Türkmenistanda Gozgalaň Etmäge baş urmak

Türkmenistanda Gozgalaň Etmäge baş urmak

Türkmenistanda iş taşlaýyş gaty seýrek zat, sebäbi polisiýa döwletiniň yzyna ar alyş bilen jogap bermeginden gorkulýar. Ýöne aýratyn ýerlerde bolup geçen birnäçe iş taşlaýyşlar we protestler hökümediň parahatçylygy saklamak üçin zähmet haklaryny gowulandyrmaga taýýardygyny görkezýär.

"Türkmenistanyň Hronikalary" adam hukuklary internet sahypasynyň habar bermegine görä, iň soňky dawaly ýagdaýda, awgust aýynyň ortalarynda, gündogar Türkmenistanda Amyderýanyň üstünden köpri gurýan işçiler özlerine üç aý üçin aýlyk berilmändigi sebäpli iş taşlaýyş yglan edipdirler.

Ýolbaşçylaryň gurluşykçylary yzyna işe getirmek üçin häýwat atmakdan ýalbarmaga çenli ähli usullary ulanyp görendiklerini ol makala habar berýär. Ýöne iş taşlaýyş dowam edipdir, hem-de hepdäniň soňuna çenli işçileriň aýlyklary doly tölenipdir.

Iş haky bilen baglanyşykly başga bir protest aprel aýynda bolup geçdi. Kaspi deňziniň kenarynda köp gürrüňi edilýän Awazada bäş ýyldyzly otel gurýan türk kompaniýasynyň ýerli işgärleri bu protesti gurnadylar.

"Biz köp aýdan bäri tölenilmän gelýän aýlyklar barada prokuratura arza ýazdyk" diýip gurluşuk işgärleriniň birisi aýtdy. "Maý aýynda biz aýlyklarymyzy doly aldyk."

Şeýle-de ýazyň dowamynda, günbatar şäher Türkmenbaşyda nebti gaýtadan işleýän zawodyň täze bölegini gurýan işçiler we rus gurluşyk firmasy tarapyndan işe alnan işgärler wagtyndan gijä galan aýlyklar üçin protest çärelerini gurnadylar. Iş taşlaýyş etmegiň ýerine, bu işçiler köpçülekleýin şikaýatlary ýazyp tabşyrdylar.

"[Türkmenbaşyda] arza ýazyp tabşyranlaryndan soş bir hepdäniň dowamynda olaryň puly doly tölendi" diýip bu regiondaky kommentator aýtdy.

Başga bir protestde, esasy Dubaýda ýerleşýän "Dragon Oil" firmasyna hyzmat edýän kompaniýanyň işgärleri, özleriniň aýlyklarynyň şol bir işi edýän daşary ýurtly işgärleriňkiniň ýarysyna deňdigine şikaýat edip, köpçülikleýin işden gitmek barada arza ýazdylar. Olaryň käbir talaplary ýerine ýetirildi we dawa hemmeler üçin ylalaşykly edilip çözüldi.

Wýaçeslaw Mamedow, Niderlandlarda ýerleşýän Türkmenistanyň Graždan Demokratiki Soýuzynyň lideri, hökümediň protest edýän işçileri ýöne tussag edip soraga tutmaýanynyň täsin zatdygyny belledi.

"Köp ýagdaýda häkimiýetler protestlere we şikaýatlara pozitiw jogap berdiler we meseleleri çözmäge çalyşdylar" diýip ol aýtdy.

Mamedowyň pikirine görä, häkimiýelteriň töleg ylalaşyklary arkaly köpçülikleýin gozgalaňyň öňüni almaga taýýar bolmagynyň sebäbi olaryň geçen ýyl günbatar Gazagystanda bolup geçen wakalaryň ýurtda gaýtalanmak mümkinçiligini ortadan aýyrmak islegidir. Gazagystandaky wakalarda, Žanaozen şäherinde dekabr aýynda polisiýa 14 sany protestçuini atyp öldürüpdi.

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

 

Economy
Frontline Updates
Support local journalists