Türkmenistan: “Awaza” zolagynyň gurluşygynyň gutarylmagyna entäk ir
Türkmenistan: “Awaza” zolagynyň gurluşygynyň gutarylmagyna entäk ir
Fewral aýynyň 20-ne TDH gullugy Milli syýahatçylyk zolagy “Awaza” Kaspiýyň kenarynda ilkinji myhmanlary garş almaga taýýarlanýar diýip beýan berdi, şu ýyl bärde alty sany birinji derejeli oteller açylar.
Häkimiýet “Awazany” gurmak üçin bir milliard dollar öz maýa goýumyny goýandyklaryny, halkara aeroportyň, emeli gämi ýöreýan derýanyň, dünýä derejeli otelleriň, şypahanalaryň, dynç alyş toplumlarynyň we ykdysadyýeti ösdürmek üçin niýetlenen kärhanalaryň salynýandygyny beýan etdi.
Hökümediň niýeti boýunça taýy bolmadyk syýahat we ykdysadyýet zolagyň döredilmegi bir ýuz elli mün türkmenistanlylary iş bilen üpjün eder, maýagoýumçylary çekmek,Kaspiýiň syýahatçylyk kuwwatyny ösdürmek üçin ýardam berer, we gelejekde bu ýurdyň ykdysadyýetine gowy täsir eder.
Emma Türkmenistanyň günbataryndaky synçylar “Awaza” kurort zolagynyň desgalarynyň ýokary depginde gurluşygynyň ýokdygyny belleýarler.
Balkan welaýatyndaky synçy Türkmenbaşy şäheriniň gurluşyk meýdançalarynda “doly dym-dyrslyk” gurluşyk maşinlary sesleri eşdilenok, adaty rus,fransuz, we türk hyzmatdaşlar-maýa goýumçylar özlerine kärende berilen ýerlerine diňe diwar aýlapdyrlar diýip gürrün berýär.
“Daşary yurt maýa goýumçylaryň goýumlaryna (kurort zolagynda) entäk ekeje-de desga salynylanok” - diýip synçy tassyklaýar.
Synçylar kurort zolagynda şipahana nusgadaky jaýlar üçin niýetlenen diňe iki sany onki gat binalaryň salynýandygyny görüp bolýandygyny we olaryň maý aýynda ulanmaga bermäge mümkin digini gürrün berýärler.
Bu binalaryň salynyp başlandygyna iki bolandygyna garamazdan işler pes depginde alynyp barylýär bu bolsa hünärmenleriň sözlerine görä gurluşuk materiallaryň ýetmezçiligi bilen bagly.
“Gurluşyklaryň esasy çig maly sement bilen üpjünçiliginiň pesdigi sebäpli gurluşyklaryň açylmagynyň gijä galmagynyň howpy bar” - diýip ýerli gurluşykçy aýdýar.
Kurort zolagynyň gurluşygy üçin sementiň bölegi Türkmenbaşa Trabzon türk şäherinden Kaspiýinyň üsti bilen paromlarda, beýlegi esasy bölegi demir ýol arkaly Özbegistandan getirilýär.
Emma zerur gurluşyk materially mydama maksady boýunça gelenok.
Özbek sementiniň uly bölegi ýolda başga gurluşyklara alynýar, mysal üçin paýtagtdaky (Aşgabatda) salynýan özbolyşly belent ýaşaýyş jaýlara we “Awaza” ýetenok –diýip gurluşykçy ýagdaýy düşbndirýar.
Menzeş ýagdaý hem başga desgada, onda gämi ýöreýän emeli derýa uzynlygy edi kilometr we ginligi ýetmiş metr bolan “Awazanyň” ýüzi bolmaly desga.
Kiçi göwrümli gämileriň bu gidrotehniki desga boýunça hereketi hem-de onuň akymy kenarda gurulan şlýuz desgalaryň üsti bilen amala aşyrylmaly, emma gurluşyk materiallaryň we armaturyň ýetmezçiligi bilen işler haýal ýerine ýetirilýarler.
“Kurort zolagyň gurluşygy gerek bolan materiallaryň ýoklugy we maliýeşdirilmegiň ýetmezçiligi sebapli uzaklaşmagyna gorkýän” – diýip ýurdyň günbataryndaky Balkan welaýatynyň jurnalistleri goşýar.
(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWPR-nyň taslamasy. Taslama 2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)