Prawoslaw hristianlar Türkmenistanda we Özbegistanda pasha belleýärler

Prawoslaw hristianlar Türkmenistanda we Özbegistanda pasha belleýärler

Inside the Church of the Archangel Michael in Namangan, Uzbekistan. (Photo: IWPR)
Inside the Church of the Archangel Michael in Namangan, Uzbekistan. (Photo: IWPR)
Father Boris at his church in Namangan. (Photo: IWPR)
Father Boris at his church in Namangan. (Photo: IWPR)
Queuing for candles outside Alexander Nevsky Cathedral in Ashgabat, Turkmenistan. (Photo: IWPR)
Queuing for candles outside Alexander Nevsky Cathedral in Ashgabat, Turkmenistan. (Photo: IWPR)

Türkmenistanda we Özbegistanda bar bolan berk döwlet gözegçiligine seretmezden, hristianlar aprel aýynyň 15-inde prawoslaw pashasyny bellemek üçin ybadathanalara geldiler. 

Adam hukuklary boýunça halkara gözegçi-guramalar bu Merkezi Aziýa döwletleriniň ikisinde-de dini azatlyklara bolan çäklendirmeleri ýygy-ýygydan belläp geçýärler.

Özbegistanyň we Türkmenstanyň ilatynyň esasy böleginiň sünni musulmanlardygyna seretmezden, bu ýurtlarda degişlilikde 4% we 7% ilat rus prawoslaw dinine uýýar.

Merkezi Aziýadaky etniki ruslaryň asyl dini hökmünde seredilýän prawoslaw ybadathanasyna häkimiýetler beýleki hristian toparlara bolşy ýaly howply zat hökmünde seretmeýärler, ýöne şonda-da gizlin gulluklar prawoslawlary hem göz astynda saklaýarlar.

Türkmen paýtagty Aşgabatda Nadežda öz gyzyny Aleksandr Newski soboryndaky messa alyp geldi.

“Soňky ýyllarda ybadathana durmuşynyň gaýtadan dikeldilmegi bolup geçdi” diýip ol aýtdy. “Biz özümiziň esasy baýramlarymyzy bellemäge ukyplydygymyza gaty şat.”

Gündogar Özbegistandaky Namanganda, Arhangel Mihail ybadathanasynyň ruhanysyBoris prawoslaw dinine bolan gyzyklanmanyň her ýylda artýandygyny aýtdy.

“Hudaýa ýakynlaşmak isleýänler hemişe köp” diýip ol aýtdy.

Bu makala Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.netadresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.

Human rights
Frontline Updates
Support local journalists