Ýapyk Türkmenistanda elektron hökümet planlary başa barmaz
Ýapyk Türkmenistanda elektron hökümet planlary başa barmaz
Türkmenistanyň hökümedi döwlet edaralarynyň kommunikasiýasyny gowulandyrmak üçin elektron hökümedi öňe sürmek planyny aýan etdi. Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň (NBCA) synçylarynyň aýtmagyna görä, tehnologiýa barada aýtmazdan, ilki bilen häkimiýetlere öz adamlaryna imformasiýany erkin elýeterli etmek islegi ýetmezçilik edýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow aprel aýynyň soňunda döwlet dolandyryşy üçin bitewi kompýuter we kommunikasiýa sistemasyny döretmek barada görkezme berdi. Hökümedi beýleki döwlet edaralary bilen erkin habarlaşdyrmak üçin täze optiki süýüm kabelleri ornaşdyrylar.
Berdimuhammedow 2007-nji ýylda ýurt başyna geçeninden bäri, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak onuň köpçülik öňündäki çykyşlarynyň esasy temalarynyň birine öwrüldi. Ol internet ulanmaga resmi çäklendirmeleri azaltdy, çagalar baglaryny, mekdepleri we ýokary okuw jaýlaryny kompýuter otaglary bilen enjamlaşdyrmagy buýurdy, hem-de täze gurluşyklarda olar ulanmaga başlamazdan öň internet birikdirmesini gurnamagy talap etdi.
2009-njy ýylyň ortasyna çenli 9 ministrlik we beýleki döwlet edaralary öz internet sahypalaryny döretdiler.
Emma informasiýa elýeterliligi, praktiki we ideologiki sebäplere görä, entegem problema bolup durýar. Bäş milliondan gowrak ilat üçin diňe 15 sany internet kafe bar we olarda-da internet çäklendirilen. Mekdeplerde we institutlarda internet bardygyna seretmezden, olaryň işgärleri ony okuwçylaryň ulanmagyny çäklendirýär ýa-da doly gadagan edýärler.
Türkmenistandaky ýagdaýy beýan edýän daşary ýurt internet sahypalary doly ýapyk.
Dünýäniň beýleki ähli ýerlerinde elektron hökümet konsepsiýasy dolulygyna aç-açanlyk we hemmeleriň gatnaşmagyna, hem-de döwletiň öz graždanlarynyň öňünde jogäpkär bolmagyna esaslanan. Mysal üçin, adamlar resmi edaralara gönü hat ýazyp we olaryň jogaplaryny görüp bilýärler. Olar şeýle-de edil goňşy Gazagystanda bolşy ýaly sud işleriniň netijelerini görüp bilýärler. Gazagystanda üýtgeşmeler girizilinçä taraplaryň aklawjylary üçin prosese gözegçilik etmek kyndy.
Emma, bu zatlaryň ählisi häkimiýetleriň has aç-açan bolmagyny we öz hereketlerini hemmelere düşnükli etmegini göz öňünde tutýar. Bu Türkmenistanda boljak ýagdaýa meňzänok. Häkimiýetler dürli edaralaryň arasynda has gowy aragatnaşygy döretmäge üns berýärler, hem-de jemgyýete informasiýany elýeterli etmek barada dymmagy dowam edýärler.
“Biz elektron hökümedi döretmegiň elementlerini döretmek ugrunda hiç-hili hereket göremizok” diýip Bolgariýada ýerleşýän türkmen analitigi Annadurdy Hajyýew aýtdy. “Elektron hökümet döwlet bilen graždanyň, döwlet bilen biznesiň, hem-de döwletiň dürli pudaklarynyň arasynda birnäçe arabaglanyşygy göz öňünde tutýar.”
Ykdysadyýet we Ösüş Ministrliginden bir işgär aç-açanlyk ugrunda edilen öňki ädimleriň başa barmandygyny aýtdy. “Biz elektron ses berişi amala aşyrmaga çalyşdyk, ýöne şonda-da olar ses berişiň netijelerini çişirmegi başardylar” diýip ol aýtdy. “Men indi bir zat üýtgär diýip garaşamok.”
Türkmen paýtagty Aşgabatda bir öňki döwlet işgäri hakykat ýüzünde bu proýektiň döwlet üçin gowurak kommunikasiýany we elektron maglumatlar bazalaryny üpjün etmek baradadygyny aýtdy.
“Ministrliklerde we döwlet edaralarynda internede girmekde problemalar bar” diýip ol aýtdy, hem-de özüniň gepleşen döwlet işgärleriniň elektron hökümet barada hiç-hili düşenjeleriniň ýokdugyny belledi.
Aragatnaşyk Ministrliginden bir işgär özüniň adynyň aýdylmazlygyny sorady we bu proýektiň gözboýagçylyk maksadynyň hem bardygyny belledi.
“Bu hemmelere Türkmenistanyň siwilizasiýaly jemgyýetdigini görkezmek üçin ýene bir synanyşyk” diýip ol aýtdy. “Hakykatda, ýurt yza tarap gidip barýar. Biz izolýasiýada ýaşaýarys, biz hiç zat göremizogam-eşidemizogam, hiç zat aýdamyzogam.”
Aşgabatdaky politehniki institutyň mugallmy täze tehnologiýalary öňe sürmegiň köpçüligiň öňünde özüňi gowy görkezmegiň bir ýüzleýje ýoludygy bilen ylalaşdy.
“Hökümet agzalary telewideniýede her gün görkezilýär. Öň olaryň ellerinde depderleri bardy, indi olaryň öňünde noutbuk kompýuterleri bar” diýip ol aýtdy. “Olaryň (kompýuterleriň) näme üçinligi belli däl, olar bary-bir olara seredenoklar.”
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.