Türkmenistan: neşekeşlige garşy göreş entäk netije bermedi

Türkmenistan: neşekeşlige garşy göreş entäk netije bermedi

Friday, 11 July, 2008
NBCA synçylarynyň bellemegine görä neşe serişdeleriniň ýaýramagyna we ulanmagyna garşy döwletiň herekitiň artdyrmagyna garamazdan, ýagdaý entäk erbet derejede galýar.



8-nji iýulda Türkmenistanda nasyň ulanmagy we saklanmagy hakynda kanun güýje girdi, ol kanun edara ediş we jenaýat jogapkärçiligini güýçlendirdi, Merkezi Aziýa boýunça aýratyň bilermenler nasy temmäkiniň adaty çeýnelýän görnüşi, neşän ýenil görnüşi diýip kesgitleýärler.



Ýasamak, çekmek, saklamak, satyn almak we satmak maksady bilen daşamak üçin iň pes zähmet hakynyň üçden-otuz möçberine çenli ( 50 den- 500 ABŞ-nyň dollary) jerime göz öňüne tutulýär.



Ozal bu hukuk bozma üçin edara ediş jogapkärçilige çekilen raýatlar indi iki ýyl düzediş işlerine çekmek ýa-da bir ýyl azatlykdan mahrum etmek jezasyny jenaýat jogapkärçiligi hökmünde çekerler.



Türkmen hökümeti nasdan daşary hem agyr neşeleriň görnüşlerine garşy göreşi güýçlendirdi.



Häzirki döwürde hökümetiň ýanynda neşe serişdeleriň bikanun dolanşygyna we neşekeşlige garşy Döwlet işçi topar, neşe serişdeleri ýaýradyjylar we neşekeşlik bilen göreşmek hakynda Döwlet maksatnamasy, 2010 –nji ýyla çenli neşekeşlige garşy göreşmek we neşe ulanýan adamlara kömek etmek hakynda Milli çäreleriň meýilnamasy hereket edýär.



Iýunyň ahyrynda Aşgabatda kaspiý kenar sebitindäki ýurtlaryň neşe trafigina garşy hyzmatdaşlygyna bagyşlanan maslahat geçirildi. 26-nji iýunda neşekeşlige garşy göreşiň Halkara gününde Türkmenistanda tonnadan gowran neşe serişdeleri ňok edildi.



Emma geçirilýän çärelere garamazdan ýerli bilermenler we synçylar neşe bagly adamlar azalanok ýaly diýip belleýärler.



NBCA ýurdyň günbatarynda ýerleşýän Balkan welaýatynyň synçysy “ähli çäreler (neşekeşlige garşy göreşmek) bu pikirleri döredijileriň özlerinde baglanan we kampaniýa häsiýetli, şäherleriň we obalaryň ilaty bu çäreler hakynda guman hem edenok” diýip tassyklaýar.



Neşe serişdeleriniň ýaýramagyny görkezýan resmi statistika el ýeterli däl, ýöne Türkmenistanyň saglygy goraýiş ministrliginiň wekilleriniň biri resmi däl gürründeşlikde wakany “gorkunç” diýdi we 2007-nji ýylda saglyk edaralarda neşekeşlik boýunça hasapda duran 32,5 mün adam bar diýip habar berdi.



Emma resmi däl maglumatlar birnäçe esse kän.



Narkolog lukmanlaryň bahalaryna görä neşekeşlik ilatyň epesli bölegini zäherledi hem-de bu görkezjiler artar diýip olar çak berýär.



“Neşedispanserler doly we saklanyş şertleriň ýaramazlygy sebäpli neşekeşleriň toparlaýyň gaçmaklary bellenildi,” – diýip lukmanlaryň biri nygtaýar.



Ýurdyň demirgazygyndaky Daşoguz welaýatyndan garry zenan Akmaral ýaňyrak öz 27 ýaşyndaky neşekeş ogluny jaýlan gýrrýn berdi onuň synlamalarynyň esasynda köp türkmenistanly neşekeşler ýaş wagtynda aradan çykýärlar.



“Men oglumyň jaýlanan öwülýasynda köplenç bolýäryň we ýaş erkekleriň täze gömülen mazarlary görýäryn olaryň hemesini o dünýa neşekeşlik iberdi ” – ol diýär.



Synçylar neşekeşligiň çalt ýaýramagyny neşekeşligiň howplydygy barada ilatyň pes derejede maglumatlatynyň bardygy, ýöriteleşdirilen hassahanalaryň ýeterlik derejede ýoklygy, neşekeşligi bejermegiň täze usullary esasy sebäp bolýär diýip hasap etýärler.



Neşekeşlik bilen göreşiň netijesini artdyrmak üçin hökümet ilkinji nobatda meseläň ölçeglerini boýun almaly we hakyky maglumatlary beýän etmeli. Diňe bu ýagdaýda halkara guramalaryň kömegine garaşyp bolar.



Ikinjiden neşekeşlik bilen bagly jenaýatlar boýunça kanunçylygy berkitmeli, uly möhletleri bolanda-da käbir neşe söwdagärleri amnistiýa düşüp bilýärler. Huhukgoraýjylaryň maglumatlaryna görä soňky maýdaky günä geçmekde azatlyga çykanlary 90% neşekeşlik bilen bagly jenaýatlar boýunça oturan



Üçinjiden kesellileriň doly gutulmagyny üpjün edip olary jemgyýete girmegini gazanmaly.



NBCA gürründeşleriniň biri “neşekeşligiň milli betbagytçylygyna öwürilmegine garşy uly toplumly maksatnamalar gerek”- diýip aýtdy.



(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWCA-nyň taslamasy. Taslama2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists