Türkmenbaşynyň saýlap tutanlary

28-nji Iýulda Turkmenistanda geňeş saýlawlarynyň netijeleri çykaryldy. Saýlawlar hem-de referendumlar boýunça Merkezi Komissiýasynyň beren maglumatlary görä hemme 1153 saýlaw uçastoklarynda gelmenin yokary derejesi bellenildi. Saýlawlary jemläp, komissiýa

Türkmenbaşynyň saýlap tutanlary

28-nji Iýulda Turkmenistanda geňeş saýlawlarynyň netijeleri çykaryldy. Saýlawlar hem-de referendumlar boýunça Merkezi Komissiýasynyň beren maglumatlary görä hemme 1153 saýlaw uçastoklarynda gelmenin yokary derejesi bellenildi. Saýlawlary jemläp, komissiýa

IWPR

Institute for War & Peace Reporting
Tuesday, 31 October, 2006
Komissiýanyň bildirmesine görä, saýlawlar Prezident Niýazowyň initsiatiwasy bilen geçirilýän konstitutsiýa reformasynyň zerur bolandygyny ýene-de bir gezek görkezdiler.



Ýönekeý saýlawçylar bunuň ýaly bahalama bilen razy däl, olaryň pikri boýunça, saýlawlary açyk hem de äşgär geçtiler diýip bolanok.



Akbugdaý etrabynyň daýhan birleşiginiň wekili Murad Güýçgeldiýew kandidatlaryň saýlanmasy nähili geçeni barada gürrüň edip berdi. Onuň aýdyşy ýaly, ýygnakda bar adam onuň kamandasy boýunça öňe çykarylan kandidaturalar üçin seslerini berdiler. Bäska hiç kimiň kandidaturasyny öňe çykarmady, saýlaw komissiýasynyň secretary spisogy okap, hemme razy my diýip soranda, gatnaşanlar agzybir “hawa” diyipdirler.



Käbir ýagdaylarda, bunuň ýaly elin ýygnaklar hem geçirilmediler. Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy Haýdar Paşaýewiň aýdyşyna görä, ol hem-de onuň aýaly öňler geçirilýän, kandidatlar öňe çykarylýan ýygnagy garaşypdylar, emma bu gezek onuň ýaly ýygnak hem geçmändir.



Käbir saýlawçylar bolsa saýlawa gatnaşmandylar. Aşgabada söwda işleri bilen gelen Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň ýaşaýjysynyň aýdyşy ýaly, onuň geňeş kandidatlary üçin ses bermäge wagty hem ýok. Onuň pikri boýunça, geňeşlerden hiç bir peýda bolman soň, ol saýlawlara bunun ýaly parhsyz garaýar.



Türkmenistanyň Konstitutsiýasy boyunça, bunuň ýaly organlara giň ygtyýarlyklar berilýär, olar hem öz territoriýalarynyň ykdysady, sotsial hem-de medeniýet ösüşleriniň ugryny belläp bilýärler. Bu organlaryň wekilçiligine ýerli býujeti hem-de onuň ýerine ýetirilmesi barada otçety tassyklamak, ýerli salgytlary, olary ýygnamaklyk tertibini kesgitlemek; tebigat resurslary islege laýyk peýdalanmak hem-de tebigaty goramak girýär.



Emma geňeşleriň hereket etmezliklerine görä, bu wezipeler ýerine ýetirilmeýärler.



Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyndaky demokratiýa hemde adam hukuklary boýunça institudyň ýuristynyň aýtmagyna görä, bunuň ýaly ýagdaýyň esasy sebäbi saýlanan geňeş agzalary wezipelerini muzdsuz ýerine ýetirmeli bolýarlar.



Emma iň möhüm bolan zat – olaryň hiç ygtyýary ýok. Saýat etrabynyn ýaşaýjysy Halmurad Annaýew ynha näme aýdyp berdi. Ol öňe çykarylan iki kandidaty hem tanaýarmyşyn. Emma gezek saýlawa gelende oňüne gelen ilki familiýany çyzyp göýberipdir, onuň düşündirişi ýaly onyň üçin tapawut ýokdy, çünki kim geçse de onuň elinde hakyky ygtyýar bolmaz.



Geçen saýlawlaryň indiki etapy – arçynlaryň, ýagny geňeşleriň başlyklarynyň saýlawlary. Megerem, bu saýlawlar hem bunuň ýaly, häkimiýetler tarapyndan tertiplenen senariý boýunça geçerler. Kanun boýunça, geňeş agzalary öz hataralaryndan olaryň işlerinde ýolbaşçylyk etjek arçyny saýlamalylar.



Hakykatda bolsa, Türkmenistanda köp wagtdan bäri arçynlary Türkmenbaşynyň öži saýlaýar. Synçylaryň pikrine görä, prezidente spisogy görkezýärler, ol hem kim arçyn boljagyny tassyklaýar, onun kararyny bolsa hiç kim ara alyp maslahatlaşmaýar.
Frontline Updates
Support local journalists