Türkmenistanyň aldawly syýasy reformalary
Türkmenistanyň aldawly syýasy reformalary
Türkmenistanyň prezidentiniň wekiller saýlanylýan edaralary köpeltmek we hatda köp-partiýalylyk baradaky çagyryşlaryna, ýetip gelýän özgerişlikleriň alamaty hökmünde seretmek bolmaz.
20-nji ýanwarda türkmen parlamentiniň agzalary bilen duşuşyp, prezident Gurbanguly Berdimuhammedow olary syýasy partiýalar barada täze kanuny kabul etmäge, saýlanylýan edaralaryň koordinirlenen sistemasyny döretmäge, hem-de ýurduň raýatlarynyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga çagyrdy.
Berdimuhammedowyň belliklelri gowy isleg ýaly bolup görünsede, olar hakykatdan gaty uzakda.
Türkmenistanda diňe bir partiýa – Türkmenistanyň Demokratiki Partiýasy bolup, ol döwlet işgärlerini we prezidenti goldaýanlary özünde saklaýar. Berdimuhammedowyň özi hem onuň agzasy.
Türkmenistanyň demirgazygyndaky Daşoguzda 2010-njy ýylyň awgustynda geçen Ýaşulylar Maslahatynda prezident daýhanlara wekilçilik edýän täze partiýanyň dörediljekdigine söz berdi. 2010-njy ýylyň fewralynda ol syýasy partiýalara, hatda oppozisiýa partiýalaryna hem, ýol beriljekdigi barada gürrüň etdi.
Ol şu bellikleri edenindän bäri bu ugurda hiç-hili üýtgän zat ýok.
Berdimuhammedowyň sözüne şol wagt ynanan daşary ýurt wekilleri munuň sebäbine düşünip bilenoklar.
Köp-partiýalylyk sistemasyny işletmek üçin, Türkmenistanyň ýönekeýje adam hukuklaryny we azatlyklaryny hormatlap başlamagy zerur. Bu häzirlikçe başa baranok. Dissidentleri repressiýa etmek dowam edýär, hereket azatlygy düýpli çäklendirilen, hem-de hiç-hili söz azatlygy ýok.
Syýasy plýuralizmi gurmaga synanyşmazdan öň, soňky 20 ýylyň repressiýalary netijesinde doly ýumrulan graždan jemgyýetini dikeltmek barada aladalar edilmeli.
Düzgüne garşy çykan öňdebaryjy şahsyýetler türmä basyldy, ýurtdan gaçyp gitmäge mejbur edildi, ýa-da jemgyýetçilik durmuşyndan daşda durar ýaly edip gorkuzyldy. Gizlinlikde gahrymançylykly ýagdaýda işi amala aşyrýan aktiwistler bolsa hemişelik tussag edilmek howpunyň astynda.
Beýle ýagdaý graždan jemgyýetiniň islendik bir görnüşini gaýtadan janlandyrmak üçin azyndan ýedi ýyl gerek boljakdygyny aňladýar. Şol jemgyýetiň içinden Berdimuhammedowyň gürrüňini edýän kop-partiýalylygy emele gelip biler.
Režim tarapyndan döredilýän kop-partiýalylyk strukturalary muňa alternatiwa bolup biler. Mysal üçin, Gazagystanda bir prezidenti goldaýan partiýa bar we diňe bezeg üçin saklanylýan birnäçe beýleki partiýalar bar.
Berdimuhammedow öz häzirki režiminiň Demirgazyk Koreýadaky ýaly konserwirlenen görnüşde saklanyp bilmejegine gaty gowy düşünýär. Ol şeýle-de Türkmenistan üçin diňe Russiýa bilen aragatnaşyk saklamakdan daşlaşyp, beýleki döwletler bilen hem täze aragatnaşyklary ýola goýmagyň zerurdygyndan hem habarly.
Emma özüniň häzirki formasynda türkmen režimi demoktratiki döwletler bilen çynlakaý gatnaşyklary gurmaga ukyply däl. Mysal üçin, Ýewropa Birleşigi Türkmenistan bilen dialogy ýola goýup gelýär we käbir kompromisleri etmäge taýyn. Ýöne bu diňe belli bir derejä çenli gidip biler. Demokratiki institutlar we adam hukuklary bolmasa, onda Günbatar bilen hyzmatdaşlyk hiç netijä getirmez. Şol sanda ÝB-Türkmenistan dialogynyň gün tertibinde baş mesele bolan energiýa babatynda-da hiç zada getirmez.
Global prosesleriň we gepleşikleriň bölegi bolmak islegi, nebite we gaza baý bolan döwletiň lideri Berdimuhammedowy öz awtoritar režiminiň üýtgeýändigini görkezmäge mejbur edýär. Ýöne muňa ýetmek üçin, köp-partiýaly syýasy sistemany goldan ýaly bolup görünmek bilen, ol halkara jemgyýetini aldamak ýoluny saýlaýar.
Öz gezeginde Günbataryň hem bu ýalan demokratiýany kabul etmegi we Türkmenistana ýenede geçirimlilikler etmegi mümkin. Bu adam hukuklary aktiwistleri we halkara hukuk toparlary üçin halkara jemgyýetini ýalandan demokratiýa bolup görünýän režime ýol bermezlige çagyrmagy has-da kynlaşdyrar.
Wýaçeslaw Mamedow, Niderlandlarda ýerleşýän Türkmen Graždan Demokratiki Soýuzynyň ýolbaşçysy
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.