Türkmenistany industrializasiýalaşdyrmak plany giňişleýin reformalary talap edýär

Türkmenistany industrializasiýalaşdyrmak plany giňişleýin reformalary talap edýär

Annadurdy Khadjiev, a Turkmen economist based in Bulgaria. (Photo courtesy A. Khadjiev)
Annadurdy Khadjiev, a Turkmen economist based in Bulgaria. (Photo courtesy A. Khadjiev)

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow öz saýlaw kampaniýasyny özüniň esasan oba hojalygyna esaslanan ýurduny industrial, ýagny senegat taýdan ösen, döwlete öwürmägi söz bermek bilen başlady. 12-nji fewrala bellenilen prezidentlik saýlawynyň öňýanynda çykyş edeninde, Berdimuhammedow ýurduň ähli ýerlerinde täze zawod-fabrikleriň gurlup, olar iň täze enjamlar bilen enjamlaşdyrylan “industrial gigantlara” öwrüljekdigini söz berdi.

Özüniň 9-nji ýanwardaky çykyşynda oba hojalyk sektoryna üns berip, ol "öňdebaryjy, awtomatiki tehnologiýalary" ulanyp maldarçylygy üýtgetmegiň, hem-de gowy netijeli tohumlary we teplisalary ulanmak arkaly hasyllylygyň derejesini täze derejä ýetirmegiň gürrüňini etdi.

Türkmenistan tebigy gaza baý ýurt, emma onuň landşaftynyň köp bölegi irrigasiýa ýok bolan, ýa-da irrigasiýa çäklendirilen çöllükler. Bar bolan ekerançylyk ýerleriniň esasy bölegi bolsa, gazyň gapdaly bilen umumy içerki önüme esasy goşant goşýan pagtany ösdürmek üçin ulanylýar.

Ýurt sarp ediş harytlarynyň importyna garaşly bolup durýar, hem-de Türkmenistanyň azyk önümleriniň ýarysyndan gowragy daşary ýurtdan getirilýär. Ýurt gallany, uny, eti, ösümlik ýagyny, balygy, tüwini we guradylan süýdi Gazagystandan, Russiýadan, Ukrainadan we Birleşen Arab Emirliklerinden import edýär.

Pagta bilen bir hatarda, Türkmen daýhanlary bugdaýy hem ösdürip ýetişdirýärler, ýöne bu ähli bar bolan islege ýeterlik däl. Ekspertler galla önümlerini ekip ýetişdirmegiň suw ýetmezçiliginden, we şeýle-de köne enjamlardan hem daýhanlaryň öz ýerleriniň doly eýesi däldiginden we döwlet zakazy astynda işlemeli bolýanlygyndan ejir çekýänini aýdýarlar. Daýhanlara näme ekip ýetişdirmelidigi görkezme berilýär, hem-de hasyl wagty bugdaý satyn alyş bahalary ýörite peseldilip bellenilýär.

Bu zatlar görnüp durka, Berdimuhammedowyň industrializasiýany söz bermegi gaty progressiw zat bolup görnüp biler, emma ilata bu industrial rewolýusiýanyň nähili amala aşyryljakdygyna anykrak düşünmek gerek.

Umumy bilinýän zatlaryň birisi, industrializasiýa bilen birlikde ekstensiw ösüşden intensiw ösüşe geçip, has netijeli önümçilik ýola goýulmaly. Türkmen häkimiýetlerine özleriniň hazirki ykdysady krizis döwründe, önüm öndürijileriň bazarlarda uly konkurensiýa sezewar bolýan wagty, nädip industrial önümçiligi artdyrjaklarynyň anyk planyny beýan etmek gerek. Türkmenistan ol önümleri nirä eksport eder?

Berdimuhammedowyň teklibini durmuşa geçirmek ýurduň ykdysadyýetini açmaklyga getirer, ýa-da başga söz bilen aýdanyňda bazar ykdysadyýetini döretmäge getirer. Bu harytlaryň we kapitalyň erkin hereket etmegine ýol berýän liberal ykdysady syýasatlaryň bolmagyny göz öňünde tutýar. Eger bu edilmese, gümrükhana salgytlary we tarifleri türkmen harytlaryny konkurensiýa ýaramsyz eder.

Pagtany we tebigy gazy Türkmenistanyň içinde gaýtadan işlemäge mümkinçilik döretmek üçin uly inwestisiýalar zerur bolar. Uly tenderleriň we kontraktlaryň ählisi boýunça netijeleri hut özi kabul edýän Berdimuhammedow önümçiligi pes proýektleri ýapyp we býudjetleriň aç-açanlygyny döredip bilermi? Bu soraglar jogapsyzlygyna galýar.

Industrializasiýa plany üçin, nebit we gaz eksportlaryndan gazanylan fondlar görnüşinde we şeýle-de daşary ýurt inwestisiýalary görnüşinde, ýurtda käbir pozitiw fundamentler bar.

Ilkinji prioritet daşary ýurt inwestisiýalaryny, emläk eýeçiligini we häzirki zaman ykdysady sistemasyna laýyk gelýän milli býudjeti düzgünleşdirýän kanunlar toplumy bolup durýär. Bu kanunlar gyssanmak bilen edilmeli däl, ýa-da diňe kagyzda bolmaly däl; olar effektiw, gowy oýlanyşylan we işe degişli bolmaly.

Indiki ädimler erkin kärhanalary güýçlendirmek, gowy görülýän biznesmenlerden döredilen "içki topara" berilýän priwelegiýalaryň soňuna çykmak, korrupsiýanyň öňüni almak, hem-de köpüräk professionallary okadyp taýýarlamak bolar.

Mundan başgada sudlary we kanunçylygy roforma etmäge hem ýiti zerurlyk bar, aýratynam kommersiýa arbitražy ugrunda. Türkmenistan hökmany suratda arbitraž sudlary boýunça halkara konwensiýalaryna gol çekmeli we olara hormat goýmaly.

Bulardan başgada, öndürijiler öz önümlerini reklama edip we daşary ýurda satyp biler ýaly, informasiýa elýeterliligine ýol berilmeli.

Meniň pikirimçe, şeýle çäreler Türkmenistanyň industrial ösüşine praktiki goşant goşar.

20-nji asyryň dowamynda ykdysady taýdan yza galak ýurtlaryň hataryndan dünýäniň iň ösen ýurtlarynyň birine öwrülen Günorta Koreýanyň tejribesinden öwrenmek hem gaty peýdaly zat bolardy.

Annadurdy Hajyýew, Bolgariýada ýaşaýan türkmen ykdysadyýetçisi.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

Eger-de sizde bu makala barada bellikler ýa-da soraglar bar bolsa, biziň Merkezi Aziýadaky redaksiýon toparymyz bilen feedback.ca@iwpr.net adresi arkaly habarlaşmagy haýyş edýäris.


Economy
Frontline Updates
Support local journalists