Mazarçylygyň ýerinde taze jaylar
Aşgabadyň günorta çetinde ýerleşýän Garadamak şäherçesinde ýaşaýjylar olaryň garyndaşlary bilen ýakynlary ýerlenen mazarçylygyn ýerinde köp gatly, 150 otagly jaýyň gurluşygyna garşy ýuwaştan kiçi demostratsiýa geçirýärler.
Mazarçylygyň ýerinde taze jaylar
Aşgabadyň günorta çetinde ýerleşýän Garadamak şäherçesinde ýaşaýjylar olaryň garyndaşlary bilen ýakynlary ýerlenen mazarçylygyn ýerinde köp gatly, 150 otagly jaýyň gurluşygyna garşy ýuwaştan kiçi demostratsiýa geçirýärler.
Bu mazarçylyk meselesiniň dörän sebäbi, Garadamak şu wagt şähere degişli, öňler bolsa, ýagny 90-njy ýyllara çenli, ol Aşgabad etrabynyň “Leningrad” kolhozyna degişlidi. Üstesine de, sowet döwründe mazarçylyk ýapylan soň, ony 25 ýyl ulanyp bolmaýardy, garaşsyz Türkmenistanda bolsa konserwatsiýa möhleti 15 ýyla çenli gysgadyldy.
Sonuň üçin hem häkimiýetler öz hereketlerini hakly-hukukly diýip düşünýärler. Şäher häkimliginiň işgäriniň düşündirişi ýaly, mazarçylyk köp ýyldan bäri jaýlamalar üçin ýapyk. Bu häkimlik işgäriniň aýdyşyna görä, häkimligiň resmi buýrugynda bu ýerin konserwatsiýa möhleti geçti we bu ýeri sürüp bolýar diýyip ýazylan.
Obanyň aksakallary bu karary ahlaksyz diýip atlandyrýarlar, hem-de olaryň öli garyndaşlarynyň süňkleriniň üstünde jaý guruljagyny hiç gözleriniň öňüne getirip bilmeýärler.
Bu adamlaryň arasynda häkimiýetleriň merhemetine garaşman öz garyndaşlarynyň meýitlerini başga mazarçylyga geçirenler hem kän. Närazyçylygy görkezen adamlardan biriniň aýdyşyna görä, şol mazarçylykda onuň ene-atasy bilen doganlary jaýlanan. Çäresizlikden garyndaşlarynyň meýidini paýtagtyň demirgazyk çetinde ýerleşýän Çoganly şäherçesiniň mazarçylygyna jaýlamak üçin onuň maşgalasy bilen özi her gün mazarçylyga gelip mazarlary açmaga synanyşýarlar.
Şäher häkimiýetleriň kararyny jemgyýet her hili gaýtargy görkezdi. Meselem, köpçülik maglumat serişdeleri bu waka barada hiç bir zady ýazmadylar. Şäher ilaty bolsa ara alyp maslahatlaşýar, hem de barysy bu zyýam çekenleriň tarapyny tutýarlar.
Hemişe arassaçylyk işlerinde mugt ulanylýan adamlar bu jayyň gurluşygynda işlemekden boýun gaçyrdylar. Paýtagtyň häkimliginiň başga çäresi bolmansoň, mazarçylyk arassalama hem-de ýeri gurluşyk üçin taýarlama işlerinde esgerleri işletmeli bolýarlar.
Bu mazarçylygyň ýanynda ýerleşýän harby bölüminden gurluşyk ýerinde islemäge göýerilen esgerler hem gaharlanýarlar. Emma, olaryň aýdyşy ýaly, olaryň başga çäresi ýok, olar buýrugy ýerine ýetirmäge mejbur bolýarlar.