Türkmen adam hukuklary aktiwistleri ABŞ kongresiniň wekili bilen gepleşdiler

Türkmen adam hukuklary aktiwistleri ABŞ kongresiniň wekili bilen gepleşdiler

Türkmenistandaky döwlete degişli däl toparlarda, özleriniň 1-nji sentýabrdaky Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň kongresiniň resmi işgäri bilen duşuşygynda, öz aladalaryny beýan etmäge seýrek mümkinçilik boldy. 

“Men graždan jemgyýetiniň liderleri hökmünde siziň Türkmenistandaky häzirki ýagdaýa berýän bahaňyzy eşitmek isleýärin” diýip kongresiň daşary işler komitetiniň işgäri Brent Wulfork toplanan döwlete degişli däl toparlaryň wekillerine ýüzlendi. “Soňky ýyllarda size işlemek has kynlaşdymy ýa aňsatlaşdymy?”

Ýygnaga gatnaşan aktiwistiň aýtmagyna görä muňa biragyzdan jogap berlipdir. Onuň sözlerine görä, “Işlemek gaty kynlaşdy we köp adamlar işi taşlaýarlar, sebäbi köp graždan jemgyýeti guramalarynda entegem (resmi) registrasiýa ýok we olar işläp bilenoklar.”

Aktiwist Wulforkyň uzyn duşuşygyň dowamynda ünsli diňländigi aýdýar.

“Biz öz problemalarymyza çynlakaý seredilenine şat bolduk” diýip ol aýtdy. “Bu optimizm döredýär.”

Ýaşlar toparynyň ýolbaşçysynyň duşuşykdan soň aýtmagyna görä, ýagdaýy gowulandyrmagyň ýeke-täk ýoly döwlete degişli däl guramalary (DDG) dözgünleşdirýän kanunçylygy reformirlemek. Hazirki wagtda kanun döwlete degişli däl toparlaryň işjeňligine, fondlaryna we serişdlerine absolýut kontroly döwletiň eline berýär. Kähalatda az sanly topar resmi registrasiýany alyp bilýär, köplenç ol hiç topara berlenok. Olaryň arzalary ýa yzyna gaýtarylýar, ýa-da birnäçe ýyllap ünssiz ýatýar.

“Registrasiýa tertibi ýönekeýleşdirilmeli we aktiwistlere köpüräk hukuklar we azatlyklar berilmeli” diýip ýaşlar toparynyň ýolbaşçysy aýtdy.

“Belki biziň duşuşykdaky aç-açan belliklerimiz... türkmen häkimiýetlerine biziň problemalarymyza gowurak düşünmäge kömek eder” diýip ol aýtdy.

Ştatdan daşary işleýän zurnalistiň aýtmagyna görä, döwlete degişli däl guramalar (DDG) sektory üçin öňdenem kyn ýagdaý ABŞ tarapyndan maliýeleşdirilýän iki programmanyň ýapylmagy bilen has-da kynlaşdy. Ol ýapylan programmalar Counterpart Consortium-yň graždan jemgyýetini ösdürmek işi we IREX kompýuter kurslary.

Neşekeşligiň öňüni alyş boýunça işleýän toparyň agzasy munuň bilen razylaşyp şeýle diýdi: “Ol wagtlar biz Counterpart Consortium tarapyndan ýaýradylýan maglumatlary alýardyk. Ýöne olaryň proýekti ýapylandan soň, biz bir adada galdyrylyp gidilen ýaly duýýarys.”

Resmi tarapdan, Türkmenistanda ýüzlerçe “jemgyýetçilik birleşmeleri” bar, ýöne olaryň köpüsi döwlet tarapyndan dolandyrylýar ýa-da kommersiýa maksatlary bilen işleýär.

IWPR/Merkezi Aziýa Täzelikler Brifinginiň geçen ýyl habar berişi ýaly, hatda iň bir zyýansyz toparlara hem kanuny registrasiýa berilmändir. Mysal üçin oba hojalykçylary ekologiki taýdan arassa ösümlikleri ösdürmegi düşündirjek alymlara, çagalar üçin tomus lagerini döretjek topara, bal arysyny we towşanlary saklamaga höweslendirmek üçin synanyşyklara – bularyň hemmesine hasaba almakdan ýüz döndürilipdir. Adam hukuklary toparlarynyň, žurnalistiki we daşky sreda assosiasiýalarynyň hasaba alynmak mümkinçiligi gaty ujypsyz bolup galýar.

 Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.


 

Turkmenistan
Frontline Updates
Support local journalists