Türkmen liderleriniň Ýewropa Birleşiginiň adam hukuklary proýektine jogapkärli çemeleşmegi zerur

Türkmen liderleriniň Ýewropa Birleşiginiň adam hukuklary proýektine jogapkärli çemeleşmegi zerur

Tajigul Begmedova

Täjigül Begmedowa (Foto: Türkmen Helsinki Fondy)

Türkmenistandaky adam hukuklaryny goraýjylar, Ýewropa Birleşigi bilen hökümet wekilleriniň ýurtda adam hukuklaryny goramak mümkinçiliklerini güýçlendirmegi maksat edinýän täze programmany maslahatlaşmak üçin geçiren sentýabrdaky duşuşygy barada eşitmäge şat boldular. 

Üç ýyllyk ÝB proýekti Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Programmasy we BMG Adam Hukuklary boýunça Ýokary Komissiýasynyň edarasy bilen bilelikde amala aşyrylar. Duşuşukda şeýle-de Türkmenistanyň hökümediniň ÝB bilen “adam hukuklary dialogyny” başlamagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Şahsy gürrüňdeşlikde, türkmen döwlet işgärleri hökümediň bu inisiatiwa diňe formallyk üçin, halkara jemgyýeti aldamak üçin jogap berýändigini aýdýarlar.

Beýle görnüşli, netijeli işleýän adam hukuklary proýekti hökümediň aç-açanlygyny we graždan jemgyýetini ornaşdyrmaga islegini göz öňünde tutýar – bularyň ikisem häzirki wagtda ýok.

Proýekt ýyllaryň dowamynda hukuklary kemsidilen adamlara kömek etmäge çalyşmaly. ÝB üçin muny ýerine ýetirmegiň bir usuly Türkmenistanyň graždanlarynyň şikaýatlary getirip biljek we halkara adam hukuklary ekspertlerinden kömek alyp biljek bir ofisini açmak.

Häzirki wagtda halkara guramalarynyň ýerli missiýalarynda türkmen graždanlary üçin kömek az. Mysal üçin, şu tomusda Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatyndan bolan aktiwist Amangelen Şapudakow paýtagt Aşgabatdaky BMG missiýasyna BMG-niň Adam Hukuklary Komitetine arzyny ýetirmek umydy bilen barypdyr. Ol derwezede duran goragçylar tarapyndan saklanypdyr, hem-de olar ony “patriot däldigi” üçin günäkärläp we polisiýa jaň etmekçidiklerini aýdyp haýbat atypdyrlar. Ol hatda BMG işgärlerine öz içeri girmek isleginiň şeýle häsiýetde saklanylanyny barada habarly hem edip bilmändir.

Milli adam hukuklary proýektini ýerine ýetirmekde ýene bir bökdençlik bu hiç zat üçin jogapkärçiligi öz üstüne almak islemeýän ýerli döwlet işgärleriniň garşylygydyr. Aşgabadyň ýerli sudynda (kazyýetinde) işleýän işgär bu ýerde seredilýan işleriň ählisiniň diýen ýaly haýsy tarap güýçli bolsa şonuň peýdasyna eden-etdilik bilen çözülýändigini aýdýar. Eger-de sudýa (kazy) seredilýän işde gyzyklanmasy bolan bir döwlet işgärinden gelen haýyşy ýerine ýetirmese, onda ol wezipesinde köp saklanylmaz.

Adamlaryň öz pikirini öňe sürmäge çalyşýan seýrek ýagdaýlarynda-da, olaryň teklipleri ünssiz galdyrylýar. Köpetdag etrap häkimliginiň işgärleriniň birisiniň 2008-nji ýylda adam hukuklary boýunça halkara guramalar bilen işlemek üçin teklibi taýýarlamagy munuň bir mysalydyr. Ol öz ideýalaryny öz ýolbaşçysyna tabşyrypdyr, ýolbaşçylar ony tekjä taşlap, ünssiz galdyrypdyrlar.

Türkmen Helsinki Fondy (THF) ýerli graždan jemgyýetiniň liderlerinden olaryň ÝB proýekti barada pikirlerini sorady. Olar bu proýekti başlamak üçin birnäçe praktiki ädimleriň zerur boljakdygyny aýtdylar.

Ilki bilen, olaryň aýtmagyna görä, prezident Gurbanguly Berdimuhammedow döwlet işgärleri we tutuşlygyna jemgyýet üçin özüniň bu inisiatiwa çynlakaý seredýändigini anyk görkezmeli. Soňra ýerlikli düşünjäni artdyryş kampaniýasy başlanylmaly, hem-de bu Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki, gaty güýçli senzuradan geçýan we wagtyny prezidenti öwmek bilen geçirýän habar beriş serişdeleri tarapyndan däl-de, BMG we ÝB tarapyndan getirilen žurnalistler tarapyndan dolandyrylmaly.

Gündogardaky Lebap welýatyndan bolan THF aktiwisti media serişdelerindäki “informasiýa blokadasyny” hakyky şikaýatlara seridilişi baradaky gürrüňler bilen, adamlar öz hukuklary kemsidilen wagtynda näme etmelidigi barada praktiki rekommendasiýalar bilen, hem-de halkara ekspertleriň çykyşlary bilen döwmegi teklip edýär. Häzirki wagtda BMG we ÝB ekspertleri gelýärler we gidýärler, dürli ministrlikler bilen duşuşyklar geçirýärler, emma munuň adaty adamlara hiç-hili täsiri ýetenok.

Hemme zatdan öňürti, hakimiýetlere halkyň ynamyny gazanmak gerek. Berdimuhammedowyň hukuk goraýjy organlar tarapyndan düzgün bozmalar baradaky şikaýatlara seretmek üçin döreden ýörite komissiýasy netijesiz bolup çykdy, oňa gelýän arzlary halkara adam hukuklary boýunça ýuristlere geçirmek gaty gowy bolardy. Graždanlara arzlaryny we tekliplerini resmi internet sahypalaryň üsti bilen häkimiýetlere ýetirmäge ýol berilmeli. Ol sahypalarda şeýle-de adamlar sudyň kararlary bilen tanyşyp bilerler. Bu beýleki ýurtlardaky praktikalary dowam eder, olarda islendik adam gyzyklanýan sud işine yzygiderli gözegçilik edip bilýär. Bu sistema bolan ynamy gürrüňsiz artdyrar.

Iň soňky goşmaly zat, häkimiýetler öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe ejir çeken adamlar barada garaşsyz barlaglara ýol bermeli, hem-de döwlet işgärleriniň söz, din we hereket azatlygy boýunça konstutision kepilnamalary ýerine ýetirip başlamagyny gazanmaly.

Täjigül Begmedowa Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondynyň ýolbaşçysy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.


Turkmenistan
Human rights
Frontline Updates
Support local journalists