Azatlykdan mahrum bolan häkimi türmede ölýär

Bir wagtlar Prezidentiň merhemetinde bolan welaýat häkiminiň jezalandyrmasy hatda Türkmenistanyň standartlaryna görä hem gaty agyr täsir galdyrdylar.

Azatlykdan mahrum bolan häkimi türmede ölýär

Bir wagtlar Prezidentiň merhemetinde bolan welaýat häkiminiň jezalandyrmasy hatda Türkmenistanyň standartlaryna görä hem gaty agyr täsir galdyrdylar.

Tuesday, 25 July, 2006
Welaýat häkimleri köplenç wezipelerinde kän eglenmeýärler, Gedaý Ahmedow bolsa on ýyl dowamynda Lebap welaýatynyň (öňki Çärjew) häkimi wezipesini ýerine ýetirýärdi.



Geçen heptede Ahmedow maşgalasynyň öýüniň gapysynda maşyn saklanyp, howpsyzlyk gullugynyň işgärleri öňki welaýat häkiminiň tabydyny çykardylar. Wenada ýerleşýän Adamlar Hukugynyň Türkmen Initsiatiwasynyň maglumatlaryna görä, häkimiň jaýlama märekesi kän mälim edilmedi, çalt hem-de ýuwaşja geçdi. Ahmedowyň köp tanyşlary howpsyzlyk düşünjelerinden märekä gatnaşmadylar, çüňki howpsyzlyk gullugynyň işgärleri märekäni gizlin yzarlaýardylar.



Maglumatlara görä 66 ýaşyndaky Ahmedow türmede ýürek tutmasyndan öldi, ölüminiň jikme-jiklerini bolsa anyklap bilmek gumana.



Fewral aýynda parahorlyk, garyndaşparazlyk, hem-de berlen ygtyýardan kanunsyz peýdalanany bilen günäkärlenip 17 ýyl tussag astyna almaklyga hökum edilen soň Ahmedowyň mertebesi tamam boldy.



Lebap möhüm oba hojalyk hem-de senagat merkezidir, bu welaýat pagta bilen galla ösdürip ýetiştirilmegi bilen işläp taýarlamaklygynda örän üstünlükli, hem-de Ahmedowyň bu welaýatyň häkimi wezipesinde bunuň ýaly uzak wagt oturany, özüni Türkmenbaşy ýaly atlandyrýan Saparmurat Nyýazow oňa hormat duýanyny gowy görkezýär.



Ahmedow Prezidentiň iň ýokary sylagy, Türkmenistan Gahrymany sylagyna mynasyp bolan bir näçe wekilleriň arasyndady.



Welaýat häkimliginiň öňki işgärlariniň aýtmaklaryna göra, Lebap welaýatynda hakykatdan hem soňky on ýylyň içinde senagat önümçiliginiň ösüşi bellenildi hem-de gazyň täze gazylyp alynýan ýerleri tapyldy.



Prezident welaýatyň häkimi bilen dostlukly aragatnaşyklary alyp barýan bolsa gerek, çünki ol hemişe Ahmedowy başga welaýat häkimlerine onuň göreldesine eýermegini maslahat edýärdi, hemişe onuň doglan güni bilen basga masgala bayramçylyklaryna gatnaşýardy. Hem-de gymmatly sowgatlar berýärdi - ýa maşyn, ýada onun hususy fermasy üçin traktor.



Emma ökde ýolbasçy bolanyna garamazdan, Ahmedow Türkmenistanyň bütin döwlet sistemasy ýaly, parahorlyga sezewar boldy. Onuň ýolbaşçylygynda işleýän adamlaryň aýtmaklaryna görä, belli bir ýokary wezipesine parasyz girip bolmazdy.



Emma Ahmedowyň administrasiýasyna ýakyn adamlaryň beren maglumatlaryna görä, Prezident welaýat häkimi Özbekistanyň Buhara şäherinde gizlin jaý guranyny eşidende bularyň hemmesine soň geldi. Prezident häkim özüne gaçalga taýarlaýar diýip şüphelendi.



Türkmenbaşynyň ýolbaşçylyk döwründe eýýäm bir topar ministr bilen ilçi ýurdy taşlap gitdi. Emma, Ahmedow wezipesinde oturmana az galanyny duýan bolsada, ýalňyş ýurdy seçipdir. Türkmenbaşy goňşy ýurdy noýabr aýnda oňuň janyna kast edilmesinde gatnaşany bilen günäkärlen soň, Özbegistan bilen aragatnaşyklar bozuldy.



Türkmenistandaky bir syýasat analitigiň pikri boýunça, eger Ahmedowyň Özbegistana taýarlan gaçyşy baradaky myş-myşlar dogry bolsada, bu täsin däl, çünki bu günler Prezidentiň hormatyna eýe bolan wekiller hem işden atylyp hem-de suda çekilip bilýärler.



Belki Türkmenbaşy hakykatdan hem parahorlygy köki-damary bilen ýok etmäne synanyşýar, emma köp adamlaryň pikri boýunça bu kampaniýa diňe wekilleri gorkyzmak üçin hem-de adamlara ykdysady ösüşler üçin Prezident däl, olaryň özleri jogapkär bolanlary barada ynandyrmak üçin işläp tapylan.



Emma, köp ekspertleriň pikirlerine görä, bu meselede Prezidentiň göýberen ýaňlyşlygy ol ökde, emma parahor ýolbaşçylary işden çykaryp, ýerlerine tejribesiz, emma ýene-de parahor wekilleri goýmasynda.

Frontline Updates
Support local journalists