Türkmenistan çilimkeşleriň garşysyna göreşýär

Türkmenistan çilimkeşleriň garşysyna göreşýär

Türkmenistanyň dükanlarynyň tekjelerinden geçen aý çilimler ýitip başlady we soňra has artdyrylan bahalar bilen yzyna tekjelere geldi. Bu hökümediň çilimkeşligi azaltmak baradaky kampaniýa başlamagy bilen bagly boldy.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow ýanwar aýynyň başynda çilimkeşligi azaltmak barada 5 ýyllyk plana gol çekdi, emma ýerli analitikler mundan öňki şeýle synanyşyklaryň kän bir netijeli bolmandygyny belleýärler.

Çilimler dükanlardan ýitenem bolsa, olar ýanwar aýynyň soňlarynda yzyna dolanyp geldi. Ýöne indi olaryň bahalary öňküsinden birnäçe esse artyp, 10 dollar töweregi boldy.

Bahanyň galandygyna seretmezden, bir student IWPR-e çilimi taşlamak planynyň ýokdugyny aýtdy, sebäbi bu baradaky karara daşky basyş sebäpli däl-de, şahsy pikir bilen gelinmeli.

“Eger-de adamda muňa esas bolmasa, ol näme üçin çilimi taşlar?” diýip ol sorady.

Ol häkimiýetler üçin ýaşaýyşyň ýokary derejede bolan ýurtlarynda çilimkeşligiň pese gaçyşy barada habar beriş serişdelerinde maglumat ýaýratmagynyň has ýerlikliräk boljakdygyny aýtdy, emma munuň edilmek mümkinçiliginiň azdygyny boýun aldy.

Jemgyýete elýeterli bolan statistiki maglumatlar ýok bolansoň, Türkmenistanda näçe adamyň çilim çekýänini hiç kim bilenok. Ýöne döwlet tarapyndan kontrollyk edilýän media serişdelerinde ýaýradylan makalada "temmäki epidemiýasy" barada gürrüň edilýär.

Ýurduň günota-gündogaryndan bolan bir doktor IWPR-e özüniň hemme patsientleriniň diýen ýaly temmäkä garaşly adamlardygyny aýtdy. Olaryň käbiri nas atýan adamlar, nas bolsa agyz boşlugynda ýa-da iýmit siňdiriş organlarynda rak keseleiniň emele gelmegine getirip biler diýlip çaklanylýar.

Bu türkmen häkimiýetleriniň zyýanly endikleri ýok etmäge birinji synanyşygy däl. Häkümet 2000-nji ýylda ähli jemgyýetçilik ýerlerinde çilim çekmegi gadagan etdi. ÇIlim reklamasyny gadagan etmek, çilim gutularynda duýduryşlary ýazmak, ýokary okuw jaýlaryny çilim çekmek gadagan edilýän ýerlere öwürmek, hem-de düzgün bozanlara jerime salmak ýaly başga çäreler hem ulanylyp başlandy.

Emma, bir ýerli synçynyň IWPR-e aýtmagyna görä, bu kampaniýa netijesiz bolup çykdy.

“Etraplarda ýaşaýan adamlar gizlin temmäki ekip, mahorka satyp başladylar we şeýle-de otlary ýa çaýy çilim edip çekip başladylar” diýip ol aýtdy. “Çilim çekýänleriň sany hakykat ýüzünde köpeldi.”

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

 

Health
Frontline Updates
Support local journalists