Merkezi Aziýanyň bitewi energiýa sistemasy dargaýar

Merkezi Aziýanyň bitewi energiýa sistemasy dargaýar

Thursday, 12 November, 2009
NBCA-nyň ekspertleriniň aýtmagyna görä, Özbegistanyň Merkezi Aziýanyň umumy energiýa torundan çykmagy köplere peýdaly bolmaz.



Oktýabryň 8-inde, “Nowosti Kazakstan” täzelikler agentligi gazak energiýa kompaniýasy ‘KEGOC’-yň başlygy Kanat Bozumbaýewiň aýtmagyna görä Özbegistanyň birleşdirilen energiýa sistemasyndan çykmak kararyna gelendigini habar berdi.



“Oktýabryň 15-inden Özbegistanyň parallel sistemadan çykjagy bize duýduryldy”diýip Bozumbaýew hökümet ýygnagynda aýtdy.



Özbek döwlet kompaniýasy “Uzbekenergo” NBCA-nyň ýurduň regional sistemadan çykmak karary barada kommentariýa bermek haýyşlaryna jogap bermedi. Daşkentdäki çeşmäniň aýtmagyna görä, Özbegistan elektrik togunyň importy, eksporty we tranzidi üçin töleg almak meselesini öňe sürüp biler.



Bäş Merkezi Aziýa döwleti, segseninji ýyllaryň soňlarynda entek olar Sowet Soýuzynyň düzüminde wagty, regional elektrik toruny esaslandyrypdy. Jemi 83 elektrik stansiýasy bu sete birikdirilen, hem-de bu gatnaşýan döwletleriň arasyndaky kontraktlar esasynda anyklanan mukdardaky togy bir döwletden beýlekä geçirmäge ýol berýär.



NBCA-nyň kommentatorlarynyň aýtmagyna görä, Özbegistanyň setden çykmagy beýleki döwletleriň tok öndüriş kuwwatyna talaby artdyrar.



“Munuň netijeleri Gyrgyzstan üçin agyr bolar” diýip bu ýurduň öňki wise-primýeri Bazarbaý Mambetow aýtdy. “Biz setde elektrik toguny duruzyp bilmeris, şeýle-de biz suwy [gidro-elektrik generatorlarynda] saklap bilmeris, ony akdyrmaly bolar, netijede biz elektrigi boşatmaga mejbur bolarys.”



Toruň durnukly üpjünçilige ýeterlik kuwwatyny dikeltmek üçin, Gyrgyzstana bir milliard amerikan dollaryna deň gymmady bolan goşmaça elektik stansiýasyny gurmak zerur bolar.



NBCA-nyň beýleki ekspertleriniň pikirine görä Özbegistan umumy setden özüniň tebigy gaz bilen işleýän Nowoangrendäki täze elektrik stansiýasyny işe girizýänligi üçin çykýar. Daşkent şäheri öz energiýasyny şu stansiýadan alyp biler we mundan beýläk Gyrgyzstandaky Toktogul toplumynyň toguna zerurlyk çekmez. Bu ýokary woltly elektrik geçirijisiniň baglanyşygyny aýrar, hem-de günorta Gazagystanyň iki welaýatynyňTogtogul elektrik stansiýasyndan gelýän toguny keser.



Analitikler öz elektrik toruny goňşularynyňkydan aýyrýany üçin Özbegistanyň özem ejir çeker diýip çak edýärler. Gyrgyž paýtagty Bişkekdäki energiýa eksperti Raýimbek Mamyrowyň aýtmagyna görä Özbegistanyň elektrik togynyň 90 %-i ýangyç ýakýan elektrik stansiýalaryndan gelýär, olar bolsa öz üpjün edişini sarp edilişiň yokary galmagyna we pese düşmegine dogurlamaga ukupsyz.



“Elektrik torunyň artykmaçlygy onuň sarp edişiň iň ýokary wagtynda energiýany üpjün etmäge mümkinçilik berýändigidi” diyip Mamyrow aýtdy. “Indi Daşkent iň ýokary sarp ediş wagtlary üçin ýeterlik togy özbaşdak öndürmäge mejbur bolar we gaty az enegiýa çeşmesi bar bolan Fergana jülgesine energiýany geçirmegiň çykdajylaryny ýapmaly bolar.”



Elektrik energiýasyny öndüriş kuwwady regional döwletleriň arasynda deň paýlanan däl. Daglyk Tajigistan we Gyrgyzstan regionyň 80 %-e golaý suw resurslaryny özünde saklaýar, bu olara gidro-elektrik desgalaryny gurmaga mümkinçilik berýär. Şol bir wagtda Gazagystanda, Özbegistanda we Türkmenistanda gaty az suw bolup, uly mukdardaky nebit we gaz zapaslary bar. Gyrgyzstan we Täjigistan suwy toplap, olara elektrik öndürmäge iň zerur wagt bolan gyş üçin saklamaga çalyşýar, emma olaryň goňşulary şol suwuň derýalardan ýazda we tomusda ekin ösdüriş döwründe irrigasiýa üçin akdyrylmagyny talap edýärler.



Özbekler öz tebigy gazyny Gazagystana, Gyrgyzstana we Täjigistana eksport edýär. Olar şeýle-de täjiklere elektrik toguny berýär, hem-de olar üçin gyrgyz we türkmen elektrik toguny öz üstünden geçirýär.



Täjigistanyň we Gyrgyzstanyň täze gidro-elektrik stansiýalaryny gurmak planlary, munuň öz suw ýetmezçiligini artdyrar diýip gorkýan Daşkendi aladalandyrýar.



Ýurtlaryň hökümetleri garaşsyz energiýa syýasatyna baş urdular we özlerinde bar resurslary öz goňşularana borç goýmak üçin ulandylar, bu bolsa dartgynlylyga we üpjün edilişiň bökdençliligine getirdi.



Özbegistan we Türkmenistan köp derejede pagtanyň eksportyna garaşly, hem-de köplenç Täjigistandan we Gyrgyzstandan gelýän suwuň ýetmezçiliginden ejir çekýär. Öz gezeginde Daşkent güýzde we gyşda tölegleri geçirmedikleri üçin bu döwletlere gaz üpjün etmegini käwagtlar kesýär, şeýle-de ol öz territoriýasyndan Täjigistana türkmen elektrik togynyň tranzitini saklanlygy bilen belli.



Sentýabryň soňunda, Özbegistan Gyrgyzstanyň günorta bölegine we demirgazyk böleginiň bir bölegine gaz üpjünçiligini kesdi, hem-de tölenmedik 19 million dollar geçirilenden soň upjünçiligiň dikeldiljekdigini aýtdy. Gyrgyz hökümediniň hasaplamagyna görä Daşkent has gymmat baha bolan 1000 kub metre 240 dollar nyrhy ýurtdan talap edýär, ýöne Gazagystandan we Russiýadan degişlilikde 80 we 170 dollar nyrhy soraýar.



Daşkentdäki ykdysadyýetçi Wiktor Iwonin energiýa torundan çykmak baradaky habar berilýän özbek kararyna özüniň geň galandygyna seretmezden, öz ýurdunyň goňsülary tarapyndan “ekspulatirlenendigini” we häzirki töleg mehanizmleri bilen ylalaşmaýandygyny aýdýar.



Daşkentdäki Dünýa Ykdysadyýeti we Diplomatiýa Uniwersitetiniň mugallymy Farhod Tolipow regional energiýa-paýlaşyk ylalaşyklarynyň bozulmagynyň bu region üçin gowy bolmajakdygyny aýdýar. “Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzstan we Täjigistan mundan peýda gazanmaz” diýip ol aýtdy.



(NBCA bu tutuş sebidiň syýasy synçylarynyň uly toparynyň pikirini ulanyp, Merkezi Aziýa üçin täzelikler analizleriniň we kommentariýalaryň köp-dilli gullugyny döretmek üçin IWPR tarapyndan maliýeleşdirilen proýektdir. Proýekt 2006-njy ýylyň awgustyndan 2007-nji ýylyň sentýabryna çenli, regiýonyň bäş döwletini hem öz içine almak bilen işledi. Täze maliýe serişdeleriniň berilmegi bilen, gulluk Özbegistany we Türkmenistany beýan etmek bilen öz işini dowam edýär.)

Central Asia
Frontline Updates
Support local journalists