Türkmenistanyň raýatlary suda bermegi öwrenýärler
Türkmenistanyň raýatlary suda bermegi öwrenýärler
Öz içinde berk kontrollyk sebäpli adam hukuklaryna garşy köpsanly çäklendirmeleriň bardygyna seretmezden, Türkmenistanda ilata öz hyzmatlaryny hödürleýän kanunçylyk firmalary tiz ösýän ugurlaryň biridir.
Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedowyň 2007-nji ýylda döwlet başyna geçmeginden bir ýyl töweregi soň ol kanuny maslahat beriş merkezleriniň açylmagyna isleg bildirdi. Hazirki wagtda paýtagt Aşgabatda 4 merkez we ýurduň beýleki böleklerinde hem 6 sany merkez hereket edýär, ýöne olaryň sany 5 million ilatly döwlet üçin entegem az. Kanunçylyk maslahatlary bölümleri şeýle-de döwlet edaralarynyň we käbir beýleki guramalaryň içinde hem hereket edýär, emma olaryň hemmesiniň öz müsderilerine sudda wekilçilik etmäge hukugy ýok.
Özüniň 2-nji noýabrdaky çykyşynda Berdimuhammedow kanuny goldawyň has elýeterli bolmagynyň zerurdygyny belledi.
Analitikleriň aýtmagyna görä bu hyzmatlara bolan talap şeýle ýokary we prezidentiň ol hyzmatlary üpjün etmäge çagyrmagy ýerlikli zat.
Iki sany kanuny maslahat beriş merkezine baryp gören bir ýerli synçy olaryň kömek isläp gelen adamlardan dolydygyny aýtdy. Munuň dawalaryň belli bir görnüşlerini çözmek üçin kanuna bolan ynamyň gaýtadan döreýändigini aňlatmagy mümkin.
Aşgabatly adwokat muny tassyklap şeýle diýdi: “Ýaşaýyş jaýlarynyň [döwlet tarapyndan buýrulan] ýumrulmagy we jaý emläk ýagdaýynyň nädogry hasaba alynmagy boýunça kanuny masahat gözleýän adamlaryň sany kem-kemden artýar.”
Ýakynda bu maslahatdan peýdalanan bir pensioner munuň özünde pozitiw täsir galdyrandygyny aýtdy.
“Biziň daş-töweregimizde adalatsyzlyk höküm sürýän wagty munuň [kanuny kömegiň] elýeterli bolmagy gaty wajyp” diýip ol aýal aýtdy. “Olar meniň mellegimi elimden aljak boldular, onsoň men adwokata ýüz tutdym hem ol maňa näme etmelidigimi we kime ýazmalydygymy aýtdy. Men öz ýerimi yzyna almagy başardym”.
Türkmenistanyň gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň işgäri ýaş oglany ýerliksiz işden kowanlarynda oňa adwokatlaryň nähili kömek edendigini mysal getirdi. Oňä dogry maslahat berlendigi üçin ol yzly-yzyna 6 sany sud prosesini ýeňmegi başarypdyr we ony gaýtadan işe alypdyrlar.
“Kanuna bolan ähliumumy asgermezlik sebäpli, [bu hyzmatlaryň] adamlar üçin elýeterli bolmagy gaty wajyp zat” diýip ol aýtdy.
Port şäheri bolan Türkmenbaşynyň ýaşaýjysy adamlaryň, eger-de olar dogry maslahat bilen üpjün edilse köplenç aýlyklar, ýaşaýyş jaýlary we hyzmatlar baradaky şikaýatlarynda ýeňiş gazanýandyklaryny aýtdy.
“Adamlar kimdir-biriniň ýerlikli maslahat alanyndan soň sud prosesini ýeňendigini ýa-da kanuny talaplar bilen çykyş edip bilýändigini eşidýärler, hem-de olaryň nusgasyna eýerýärler” diýip ol aýtdy.
Emma, kanuna bil baglamagyňam öz çäkleri bar, hem-de käbir meseleler onuň çaginden daşda bolup galýar.
“Mysal üçin, eger kimdir-biri informasiýa bolan çäklendirmeler barada ýa bilime bolan hukugyň berilmeýändigi barada şikaýat etmäge çalyşsa, olar derrew türmä ugradylar” diýip döwlete degişli däl guramanyň Aşgabatly aktiwisti aýtdy. Ol iýul aýyndaky pajygaly partlamalar baradaky maglumaty ýaýratmak üçin internedi ulanan Abadanly ýaşaýjylary yzyrlamak üçin döwletiň eden işleri barada kanuny maslahat soran bir adamyň meselesini ýatlatdy. Bu ugurda adalatlylyk gözlemegiň onuň üçin erbet ýagdaý bilen gutarjakdygyny adwokat oňa göni aýdypdyr.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.