Ýene bir türkmen žurnalistiniň sesi kesildi

Ýene bir türkmen žurnalistiniň sesi kesildi

 

Türkmen žurnalisti Döwletmyrat Ýazgulyýewiň azatlakdan mahrum edilmegi adam hukularyny goraýjylary gaharlandyrdy. Olaryň pikiriçe diňe halkara guramalar hökümede basyş eden ýagdaýynda bu iş boýunça suduň netijesini üýtgetmek mümkin bolar. 

Azatlyk radiosynyň türkmen gullugyna habarçy bolup çykyş edýän Ýazgulyýewe 5-nji oktýabrda gysgajyk sud seljerişinden soň bäş ýyl türme tussaglygy berildi. Ony öz garyndaşyny öz janyna kast etmäge iteklemekde aýypladylar. Onuň kärdeşleri we aktiwistler bu günäkärlemäniň Ýazgulyýewe öz habarçy işi üçin temmi bermek üçin oşlanyp tapylan zatdygyny, hem-de munuň beýlekiler üçin umumy duýduryşdygyny aýdýarlar.

Iýul aýynda Ýazgulyýew Abadan şäherinde bolan uly partlama baradaky habarlary ýurduň daşyna çykarmakda wajyp orny eýeledi. Ol häkimiýetleriň şäheri ýumran ýarag sklad partlamasyndan soň haýal hereket edendiklerini habar berdi we ol häkimiýetleriň partlama barada habar bermekden saklanýandygyny belledi. (Goşmaça maglumatlar üçin: Internet ulanyjylar Türkmenistandaky partlamalar barada habar bermegi başardylar.)

Şu ýylyň başynda ol Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryndaky rewolýusiýalar barada habar beripdi we olar bilen Türkmenistandaky ýagdaýyň arasyndaky meňzeşlikler barada gürrüň edipdi. Onuň bir kärdeşiniň aýtmagyna görä, bu häkimiýetleriň gaharyny getirdi we olary hereket etmäge mejbur etdi.

“Munuň barysy arab ýurtlaryndaky gozgalaňlardan soň başlady” diýip ol aýtdy. “Häkimiýetlere onuň habar berişi ýaramady, hem-de ony Ahal welaýatynyň milli howpsyzlyk guramasyna çagyrdylar we oňa erbet netijelere sezewar boljakdygyny aýtdylar.”

Beýleki kommentatorlar Ýazgulyýewiň sudunyň indiki ýylyň fewralynda geçiriljek prezident saýlawlaryna taýýarlygyň resmi taýdan başlanmagynyň edil öň ýanynda bolup geçendigini belleýärler. Gaýtadan saýlanmaga kandidat, Türkmenistanyň uzak wagtlap ýolbaşçysy bolan Saparmyrat Nyýazowyň ölüminden soň ýurt başyna geçen, Gurbanguly Berdimuhammedow gaýtadan saýlanmagy formal taýdan amala aşyrar.

“Gürrüňsiz Ýazgylyýew, Berdimuhammedowyň oppozisiýany gatnaşmaga çagyran, saýlaw kampaniýasy barada we saýlawyň özi barada habarlar taýýarlardy” diýip Aşgabatly aktiwist aýtdy. “Häkimiýetler nädip Türkmenistandan obýektiw garaýyşlaryň daşary çykmagyna ýol bersinler?”

Aktiwist daşary ýurt media serişdelerini we guramalaryny türkmen häkimiýetine has köp basyş etmäge, hem-de  bu ýasama sud kararyny ýatyrmagy we žurnalistleri yzarlamagy bes etmegi talap etmäge çagyrdy.

Täjigul Begmedowa, Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondynyň ýolbaşçysy, munuň türmä basylan žurnalist üçin adalaty gazanmagyň ýeke-täk mümkin ýoludygy bilen ylalyşdy.

“Ýazgulyýew bu höküme garşy apelýasiýa eder, ýöne bu proses Türkmenistanda işlemeýär” diýip ol aýtdy. “Bizde halkara institutlara çagyryş etmekden başga hiç-hili alaç ýok.”

Fransiýada ýerleşýän adam hukuklary guramasy bolan Araçäksiz Reportýorlar (Reporters Sans Frontieres)bu höküm barada öz aladalaryny beýan etdi. Adam Hukuklary we Kanunçylyk  guramasynyň Gazagystan býurosy özüniň Ýazgulyýewe apelýasiýa prosesinde kanunçylyk taýdan kömek etmäge taýýardygyny aýdýar.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.
 

Human rights
Frontline Updates
Support local journalists