Türkmenistan iki pasporty gadagan edýär
Türkmenistan iki pasporty gadagan edýär
Türkmenistan köp wagtdan bäri iki graždanlygy hasap etmekden ýüz döndürip gelýärdi, ýöne ýakynda edilen, bu ýagdaýy has-da kynlaşdyrýan açyk beýannama ikinji Russiýa pasporty bolan adamlar üçin has agyr günleriň entek öňdedigini aňladýar.
Türkmenistanyň Daşary Işler Ministrligi 7-nji iýulda konstitusiýanyň iki graždanlyga ýol bermeýändigi barada beýannama ýaýratdy.
Ministrlik bu pozisiýanyň gaýtadan anyk edilmeginiň zerurdygyny belläp, “ýakynda käbir habar beriş şerişdeleri “iki graždanlykly” diýlip atlandyrylýan adamlaryň türkmen serhedinden geçişi barada aýtdy” diýdi.
Munuň boýun alynmagynyň özi hem aýratyn bellemäge degişli, sebäbi salgylanylýan “käbir habar beriş şerişdeleri” ýurduň daşyndaky türkmen oppozisiýasyna degişli we adatça olaryň sözlerine häkimiýetler dymmak bilen jogap berýärdiler.
Iýul aýynyň başynda chrono-tm.org internet sahypasy Russiýanyň graždanlygy hem özlerinde bar bolan Türkmenistanyň raýatlaryna ýurtdan çykmaga rugsat berilmeýändigi we olara haýsam bolsa bir pasportyndan ýüz döndürmegiň teklip edilýändigini habar berdi.
Türkmenistan Merkezi Aziýa döwletleriniň içinde iň berk hereket çäklendirmelerini ulanýar, hem-de türkmen pasporty bolan raýatlar üçin daşary ýurda gysga wagtlaýyn gitmek üçinem rugsat almak hökman. Bu rugsatlar bellenilen ýerler bilen çäklendirilýär we belli bir wagt üçin güýji bar.
1999-njy ýyldan bäri çykyş wizasy öňki Sowet ýurtlaryna çykmak üçinem talap edilip başlandy, bu öňki SSSR-iň dürli bölekleri bilen maşgala we iş gatnaşyklaryny saklaýan raýatlar üçin ýeňil bolmady.
Ýerli synçylaryň aýtmagyna görä Milli Howpsyzlyk Komiteti çykyş wiza sistemasyny, ýerli režime wepalylygyna şübhelenilýän islendik adamyň syýahat hukuklaryny saklamak üçin ulanýar.
Russiýa we Türkmenistan 1993-nji ýylda iki graždanlyk şertlerini ylalaşdylar. Netijede milleti boýunça türkmenleriňem, ruslaryňam köpsanlysy özlerine ikinji pasporty hem edindiler.
Türkmenistan bu ylalaşykdan 2002-nji ýylda bir taraplaýyn çykdy. Başa barmadyk janyna kast edilmegi ol wagtky prezident Saparmyrat Nyýazowa serhetden daşary syýahatlara bolan kontroly berkitmäge esas berdi.
Ýuridiki ekspertleriň aýtmagyna görä, Mowkwanyň bu ylalaşykdan çykmanlygy üçin bu entegem öz güýjünde galýar. Hakykat ýüzünde Russiýanyň pasporty adamlara wiza almazdan syýahat etmäge ýol berýärdi. Russiýanyň pasportyna eýe bolmaklyk diňe bir Russiýa we ýakyndaky goňşulara wizasyz syýahaty üpjün etmän, bu şeýlede günbatar döwletlerine gitmegi hem ýeňilleşdirýärdi.
Näçe türkmen raýatlarynyň Russiýa pasportyna eýedigi barada hiç-hili statistika ýok, ýöne adam hukuklary aktiwistleri olaryň sanyny 100 000 töweregi diýip çaklaýarlar.
2008-nji ýylda häkimiýetler täze görnüşli biometriki pasportlary berip başladylar. Ol pasporta dokument tabşyranlara eger rus graždanlygy bar bolsa ondan ýüz döndürmek teklip edilýänini adamlar tiz habar berip başladylar.
Bu soňky beýannama iki graždanlygy bolan adamlaryň gysylmagynyň täze ädimine başlangyjy aňladýar, hem-de prezident Gurbanguly Berdimuhammedowyň 2007-nji ýylda Nyýazowy çalyşanyndan soň yglan eden reforma we aç-açanlyk wadalaryna garşy gelýär.
Bolgariýada ýerleşýän Adam Hukuklary boýunça Türkmen Helsinki Fondyna ýolbaşçylyk edýän Täjigül Begmedowa täze türkmen pasportlarynyň häkimiýetler üçin hemmeleri bir sistema güýç bilen goşmaga mümkinçiligi hödürleýänini aýdýar.
“Eger ýurtda hemmelerde diňe bir graždanlyk bolsa, bu käbir adamlaryň ikinji pasporty elinde saklamak bilen teoretiki taýdan Russiýanyň goragyndan peýdalanmaga ýol berýän, belli bir derejede ýeňillikli ýagdaýda durmagyny aradan aýyrýar” diýip ol aýtdy, hem-de adamlaryn Russiýanyň ilçihanasyna we soňra Adam Hukuklary boýunça Ýewropa Suduna kömek üçin ýüz tutandyklaryny hem belledi.
Onuň aýtmagyna görä Türkmenistandaky rus pasportly adamlara “kiçi döwlet işgärleri tarapyndan edil kanun bozujylar hökmünde, howpsyzlyk gulluklary tarapyndan režime potensial garşydaşlar hökmünde seredilýär”.
Niderlandiýada ýerleşen türkmen emmigrantlarynyň topary bolan Graždan Demokratiki Birleşiginiň başlygy Wýaçeslaw Mamedowyň aýtmagyna görä iki-graždanlyk ylalaşygy diňe bir döwlet tarapynyň isläni bilen üýtgedilip bilinmejek halkara şertnama bolup durýar.
Ol Moskwanyň öz graždanlaryny goramak üçin häzirkisinden köpüräk alada etmelidigini, häzir diňe onuň ilçihanasynyň türkmen häkimiýeti bilen bu mesele boýunça aragatnaşyk saklaýandygyny aýtdy.
Mamedowyň çaklamagyna görä prezident Berdimuhammedow we onuň daş-töweregindäkiler Türkmenistanyň iki-graždanlygy hasap etmezligi ýakynda gaýtadan tekrar etmeginiň arkasynda durlar.
“Olaryň hereketleriniň astynda gizlenmedik gaharlanma dur. Ýagny türkmen raýatlarynyň käbir bölegi döwletara ylalaşyklary bilen bellenen lgotalardan peýdalanyp bilýärler. Olaryň pikiriçe, kimiň çykmaga hukugy bolmalydygyny olar we diňe olar çözmeli ýurdynda, bu sorag boýunça hiç-hili lgotadan peýdalanýan bolmaly däl”.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.