Aşgabat we Kiýew gaz marşrutynyň gürrüňini edýärler
Aşgabat we Kiýew gaz marşrutynyň gürrüňini edýärler
Türkmen prezidentiGurbanguly Berdimuhammedow mart aýynyň ortasynda Ukraina, tebigy gaz barada ýokary derejedäki gürrüňleri geçirmek üçin, üç günlük sapar edeninde, busoňky on ýylda şeýle formal wizitiň ilkinjisi boldy.
Ukraina özüniň tebigy gaz babatynda Russiýa baglylygyny kemeltmek isleýär. Berdimuhammedowyň prezident Wiktor Yanukowiç bilen geçiren gepleşiklerinde ýangyja baý bolan Türkmenistandan gaz satyn almak ylalaşygyna üns berildi.
IWPR-e beren interwýusynda, Ukrainaly analitik Wýaçeslaw Zubenko energiýa meselesinde gepleşiklere gaýtadan girişmek bilen iki ýurdyň gazanyp biljek peýdalaryny, hem-de gepleşikleri iş ýüzüne geçirmegiň päsgelçiliklerini beýan etdi.
Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi: Türkmenistan bu gepleşiklerden näme gazanmagy umyt edýär?
Wýaçeslaw Zubenko: Bu wizit Türkmenistan üçin dürli sebäplere görä gaty wajyp. Birinjiden, bu Ýewropa bazarlaryna gaz satmak isleýär, sebäbi Ýewropalylaryň Russiýanyň Gazpromyna bolan ynamy ýitirenligi üçin bu uly girdejileri hödürleýän bazar.
Ýewropa Birleşiginiň Gazprom babatyndaky syýasatynyň radikal üýtgändigi hemmelere aýan zat. 2011-nji ýylyň sentýabrynda, Ýewropa Komissiýasy [teklip edilýän deňiz-asty] Trans-Kaspi Gaz Prowodyny [TKGP] göz öňünde tutulýan, Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa gitjek, Günorta Gaz Korridorynyň esasy komponenti diýip saýlady.
Ukrainanyň prezidentiniň şol aýyň içinde Türkmenistana barmagy, ýa-da türkmen lideriniň on ýylda birinji gezek Kiýewe 2012-nji ýylyň martynda gelmegi ýöne ýerden däldir. Bu Berdimuhammedowyň fewralda gaýtadan saýlanandan soň daşary ýurda eden ikinji saparydyr. Onuň birinji wiziti Türkiýä bolup, ol ýerde-de gaz eksporty, aýratynam Trans-Anatoliýa gaz prowody, maslahatlaşyldy.
Türkmenistan eýýäm günorta-gündogar gaz rezerwlerini Kaspi kenaryna geçirýän içerki gaz geçirijini gaýtadan dikeltdi. Türkmen ýolbaşçylarynyň Ýewropa gaz ýetirmegiň ýollaryna özleşdirmegi dowam etmegi gaty mümkin.
Mart aýynda, bu döwlet Azarbeýjan bilen TKGP baradakyylalaşyga gol çekdi. Esasan Brýuselde ýa Berlinde geçirilýän bu ikitaraplaýyn gepleşiklerde Ýewropa Birleşigiaraçy hökmünde çykyş edýär. ÝB özüniň gaz importlaryny Russiýadan başga ugurlara diwersifikasiýa etmek islegini anyk görkezýär.
Türkmenistan gazyň uly möçberini Russiýanyň üstünden geçmezden satmaga umyt baglaýar. Türkmen ykdysadyýeti dolulygyna ýangyç eksportyna garaşly bolup, ol umumy içerki önümiň 70%-ne deň we ýurduň daşary ýurt walýutasynyň 90%-ni getirýär.
Türkmen tarapy Moskwanyň özlerine kimiň güýçlidigini görkezmekden çekinmändigine ynanýar. Gazprom günbatara tarap gaz eksportlarynda öz monopoliýasyny ulanmagyny dowam edip, öz aljak türkmen gazynyň hem möçberini, hem bahasyny özi belleýär. Bu häzir her ýylda, kontraktlar boýunça belleşilen 50 milliard kub metriň ýerine, türkmen gazynyň 10 milliard kub metrini satyn alýar.
Türkmenistan [häzir işledilýän göni turbaprowodyň üsti bilen] Hytaýy geljegi uly bazar hasaplaýar, ýöne häzirki,ýylda 10 milliard kub metr eksport möçberi has uly zat däl - göz öňünde tutulýan 30 milliard we soňra 60 milliard kub metr birnäçe wagtdan soň amala aşar. Onuň üstesine Hytaý her 1 000 kub metr üçin diňe 190 amerikan dollaryny töleýär, hem-de ol pullar arassa girdeýji hökmünde däl-de, türkmen döwletiniň Hytaýa bolan bergisini ýapmaga ulanylýar.
Türkmenistanyň üçünji bazary bolan Eýran hem gaty uly möçberde gaz satyn alanok. Ol her ýylda 8 milliard kub metr töweregi gaz satyn alýar. Gaz geçirijiniň mümkinçiligi bolsa ýylda 20 milliard kub metre deň.
Şu sebäpli Aşgabatda alternatiw bazarlary gözlemekden we täze eksport ýollaryny döretmekden başga çykalga ýok. Türkmenistanda, eger alyjylary tapyp bilse, geregindenem artuk gaz bar. Ýurt eýýam Ýewropa ýylda 40 milliard kub metr gaz üpjün etmäge taýýardygyny aýtdy. Bu Trans-Anatoliýa Gaz Geçirijiniň üsti bilen, Ak Akym [Gruziýanyň üsti bilen Gara deňziň aşagyndan ýa Ukraina, ýa-da Rumynyýa tarap] proýektiniň üsti bilen, Nabukkonyň [Türkiýeniň üstünden alternatiw ugur] ýa-da Russiýany goşmaýan islendik ýol bilen gaz üpjün etmäge taýýar.
Türkmenistan Günorta Akym proýektine [Gara deňziň aşagyndan Russiýadan Bolgariýa tarap] garşy. By proýekt Ukrainanyň territoriýasyndan aýlanyp geçer we tranzit töleglerini azaltmak bilen gazyň bahasyny arzanladar. Rus we türkmen gazynyň arasyndaky baha tapawudy häzir gaty az, 1 000 kub metr üçin 40 ýa 50 dollar töwereginde, bolup, Türkmenistanyň geljekde özüniň iň esasy artykmaçlygy bolan arzan gaz bahalasyny ýitirmegi mümkin.
Mundan başgada, Türkmenistandaky adamlaryň köpüsi Günorta Akymyň Russiýanyň gazyny däl-de, öz ýurtlarynyň Gazproma satýan gazyny eksport etmek üçin ulanyljagynaynanýarlar. Gazprom haçan-da ýylda 40 milliard goşmaça türkmen gazyny satyn almaga hukugy bar wagty, Russiýadaky gaz gorlaryny özleşdirmäge inwestisiýa goýbermäge sebäp görenok. Şonuň üçin Moskwa Türkmenistanyň üstünden agalyk etmegini we onuň gazyny gaýtadan satmakdan uly peýda görmegini dowam eder.
Moskwa Günorta Akym proýektine baş uranynda Türkmenistany däl-de Ukrainany göz öňünde tutdy - sebäbi onuň tranzitine garaşly bolmakdan gaça durmak islemegi gaty ýerlikli zat. Ol wagt Russiýada Türkmenistan bilen hiç-hili problema ýokdy. Ol Günbataryň hödürleýän Nabukko, Ak Akym, ýa-da Trans-Kaspi Gaz Prowody ýaly planlaryna çynlakaý seretmedi. Emma indi Russiýa-Türkmen energiýa gatnaşyklary kynçylygy başdan geçirýän wagty, Günorta Akym Aşgabat üçin esasy howp bolup durýar.
Berdimuhammedow tranzit üçin Kiýewiň näçe sorajagyny barlamak bilen, özüniň ÝB bilen işsalyşmalaryna Ukrainany hem gümansyz goşmak isleýär, emma entek türkmen gazyny göni Ukraina ýetirmek ýolunyň ýokdygy sebäpli bu häzirlikçe çynlakaý seredilýän iş däl.
Ukraina türkmen gazynyň 1 000 kub metrini 200 dollardan almak baradaky ylalaşygy gazanmaga umyt bildirýär. Bu onuň Russiýa töleýän bahasynyň ýarysyna deň bolar. Bu şeýle-de öz gazprowod setinitürkmen gazynyň eksporty üçin tranzit ýoly hökmünde ulanmagy hödürledi.
Emma Berdimuhammedow Kiýewe gazy mugt bermek üçin, ýa-da tranzit hukugyny soramak üçin gelmedi. Onuň gyzyklanýan zady, Günorta Akym gazprowodynyň gurluşygyna garşy çykmak üçin Ukrainanyň diplomatiki goldawyndan peýdalanmak.
Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.