Тürkmenistan: Täze Mejlis işe başlaýar
Тürkmenistan: Täze Mejlis işe başlaýar
Türkmen mejlisiniň täze düzümi 125 deputata çenli ulaldyldy, olar täze Konstitusiýa laýyklykda bir mandatly okruklardan bäş ýyl möhleti bilen saýlandylar.
Mejlisiň deputatlarynyň yhtyýarlyklary gineldildi: olara Konstitusiýany kabul etmek we oňa üýtgeşmeleri girizmek, ýurdyň syýasy, ykdysady we durmuş ösüş maksatnamalara garamak, ählihalk sala-salyşyklary geçirmek hakynda soraglary çozmek, prezidentiň, mejlisiň we ýerli öz-özlerini dolandyryş hökümetiň saýlawlaryny bellemek boýunça hukuklar berildi.
Ozal bu yhtyýarlyklary Halk Maslahaty ýerine ýetirýardi we “öz taryhy misiýasyny ýerine ýetiren” hasabynda 2008- nji ýylyň sentýabr aýynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýatyryldy.
Türkmenistandaky NBCA synçylary Mejlisiň garamagyna seridelmek üçin ilkinji resminamalar oba hojalygy özgertmek barada we ykdysady taslamalar barada bolar diýip garaşýarlar.