Türkmenistan gaz eksportlary üçin Gündogara seredýär
Türkmenistan gaz eksportlary üçin Gündogara seredýär
Merkezi Aziýa boýunça uly ekspertiň aýtmagyna görä, Türkmenistanyň gaz eksportlaryna bolan gyzyklanmasy onuň esasy soýuzdaşy bolan Moskwadan geljek ýyllarda daşlaşmagyna gürrüňsiz alyp barar.
Alekseý Malaşenko, Merkezi Aziýa syýasaty we syýasy yslam boýunça Moskwadaky Karnegi merkeziniň spesialisti, 3-nji noýabrda özüniň Gyrgyzstana bolan wizitiniň dowamynda biz bilen gürrüňdeş boldy. Ol Bişkekde IWPR we Jemgyýetçilik Syýasaty Institutynyň bilelikde geçiren tegelek stol gürrüňdeşligine gatnaşdy.
Türkmenistanyň gaz eksportlary mümkinçilikleriniň gürrüňini etmek bilen bir hatarda, Malaşenko şeýle-de prezident Islam Karimow ortadan aýrylandan soň Özbegistan üçin mümkin bolan senariýalar barada hem gürrüň etdi.
IWPR: Aşgabat ýakynda Moskwany özüniň halkara energiýa baglanyşyklaryny döretmek ugrundaky işlerine päsgel bermekde aýyplady. Siziň pikiriňizçe, prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň hökümedine Türkmenistanyň gaz eksport ugurlaryny diwersifikasiýa etmek üçin iň hakykata ýakyn proýektlere seretmek zerurmy?
Alekseý Malaşenko: Berdimuhammedow, özünden öňki Türkmenbaşy [öňki prezident Saparmyrat Nyýazow] ýaly, köp-wektorlaýyn daşary syýasaty alyp barýar. Edil Nyýazow ýaly, ol hem ilki bir ugra, soň beýleki ugra ünsi gönükdirer. Türkmen-Rus gatnaşyklaryndaky ösüşlere şunuň bir bölegi hökmünde seretmek mümkin.
Ýöne, Ýewropanyň hem häzir öňküsinden az gaz talap edýändigi gaty hakyky zat. Bu Russiýa uçin hem geljegi gamgyn bolup görünýän ýagdaý, sebäbi bu Russiýanyň Türkmenistan üçin [Ýewropa tarap esasy eksport ugry hökmünde] wajyplygynyň peselmegini aňladar. Bu çynlakaý we uzaga çekýän effekte eýe bolar.
Türkmenistan ünsi günorta-gündogara gönükdirer, esasanam Türkmenistandan başlap Owganystanyň we Pakistanyň üsti bilen Hindistana gidýän turbaprowod proýektine, we şeýle-de Hytaýa.
Amerikanlaryň hem bu ýerde iki gyzyklanmasy bar – birinjiden, olar Owganystandan geçjek turbaprowoda ol ýerde durnuklylyk faktory hökmünde seredýärler; ikinjiden, olar eger-de turbaprowod Hindistana Pakistanyň üsti bilen geçse, onda bu iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklary gowulandyrar diýip umyt edýärler. A Türkmenistan bolsa onuň hözürini görer.
IWPR: Häzirki wagtda, özüniň Gazpromyň turbaprowod setindäki çäklendirmelere mejbury bagly bolup durýan wagty, Türkmenistan Russiýa gaz ibermegiň kemelmegi sebäpli görýän ýitgileriniň öwezini nädip doluryp biler?
Malaşenko: Oňa çydalar, bu bir katastrofa däl. Aşgabat özüni bu babatda gaty gözýetimi giň tarap hökmünde görkezdi. Eger-de bu [Türkmenistan] problemaly Russiýany we günbatara tarap Ýewropa eksportlary ýitirse, onda bu… Hindistana, Pakistana we Hytaýa tarapa seredip biler.
Gazprom Trans-Owgan turbaprowod proýektine gatnaşmaga gyzyklanma bildirdi, ýöne men munuň detallary bilen tanyş däl. Ýöne Moskwa anyk aýdyldy, ýagny olar [bu proýektiň arkasynda durýan günbatarlylar] Moskwasyz hem muny amala aşyrarlar. Bu edil ruslaryň ýüzüne şarpyk çalan ýaly, aýratynam prezident Dmitriý Medwedýew ýaňyja Aşgabatda bolan wagty.
IWPR: Bu Türkmen-Rus gatnaşyklaryna nähili täsir eder?
Malaşenko: Gatnaşyklar soňlugyça gowulanar, ýöne indi Russiýa berk baglanyşyk bolmaz.
Russiýa soňky ýyllarda Merkezi Aziýa babatynda özüni gaty saldamly alyp bardy. Biz onuň öz täsirine has pragmatiki garaýyş bilen seredýänini görüp bilýäris. Russiýanyň metbugatynda Türkmenistanyň hiç-hili tankytlanylmandygyny hem bellemek gerek.
IWPR: Özbegistanda geljek ýyllaryň dowamynda häkimiýetiň täze ele geçmegi bolup geçjegi belli zat. Bu özbek syýasy sistemasynyň durnuklylygyna berk barlag bolar. Bu barada dürli çaklamalar edilýär. Käbir adamlar çylşyrymly modernizasiýa boljagyny çaklaýarlar, käbir adamlar bolsa Wladimir Putiniň özbek wariantynyň ýurda gerekdigini aýdýarlar. Siz bu geçiş döwrüni nähili göz öňüne getirýärsiňiz?
Malaşenko: Režimiň üýtgemegine köp ýyldan bäri garaşylýar, hem-de özbek lideriniň [prezident Islam Karimow] saglygynyň gowy däldigi barada köp aýdyldy. Bu gürrüňleri onuň özi çykarýan bolaýmasyn diýen pikir hem ýüze çykýar.
Ol öz yzyny tutar ýaly adam taýýarladymyka? Ýok. Karimow öz daşyndaky meýdany gowy aýlanýana meňzeýär, hem-de islendik bir güljagaz göze ilen badyna ony goparyp zyňýar.
Özbek häkimýetiniň täze ele geçmeginiň gürrüňini diňe birnäçe senariýalar görnüşinde etmek mümkin. Bu senariýalaryň birisi [syýasy] klanlaryň arasynda konsensusy öz içine alar – Buhara, Daşkent, Samarkand we Fergana toparlarynyň arasynda. Soňky ady tutalan topar, oppozisiýada bolmadyk wagty, hemişe kiçi doganyň ornunda görülýär.
Men Özbegistanyň geljeki lideriniň Karimowyň maşgalasyndan kimdir biriniň boljagyny ynam bilen aýdyp biljek däl. Munuň gürrüňi edildi, ýöne bu hiç zada alyp barmady. Bu ýerde nähilidir bir konsensusyň bolmagy we oňa Fergana klanynyň hem goşulmagy has mümkin zat. Hemmeler muny wagtlaýyn häkimiýet diýip atlandyrarlar, ýöne "wagtlaýyn" ylalaşyklar hemişe uzaga gidýär. Bu ýerde özbek Putini bolarmy? Ýok. Bu ýerde başga hili bolar.
Ikinji bir mümkin bolan wariant - dürli klanlaryň arasyndaky söweş. Eger dawa dörese, onda yslam faktory hem orta goşular. Bulaşyklyk ýagdaýynda Islamistler durnukly güýje öwrülip bilerler. Hizb ut-Tahrir-iň täsiri konfliktiň dowamynda birnäçe esse artar.
IWPR: Häkimiýet başyna “silowikleriň” [howpsyzlyk edaralarynyň ýolbaşçylarynyň] gelmegi nä derejede mümkin zat?
Malaşenko: Men bu bolar diýip pikir edemok. Islam Karimow hemişe olaryň arasyndaky garşylygy artdyrmak oýnuny oýnady. Ol hem hojaýyn, hem araçy.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.