyjylar we bloggerler öz düşüren suratlaryny we goşmaça maglumatlary daşary ýurtlardaky dürli media çeşmelerine we internet sahypalaryna ibermegi başardylar. (Goşmaça maglumatlar üçin: Internet ulanyjylar Türkmenistandaky partlamalar barada habar bermegi başardylar.) Diňe şondan soň döwlet media serişdeleri partlama barada bölekleýin maglumat bermäge mejbur boldular.
Birnäçe günden soň, Milli Howpsyzlyk Ministrligi (MNB) we Içeri Işler Ministrligi bu informasiýa akymynyň arkasynda duranlary yzarlap başlady.
Polisiýa ofiseriniň aýtmagyna görä, milli aragatnaşyk kompaniýasy Altyn Asyra baglanan mobil telefony we internet baglanyşygy bolan her bir adam barlanylypdyr.
“[Moskwada ýerleşýän] “Eho Moskwy” radio stansiýasyna maglumat beren Serdar Aýakow diýen adam, hem-de wakany öz mobil telefonynda wideo düşüren ähli adamlar gözlenip başlandy” diýip polisiýa işgäri aýtdy.
Bu howplardan habarly bolan Abadanyň ýaşaýjylary özlerine zyýan getirip biljek islendik maglumaty öz telefonlaryndan ýok etmäge başladylar.
Iki sany ýetginjek ýaşly çagasy bolan Seýitnazar graždan eşikli ofiserleriň öz goňşularyna gelendigini we her bir öýde ýaşlaryň telefonlaryny we kameralaryny konfiskasiýa edendiklerini aýtdy.
Ol enjamlarda bar bolan şekilleriň internetde çap edilen şekillere gabat geläýse näme boljagyny alada edip öz goňşularynyň indi gorkuda oturandygyny aýdyp, ol şeýle diýdi: “Eger olaryň gorkulary hakykat bolup çykaýsa, bu ýaşlary türmä basarlar we olaryň ene-atalarynyň hem işlerinde problemalar dörär”.
Ýangyn baradaky habarlary we onuň suratlaryny öz blogynda çap eden, Azatlyk radiosynyň türkmen gullugynyň ştatdan daşary žurnalisti Döwletmyrat Ýazgulyýew bir hepdeden soň guramaçylykly jenaýat günäkärlemeleri bilen ýerli polisiýa çagyryldy.
“Maňa resmi duýduryş berdiler we ýene-de şeýle iş edäýsem meni jenaýat kodeksiniň 132 we 177 maddalary boýunça - “habar beriş serişdelerinde töhmetçilikli habarlary ýaýratmak” we “sosial, dini, milli öjükdirme” boýunça – günäker etjekdiklerini we bäş ýyl türme tussaglygyna ugratjakdyklaryny aytdylar” diýip Ýazgulyýew Azatlyk radiosyna beren interwýusynda aýtdy.
Bu çärelere seretmezden, Aşgabatly kommentatoryň aýtmagyna görä, adamlar Abadanky graždan žurnalizminiň anyk täsirlerinden hyjuwlanan ýaly bolup göründiler.
“Adamlar indi internet sebäpli özleriniň hiç zatdan gorkmaýandyklaryny aýdýarlar” diýip ol aýtdy. “Eger-de internet ulanyjylajyň batyr topary bu işi etmedik bolsa, häkimiýetler partlamanyň yzyny düzetmek üçin beýle çalt hereket etmezdiler. Internet sebäpli olar bu tragediýany gizläp bilmediler.”
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.