Türkmenistanyň ýörite gulluklary Internete gözegçiligi has berkitdiler.

Türkmenistanyň ýörite gulluklary Internete gözegçiligi has berkitdiler.

NBCA-yň synçylarynyň aýtmaklaryna görä, Turkmen häkimiýetleriniň Internetiň ilata elýeterli bolmagy dogrusyndaky beren wadalaryna garamazdan, hakimiýetler oppozisiýa we daşary ýurtlaryň habar serişdelerine degişli saýtlary baglamak maksady bilen, çaklendirme praktikasyny dowam etdirýärler.



Şu ýylyň aprel aýynda Internetiň käbir saýtlarynyň Türkmenistanda elýeterli däldigii barada maglumatlar gowuşyp başlady. Häkimiýetler tarapyndan blokirlenen meşhur bolan saýtlaryň hataryna Centrasia.ru, Nemes tolkyny, Azatlyk radiosy, oppozisiya degişli Gündogar, Watan, Turkmenskaja Iskra, Chrono-tm ýaly saýtlar girýärler.



“Biz hazir maglumat ýetmezçiliginden ejir çekýaris” diýip, Aşgabatly bir synçy aýdýar.



2007-nji ýylda, häkimiýet başyna gelen halatynda Gurbanguly Berdimuhammedov Internetiň türkmenistanlylar üçin erkin ve elýeterli boljakdygyny wada beripdi.



Şonda ýurtda 10-a golaý Internet kafesi açylypdy. Emma ol Internet kafelere baran adamlaryň dokumentleriniň talap edilmegi ve üstesine-de bahasynyň aşa gymmat bolmagy sebäbden, bu kafelere köp adam barmaýar.



1-njy maydan başlap, Internetden peýdalanmagyň bir sagadynyň bahasynyň 60 müň manatdan 30 müň manada düşürilmegi, ilaty biraz köşeşdirdi.



Şeýle-de Türkmenistanda Internetden peydalanýan adamlaryň sany barada anyk maglumat berilmeýär.



Türkmenistanda Internet hyzmatlaryny hödürleýän ýeke-täk provaýder bolan Türkmentelekomyň bir işkäriniň aýtmagyna göra, Interneti öýüne çatdyrmak isleýän adamlaryň sany barha ösýar, soňky bir ýarym aýyň içinde 2 müňe golaý adamyň bu barada arza berendigini aÿdyp, emma hemme kişiniň arzasyna aýratynlykda garalýabdygyny hem ol duÿdurdy.



14-nji aprelde, ýurduň Prezidenti Türkmentelekomyň işini ýiti taňkytlap, Internetiň hiliniň pesdigini, tizliginyň gaty haýaldygyny aytdy. Şeýle-de ol hazirki döwürde gurulýan hemme binalary multimediýalyk tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylyp, hatda çagalar bagynda hem Internetiň elýeterli bolmagyny talap edipdi.



Türkmenistanyň ýerli synçylarynyň aýtmaklaryna görä, prezidentiň şol çykyşyndan soňra, Internetiň hili has hem ýaramazlaşypdyr.



“Jemgyýetçilik guramalaryň resurs merkezlerinde Interneti ulanyjylar, diňe onuň hiliniň pesdiginden, tizliginyň haýallygyndan däl, eýsem öz ýazan hatlarynyň yok bolýandygyndan, ýönekeÿ saýtlaryň hem açylmaýandygyndan zeýrenyarler,” diýip, ýerli grazdan aktivistleriniň biri gürrüň berýar.



“Men öň Internet bilen enjamlaşdyrylan resurs merkezlerine baryp, beýleki ýurtlarda ýaşlaryň näme bilen meşgullanýandyklary barada 5-10 minut internete girip okaýardym. Ýöne indi ol hem mümkün däl. Men-ä näme etçegimi bilmeýärin.” diýip, 10-njy klasyň bir okuvçysy lapykeçlik bilen aýtdy.



Synçylaryň pikirlerine göra, hakimietleriň Internete gözegçiligi berkitmegi tötänden däl.



Daşoguz welaýatyndan bir synçynyň pikirine görä, ýurduň prezidenti bilen ýörite gulluklaryň arasynda gapma - garşylyk duýulýar. Ýurdyň ýörite gulluklary prezidentiň aýdanlaryny açyk sabotaž edýärler, ýagny öz gizlin hereketleri bilen Prezidentiň görkezmeleriniň erine etirilmegine päsgelçilik döredýarler.



“Türkmenistanda pozitiv özgerişkleriň bardygyna garamazdan, täze Prezidentyň özüni ve onuň alyp barýan siýsatyny taňkytlaýanlar az däl. Bu bolsa guýç strukturalarynyň işkärleriniň göwnine ýaramaýar”.



Bu synçynyň aýdyanlary bilen beýleki komentator hem ylalaşýar.



Onuň çaklamalaryna göra, ýokary derejeli çinovniklaryň biri, Prezidente ýaranjak bolup, ýurtdan çykýan maglumat çeşmelerini ýapyp, daşary yurt habar serişdeleri bilen hyzmatdaşlyk edýan adamlary äşgär etmäge çalyşýarlar.



Türkmenistanyň milli höwupsyzlyk gullugynyň welaýat böluminde işleýan bir çeşme, Internetden peýdalanýanlara hakykatdan hem çäklendirmeleriň girizilýandigini aýdyp, Interneti ulanýanlaryň hemmesiniň gözegçilik astynda saklanýandygyny, Internet arkaly gelýan ve gidýan hemme maglumatyň elekden geçirilýandigini tassyklady.



“Milli howupsyzlyk gulluklarynyň ýorite işgärleri, IT programmalar arkaly hemme maglumaty okap, Internetden peýdalanýanlaryň hemmesini gözegçilik astynda saklaýarlar.”



Sputnik arkaly, Internete bikanun girip bilýän hususy prowaýderleriň biri häkimiýetleriň hemme anonim proksi serverleri hem ýapandyklaryny aýdyp, modem ve sputnik arkaly bolan Internet baglanyşygyndan peýdalanmagyň hem kynlaşdyrylandygyny mälim etdi.



Şeýle Interneti enjamlaşdyrmak üçin 300-den 500 dollara çenli pul tölemeli bolýandygyna garamazdan, Internetiň bu görnüşi Türkmenistanlylaryň gurply böleginde gaty meşhurdyr.



“Indi çalt Internet baglanşygyny talap edýan biznes bilen meşhuldanyan ka bir adamlar, öz telekeçiligini ýapmaly bolýarlar. Meniň müşderilerim başagaý, näme etjeklerini bilmeýarlar,” - diýip hususy prowaýderiň eýesi gurruň berdi.



Ýatlap geçsek, 2008-nji ýylyň mart aýynda, “Serhetsiz reporterler” guramasy, Türkmenistany Internete garşy bolan 15 ýurduň hataryna goşdy.





(NBCA – IWPR tarapyndan Merkezi Aziýa döwletleri boýunça täzeliklere we kommentariý takyklamalara ähli region boýunça synçylaryň giňden gatnaşmagynda syn etmek üçin köp dilli gulluk döretmek maksady bilen döredilen taslama. Taslama 2006-njy ýylyň awgust aýyndan başlap, 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli regionyň bäş döwletinde dowam etdi. Täzeden maliýeleşdirmegi bilen gulluk Özbegystanda we Türkmenistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegini dowam edýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists