Günorta Akym Türkmen gazynyň eksporty ýaryşynda öňde barýar

Türkmenistanyň Russiýanyň üstünden geçmezden gazy Ýewropa eksport etmek mümkinçiligi ujypsyz bolup görünýär.

Günorta Akym Türkmen gazynyň eksporty ýaryşynda öňde barýar

Türkmenistanyň Russiýanyň üstünden geçmezden gazy Ýewropa eksport etmek mümkinçiligi ujypsyz bolup görünýär.

Tuesday, 4 May, 2010

Türkmenistanyň Russiýadan aýlanyp geçýän ýol bilen gaz eksport etmek synanyşyklary, Moskwa tarapyndan goldanylýan Günorta Akym ýoly ýene bir ädim öňe gimegi bilen, ýene bir şowsuzlyga uçrady. 

25-nji aprelde Russiýanyň primýer ministri Wladimir Putin özüniň Wena bolan saparynyň dowamynda Awstriýa bilen ylalaşyga gol çekişdi. Bu Gresiýa, Serbiýa, Sloweniýa, Bolgariýa, Horwatiýa we Wengrýa tarapyndan eýýäm gol çekilen proýektiň iň soňky baglanyşdyryjy zynjyrydyr.

Italiýan energiýa kompaniýasy ENI we indi Fransiýanyň kompaniýasy EDF tarapyndan kommersiýa gyzyklanma bildirilýän Günorta Akym proýekti, rus porty Noworossiýskden Bolgariýadaky Warna çenli we ondan aňryk Ýewropa gitjek, Gara Deňziň aşagyndan geçjek truboprowody göz öňünde tutýar. Bu 2015-nji ýyla çenli taýýar bolar diýlip garaşylýar.

Türkmenistan esasy gaz öndüriji bolup, Günorta Akym proýektiniň bölegi bolmaga seretjekdigini duýdurdy, ýöne şeýle-de muňa bäsdeş ugur bolan, ABŞ we Ýewropa tarapyndan arkasy tutulýan, Nabukko proýektine-de gyzyklanma bildirdi.

Nabukko truboprowody ýer üsti bilen, gündogar Türkiýeden günorta-gündogar we merkezi Ýewropa geçer. Türkmenistanyň bu proýekte goşulmagy üçin, Kaspi deňziniň aşagyndan Azarbeýjana çenli goşmaça truboprowod çekmek we ol ýerden Türkiýe birikdirmek zerur bolar.

Moskwa Türkmenistana Günorta Akym ugry üçin gazyň esasy çeşmesi hökmünde seredýär. Ýöne türkmen häkimiýetleri eksport üçin diňe Russiýanyň energiýa giganty Gazproma garaşlylykdan çykmaga synanyşýarlar.

Emma, Moskwa Günorta Akymy amala aşyrmak üçin ylalaşyklary gazananyndan soň Nabukko mümkinçiligi ýitip barýana meňzeýär.

“Günorta Akym öz konkurentini (Nabukko) yzda galdyrdy” diýip Bolgariýada ýerleşýän türkmen ykdysady analitigi Annadurdy Hajyýew aýtdy. “Russiýanyň Gazpromy dünýäde esasy gaz üpjün edijileriň birisi bolup, bu proýekte gatnaşýar, bu bolsa truboprowody gaz bilen doldurmakda hiç-hili problema bolmajagyny aňladýar.”

Nabukko boýunça öňe gitmek Kaspi deňzinden geçjek gaz geçiriji boýunça progres bolmanlygy sebäpli gijikdirildi. Muňa deňziň ýuridiki taýdan eýeçilige bölünişiniň çözülmän galmagy, hem-de truboprowodyň üstünligine güwä geçjek gaz üpjünçilik ylalaşyklarynyň ýokdugy hem sebäp boldy.

Hajyýewiň aýtmagyna görä, Türkmenistan Nabukka gatnaşmagy näçe islesede, häzir proýektiň mümkinçilikleri azalandan soň ol muny Moskwadan razyçylyksyz edip bilmez. Pikirleriň üýtgändigine subutnama hökmünde ol türkmen tarapynyň Azarbeýjanda ondan aňyryk eksport etmek üçin gazy suwuklandyrmak planlaryndan el çekmek baradaky kararyny mysal getirdi.

Beýleki ekspertler hem, bu açyk aýdylmasada, Türkmenistanyň günbatar energiýa proýektlerine bolan gyzyklanmasynyň säginendigi bilen razylaşýarlar.

“Türkmenistan Ýewropa Birleşigine gaz bermegi öz üstüne almak islänok” diýip Niderlandlardaky “Eurasian Energy Observer”-iň baş redaktory Andreý Tibold aýtdy. “Türkmenistan diňe bir Ýewropa Birleşiginiň däl-de Ýewropa energiýa kompaniýalarynyň hem ynamyny ödemedi.”

Mysal üçin, Nabukko konsorsiumynyň agzalarynyň biri bolan Germaniýanyň RWE energiýa kompaniýasy ýakynda Aşgabatda öz ofisini açdy, emma gaz üpjünçilik kontraktyny almagy başarmady.

Azarbeýjanyň paýtagty Bakudaky energiýa barlaglary merkeziniň ýolbaşçysy Rowşan Ibragimow türkmen hökümediniň entek Nabukkodan el çekmeli däldigini aýtdy. Sebäbi bu olaryň eksport ýolunda Russiýa garaşlylygy azaltmak üçin gyzyklanmalaryna iň gowy gabat gelýän proýekt bolup durýar.

Ýöne ol çözgüdiň diňe Türkmenistana bagly däldigini hem belledi.

Başga analitikler Moskwa bilen bilelikde işlemegiň beýleki artykmaçlyklarynyň bardygyny belleýärler. Mysal üçin, Türkmenistandaky adam hukuklary meseleleri barada aladanyň bolmazlygy, hem-de energiýa baha ylalaşyklarynda, aç-açanlygy talap edýän günbatardaky partnýorlaryň teklip edýäninden gowyrak erkinlilik bolmagy bularyň käbirleridir.

Bir ýerli kommentatoryň aýdyşy ýaly “Ýewropa Birleşigi Türkmenistanyň geljekdäki gaz satuwyndan gelýän girdejiniň ählisini ýurduň milli býudjetine geçirmegini talap edýär. Beýle talaplar (prezident Gurbanguly) Berdimuhammedowa ýarap duranok.”

Inga Sikorskaýa IWPR-yň Türkmenistan we Özbegistan üçin baş redaktory.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 

Frontline Updates
Support local journalists