Türkmen hökümeti migrasiýa çäklendirmelerini ýene-de berkidýär

Türkmen hökümeti migrasiýa çäklendirmelerini ýene-de berkidýär

Erkin syýahat etmäge bolan esasy hukuklary bozmakda dünýäde iň erbet ýurtlaryň biri bolan Türkmenistanyň serhetlerinde has berk çäklendirmeler ulanylyp başlanar.

Prezident Gurbanguly Berdimuhammedow döwlet howpsyzlyk geňeşiniň 8-nji ýanwardaky ýygnagynda Türkmenistanyň migrasiýa gullugynyň hukularyny giňeltmek barada görkezme berdi. Bu berlen görkezmeler bu gulluga öz harby işgärlerini saklamak we öň serhetçileriň wezipesi bolan, passportlary barlamak hukularyny beren 2009-njy ýyldaky kanunyň üstüne goşmaça bolup durýar.

Berdimuhammedow şeýle-de migrasiýa gullugynyň täze ýolaşçysyny belledi. Gullugyň öňki ýolbaşçysy "goýberen kemçilikleri" üçin işden boşadyldy we onuň ýerine Milli Hopsyzlyk ministriniň öňki orunbasary Aşyrgeldi Begliýew bellenildi.

Türkmenistanda hereket etmek erkinligi gaty çäklendirilen bolup durýär. Ýurduň birinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow 2006-njy ýylyň soňunda aradan çykandan soň, Berdimuhammedow Türkmenistanda hereket etmegi ýeňilleşdirip başlady, hem-de tranzit syýahatçylardan we ol ýerde garyndaşlary ýaşaýan adamlardan serhet zonalaryna girmek üçin rugsatnamalary talap etmegi ýatyrdy. Emma, üýtgeşmeler şondan köp uzaga gitmedi.

Günorta-gündogardaky Mary şäherinden bolan bir biznesmen özüniň Germaniýadaky iş partnýoryny ýurda getirmek üçin resmi çakylyk almaga üç aýlap synanyşanyny aýtdy.

"Men köpsanly sprawkalary we dokumentleri tabşyrdym, özüm üçinem we çagyrýan adamym üçinem, we soň garaşdym. Soňra, meniň iş partnýoryma ýurda gelmäge ýol berilmejekdigini bildim" diýip ol aýtdy. "Men köp pul töledim, barybir meniň haýyşymy hiç-hili düşündiriş bermezden yzyna gaýtardylar."

Türkmen adam hukuklary toparlarynyň aýtmagyna görä, häkimiýetler daşary ýurda çykmakdan saklanmaly adamlaryň gara spisogyny toplamagyny dowam edýärler we ol spisokda 12 000-den 17 000 aralygynda adamyň ady bolup, olar žurnalistleri, graždan aktiwistleriniň birnäçesini, dissidentleri, hem-de syýasy tussaglaryň, oppozisiýa agzalarynyň we emigrantlaryň garyndaşlaryny öz içine alýar. Haçanda bu adamlar daşary ýurda iş ýa şahsy maksatlar bilen gitmäge synanyşanda, olar aeroportda saklanylýar we olara öz syýahatyny dowam etdirmäge ýol berilmeýär.

"Maňa, edil öňden bolşy ýaly, daşary ýurda gitmäge ýol berlenok" diýip paýtagt Aşgabatda ýerleşýän, bäş ýyl töweregi wagt bäri ýurtdan çykyp bilmeýän aktiwist aýtdy. "Öňkidenem beterleşen, şeýle berk düzgünler, ýurda girmekde-de ulanylýar. Iki [Türkmen we Rus] graždanlygy bolan köp adamlar Russiýa şahsy meseleleri bilen gidip yzyna gelende olar ýurda goýberilenok."

Ol iki aýlap Sankt Peterburgda bolan we Türkmenistana girmäge dört gezek synanyşyp yzyna gaýdan adamyň ýagdaýyny mysal getirdi. "Olar hemişe oňa ýurda girmegiň gadagandygyny aýdýarlar, ondan başga hiç zat diýenoklar” diýip ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Aşgabatda ýerleşýän žurnalist, özüniň wiza alandygyna seretmezden, ýurtdan çykmakdan birnäçe gezek saklanandygyny aýtdy.

“Her gezek Aşgabat aeroportyndaky migrasiýa ofiseri meni mylakatlylyk bilen özleriniň baş edarasyna ýüzlenmäge ugradýar. Ol ýerde-de işgärler haýsydyr-bir görkezmä salgylanýarlar. Men ol gökezme Milli Howpsyzlyk ministrliginden gelýändir diýip çaklaýaryn" diýip ol aýtdy. "Şeýlelikde men indi üç ýyldan bäri bu ýapyk halkanyň içinde."

Ol migrasiýa gullugynyň işleýşine girizilýän islendik üýtgetmeleriň diňe ýagdaýy has-da kynlaşdyrmaga niýetlenýändigine doly ynanýar.

Ýurtdaky beýleki kommentatorlar hem Berdimuhammedowyň soňky görkezmeleriniň has gowy hereket ediş azatlygyny girizmek üçin edilýänine şübhelenýärler.

"Milli Howpsyzlyk ministrliginden bolan islendik bir işgär ýaly, migrasiýa gullugynyň täze başlygy Aşyrgeldi Begliýewem gaty hüşgär bolar we pasport üçin ýa-da daşary ýurtlyny çagyrmak üçin arza berýän her bir adama edil ynamsyz adam we potensial içaly ýaly serediler” diýip demirgazyk Türkmenistandaky analitik aýtdy.

Şahsyýetiniň gizlin saklanmagyny haýyş eden türkmen hökümetiniň işgäri bu günäkärlemeleri ret etdi, hem-de migrasiýa gullugynyň beýleki ýurtlardakylardan kem däldigini aýtdy. Ol adamlaryň nobatda garaşýan wagtyny azaltmak üçin işgärleriň sanynyň artdyryljakdygyny hem aýtdy.

Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.

 


 

Turkmenistan
Rule of law
Frontline Updates
Support local journalists