Türkmenistanyň gizlin gulluklary mobil telefonlara gözegçiligi güýçlendirýärler
Türkmenistanyň gizlin gulluklary mobil telefonlara gözegçiligi güýçlendirýärler
Türkmenistanyň gizlin gulluklary öňdenem ýokary derejede bolan raýatlara gözegçilik etmek işlerini has-da güýçlendirýärlaer, hem-de olar indi mobil telefonlara howply zat hökmünde seredýäne meňzeýär.
Noýabr aýynyň başynda Milli Howpsyzlyk Ministri Ýaýlym Berdiýew öz gullugynyň “jemgyýetiň rahatlygyny, birligini we sazlaşygyny saklamak üçin” göz öňünde tutýan çärelerini umumy söz bilen beýan etdi.
Bu çäreleriň detallary aýan edilmedi, emma ýurtdaky kommentatorlar öňdenem has berk kontrollyk edilýän jemgyýete ýene-de goşmaça basyşlaryň edilýändigini eýýäm belleýärler.
Haçan-da Türkmenistan özüniň Sowet Soýuzyndan garaşsyzlygynyň 20 ýyllygyny oktýabr aýynda bellände, parada we beýleki köpçülikleýin çärelere gatnaşanlara mobil telefonlaryny ulanmak gadagan edilipdir.
Ýerli aktiwistiň aýtmagyna görä bu çäre diňe bir gezeklik däl.
“Hamana jemgyýetçilik howpsyzlygy üçin mobil telefonlary ulanmagy gadagan etmek soňky alty aýyň dowamynda ulanylýar” diýip ol aýtdy. “Bu Abadandaky partlmadan soň, haçan-da adamlar ony habar bermek üçin mobil telefonlary ulananyndan soň ulanylyp başlanyldy.”
(Şäheriň ýaşaýjylarynyň 2011-nji ýylyň iýun aýynda gizlin habarlary ýaýratmak üçin täze media serişdelerini nähili ulanandyklary barada goşmaça maglumatlar üçin şu makala serediň: Internet ulanyjylar Türkmenistandaky partlamalar barada habar bermegi başardylar.)
Paýtagt Aşgabadyň merkezindäki restoranlarda we kafelerde işgärlere ýerli telefonlary we mobil telefonlary ulanmak gadagan edilipdir.
Aşgabatdaky iň uly myhmanhanalaryň biri bolan Grand Oteliň işgärleri her smenanyň başynda we ahyrynda özleriniň kemsidiji barlaglara sezewar edilýändiklerini aýdýarlar.
“Adamlar barada maglumat toplamak we olary barlamak yzygider dowam etdirilýär” diýip ýerli metbugat synçysy aýtdy. “Oteller we beýleki köpçülik ýerleri diňleýji enjamlardan doly, hem-de adamlara özleriniň näme diýýänine üns bermek zerur.”
Ýerli žurnalist howpsyzlyk agenteriniň özünden köpçüligiň pikiri barada gitdigiçe köp soraýandyklaryny aýtdy.
Bu rehimsiz despotizm sistemasy öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe başlanyp, onuň yzyny tutujy Gurbanguly Berdimuhammedow döwründe-de dowam edýär. Dissidentler, islendik döwlete degişli däl guramalryň aktiwistleri we hatda artistler hem gözegçilige we repressiýa sezewar edilýär. Žurnalistlere berk gözegçilik edilýär. “Ynamsyz” adamlaryň gara spisogy ýöredilýär we ol öz içine ýurtdan çykmagy gadagan edilen 16 000 töweregi adamy hem alýar. Adam satmak höweslendirilýär. Stalin döwründen galan “halk duşmany” termini gaýtadan ulanylýar.
“Howpsyzlyk ministrliginiň işgärleri syýahat etmegi gadagan edilen islendik adamyň öýüne islendik wagt gelip olary barlap bilýärler” diýip Niderlandlarda ýerleşýän Türkmen Graždan Demokratiki Soýuzynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mamedow aýtdy. “Olaryň öýlerine gözegçilik edilýär, olaryň telefonlary diňlenilýär, olaryň poçtasy senzuradan geçirilýär. Bu ýerde bizä hiç-hili ýeňilleşmäni göremizok.”
Mamedowyň aýtmagyna görä, döwlet tarapyndan dolandyrylýan media serişdeleri howpsyzlyk ofiserlerinden doly, beýleki edaralar hem hemişelik agentlerden doly, hem-de Türkmenistanda bar bolan az sanly daşary ýurt guramalarynyň hem ýerli ofislerine gulluklaryň öz adamlary ornaşdyrylan.
Anonim ýagdaýda galmak islän Milli Howpsyzlyk Ministrliginiň ofiseri terrorizme, “kiber hosplara” we “Türkmen demokratiýasynyň duşmanlaryna” garşy göreşmek üçin täze çäreleriň ulanylýandygyny tassyklady.
Ol öz gullugynyň ýakynda harby jaýlaryň suradyny alyp ony daşary ýurda geçirmek islän içalyny tutandygyny aýtdy.
“Radikalizmiň we terrorizmiň ýaýramak howpy hakyky zat, şonuň üçin Milli Howpsyzlyk Ministrligine tertibe gözegçilik etmek tabşyrylan” diýip ol aýtdy. “Ministrligiň wezipesi şübheli adamlar barada gybat-gürrüň toplap, ýerlerde agentleri ornaşdyrmak diýip pikir etmek ýalňyşlyk bolar.”
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.