Тürkmenistan: Täze Mejlis işe başlaýar

Тürkmenistan: Täze Mejlis işe başlaýar

Thursday, 8 January, 2009
Geçen ýylyň dekabr aýyndaky geçen saýlawlaryň netijesinde düzülen Türkmenistanyň Mejlisiniň ilkinji ýygnagy ýanwar aýynyň 9-na geçiriler.



Türkmen mejlisiniň täze düzümi 125 deputata çenli ulaldyldy, olar täze Konstitusiýa laýyklykda bir mandatly okruklardan bäş ýyl möhleti bilen saýlandylar.



Mejlisiň deputatlarynyň yhtyýarlyklary gineldildi: olara Konstitusiýany kabul etmek we oňa üýtgeşmeleri girizmek, ýurdyň syýasy, ykdysady we durmuş ösüş maksatnamalara garamak, ählihalk sala-salyşyklary geçirmek hakynda soraglary çozmek, prezidentiň, mejlisiň we ýerli öz-özlerini dolandyryş hökümetiň saýlawlaryny bellemek boýunça hukuklar berildi.



Ozal bu yhtyýarlyklary Halk Maslahaty ýerine ýetirýardi we “öz taryhy misiýasyny ýerine ýetiren” hasabynda 2008- nji ýylyň sentýabr aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýatyryldy.



Türkmenistandaky NBCA synçylary Mejlisiň garamagyna seridelmek üçin ilkinji resminamalar oba hojalygy özgertmek barada we ykdysady taslamalar barada bolar diýip garaşýarlar.

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists