Hytaý özüniň Özbegistan we Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny güýçlendirýär
Hytaý özüniň Özbegistan we Türkmenistan bilen gatnaşyklaryny güýçlendirýär
Hytaý iki sany esasy gaz üpjün ediji bolan Özbegistana we Türkmenistana sapar etmek üçin uly döwlet işgärini ýollady.
Hytaýyň prezidenti Hu Tsintao-nyň ýörite wekili we tutuş-Hytaý Aýallar Federasiýasynyň başlygy Çen Žili 5-14 ýanwar aralygynda Daşkentde we Aşgabatda bolup, bu iki öňki Sowet respublikalary bilen diplomatiki gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygyny bellär.
Pekiniň iki döwlet bilen has-da berkeýän baglanyşyklary 2009-njy ýylda energiýa mätäç Hytaý bazaryna olaryň gazyny ýetirýän trans-Merkezi Aziýa gaz prowodynyň açylmagy bilen düýpli esaslandyryldy. Türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow noýabr aýynda häzirki gaz üpjün edişi köp derejede artdyrmagy göz öňünde tutýan ylalaşyga gol çekişmek üçin Hytaýda boldy.
Türkmen syýasy analitigi Gurban Yowşanow Pekiniň iki döwlet bilenem köp umumylyklary tapandygyny aýdýar.
"Olaryň nebit-gaz sektorynda-da we ykdysadyýetiň beýleki ugurlarynda-da aragatnaşyklary gaty gowy ýagdaýda" diýip Yowşanow aýtdy. "Beýeleki taraplardan tapawutlylykda, Pekin Aşgabada we Daşkente gaty gowy düşünýär, hem-de öz inwestisiýalary üçin adam hukuklary ýagdaýyny gowulandyrmagy ýa öňa meňzeş başga zady talap etmeýär."
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.