Hukuklary goramak babatynda halkara berkitme dowam etdirmeli
Hukuklary goramak babatynda halkara berkitme dowam etdirmeli
NBCA-nyň synçylary halkara jemgyýet tarapyndan häkimiýete adam hukuklarynyň ýagdaýynyň gowylandyrmagy üçin häkimiýete basyş dowam etdirmeli diýip belleýarler.
2009-nji ýylyň 26 martynda Ewropanyň parlamenti Türkmenistan bilen aralayk sowda ylalaşyga ses bermegi belli däl möhlete süýşirildi.
Rezolýusiýanyň taslamasy EB gatnaşyjy-döwletlerden Ewroparlamentiniň talaplaryny “berk gözegçilik” etmegi amala aşyrmaga çagyrýär we öz içine syýasy tussaglary boşatmagy, halkara bilermenleri türmelere goýbermegi, serhetden geçmek üçin çäklendirmeleri aýyrmagy, döwlete bagly bolmadyk guramalaryň işini amala aşyrmaga ýol bermegi.
Edilen talaplaryň berjaý edilmedigi barada subutnamalaryň bolan wagty Ewroparlament “täze usuly” amala aşyrar we Türkmenistan bilen Söwda ylalaşygy togtadar.
Ewroparlament ylalaşygy ratifikasiýa etmekden ön bir ýyl bäri hukukgoraýjy ýagdaýyn pesdigi, türkmen türmelerde syýasy tussaglaryň barlygy,başgaça pikir etmegiň yzarlanýandygy, azat hereket etmegine çäklendirmeleriň we ynamdarsyzly raýatlara “gara sanawlar” barlygy, garaşsyz metbugatyň ýoklygy we jurnalistlara basyşyň barlygy sebäpler üçin saklanýar.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow 2007-nji ýylda ozalky baştutan Saparmyrat Nyýazowyň aradan çykandan soň häkimiýete gelip , özgertmeler ugry yglan edip Günbatar bilen hyzmatdaşlygy dikeldip başlady, we bu jemgyýetde ýapyk ýurdyn içinde ýagdaýyn gowylandyrmagyna ynam döretdi.
Ol hem türkmen ykdysadyýetini gowulandyrmak üçin daşary yurt maýa goýumlary çekmek hakynda we söwda gatnaşyklary gineltmek hakynda beýan etdi.
Käbir maglumatlara görä ewropadat Türkmenistana import 2007-nji netijesi boýunça 450 million ewro barabar bolup Ukrainadan we Eýrandan soňra üçünji orna çykdy.
Mundan daşary gurluşyk we nebitgaz pudaklarda ewropaly inwestorlar işleýarler, emma seljermeçiler munyň azdygyny, we EB bilen Sowda ylalaşygyň gazanylmagy uly mümkin çilikleri açar diýip aýdýarlar.
Teswirleýjiler Ewroparlamentiniň ylalaşygy ratifikasiýa etmekden ýüz döndürmegi we ony gelejekde seredilmegini besetjekdigi hakynda seslendirilen pikirleri türkmen häkimiýetiň pikirlendirmegine getirip olara degişli ädimleri etdirmäge mejbur eder diýip umyt döredýar.
Düýpgöter üýtgeşmelere garaşmaly däl bolsada halkara jemgyýet häkimiýete basyşy dowam etdirmeli.
Nýuýorkda ýerleşýan Human Rights Watch (HRW) döwletdäl halkara guramasynyň işgäri Mariýa lisisyna başga döwletler ýokary derejedäki gepleşiklerde adam hukuklaryny syýasatyň aýrylmaz bölegi diýip düşünmeli diýip aýdýar.
“Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlary berk ýorelgelere esaslanyp hyzmatdaşlygy saklamagy zerur” - diýipol aýdýar.
Emma muny diňe EB ýurtlary, ABŞ, Ýaponiýa we Türkmenistanyň başga hyzmatdaşlary EB talaplaryny esas hökmünde alyp öz hereketlerini şon bilen bagly etseler amala aşaryp bolar.
Bolgariýadaky adam hukuklar boýunça Türkmen Helsinki gaznasynyň başlygy Täjigül Begmedowa halkara guramalar hukukgoraýjy ýagdaýyny yzarlamagyny umumy jarnamalar esasynda dälde , “bentler boýunça” dowam etdirmeli, we elmydama ýerine ýetirilen we amala aşyrylmagy agyr zatlaryny seljermeli diýip hasap edýar.
“(Bu ýagdaýda) Türkmenistan çakylyklaryň wajyplygyna düşünip talaplary amala aşyrmaga başlamagy mümkin ” - diýip ol aýdýar.
Hukukgoraýjy ýurdyň halkara hukugynda kwalifisirli goldawa mätäç, sebäbi sonky ýyllarda olar ýaly hünärmen taýýarlanylmady, we halkara jemgyýet bu babatda ýardam etse talaplaryň ýerine ýetirmek üçin bu wajyp.
(NBCA merkezi Aziýa boýunça uly möçberde ähli sebit boýunça synçylary ulanyp köp dilli täzelik seljermesini we teswirlemeleri döretmek boýunça IWPR-nyň taslamasy. Taslama 2006-nji awgust aýyndan başlap 2007-nji ýylyň sentýabr aýyna çenli sebitiň bäş döwletinde hem amala aşyryldy. Täzeden maýeleşdirilmeginiň açylmagy bilen Türkmenistanda we Özbegistanda bolup geçýän wakalary beýan etmegi gulluk dowam etdirýär.)