Türkmenistanyň daşary ýurt synçylaryny indiki saýlawlara çagyrmagy mümkin
Türkmenistanyň daşary ýurt synçylaryny indiki saýlawlara çagyrmagy mümkin
Türkmenistan indiki prezident saýlawlaryna taýýarlanyp, öz saýlaw planlaryny aýan edip başlady. Saýlawlara gözegçilik etmegiň döwlet tarapyndan gurnaljakdygy we oňa kontrollyk ediljekdigi eýýäm anyk zat.
Ýurduň merkezi saýlaw komiteti 15-nji awgustda ýygnandy we indiki ýylyň 12-nji fewralyna bellenilen ses berişlige taýýarlygy maslahatlaşdy. Türkmenistanyň uzak wagtlap ýolbaşçysy bolan Saparmyrat Nyýazowyň garaşylmadyk ölüminden soň Gurbanguly Berdimuhammedow hökümet başyna geleninden bäş ýyl soň täze saýlawlar geçirilýär.
Türkmenistandanam, daşary ýurtlardanam synçylaryň bu saýlawlara gözegçilik etmek üçin çagyryljakdygy yglan edildi, ýöne haýsy garamalaryň ýurda goýberiljekdigi, ýa-da olara saýlaw gününden öň näçe wagt ýurtda bolmaga rugsat beriljekdigi aýan edilmedi.
Sowet Soýuzundan bölünip aýrylandan bäri Türkmenistan iki sany prezidentlik saýlawlaryny geçirdi: biriniji saýlawlar 1992-nji ýylda kommunist döwründen gelen ýolbaşçy Nyýazowy täze garaşsyz döwletiň baştutanyny hökmünde yglan etmek üçin; ikinji saýlaw 2007-nji ol aradan çykandan soň geçirildi.
Geçen gezekki saýlawlardaky daşary ýurtly synçylar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan geldiler we olar saýlawlaryň açyklygyny we adalatlylygyny gowy bahalandyrdylar. ÝHHG-nyň Demokratiki Institutlar we Adam Hukuklary guramasy hem ondan soňky ýyldaky parlament saýlawlaryna çäklendirilen synçylar toparyny iberdi, emma bu barada hasabat çap etmedi.
Bu gezek, analitikleriň pikirine görä, günbataryň guramalary bilen baglanyşygy gowulandyrmak strategiýasynyň bir bölegi hökmünde Türkmenistanyň daşary ýurtly synçylaryň dürli toparlarynyň gelmegine ýol bermegi mümkin. Mysal üçin, aprel aýynda Ýewropa Parlamentiniň delegasiýasy Türkmenistana geldi.
Niderlandlarda ýerleşýän Türkmen Graždan Demokratiki Soýuzynyň ýolbaşçysy Wýaçeslaw Mamedowyň pikirine görä “Günbatarly diplomatlar Türkmenistan käbir pozitiw özgerişlikleri başdan geçirdi diýen garaýyşa ýykgyn edýärler, bu bolsa gürrüňsiz olaryň saýlaw prosesine berýän ünsüni artdyrar.”
Berdimuhammedow hazir ýurtda bolmagyna ýol berilmeýän oppozision partiýalara öz kandidatlaryny saýlawa gatnaşdyrmaga ýol beriljekdigini aýtdy.
“Halkara institutlar gürrüňsiz Berdimuhammedowyň aýdanlarynyň praktikada nähili boljakdygyna gyzyklanma bildirýärler, aýratynam saýlaw kampaniýasynyň dowamynda” diýip Mamedow aýtdy. “Şol sebäpli biz has çynlakaý synçylaryň gatnaşmagyna garaşyp bileris”.
Paýtagt Aşgabatdaky syýasy kommentator Ýewropa Birleşiginden we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan synçylaryň çagyrylmagynyň mümkindigini aýtdy, “sebäbi häkimiýetler abraýdan düşmek islänoklar”.
Bu makala IWPR-nyň, Demokratiýa üçin Milli Goşant (NED) tarapyndan maliýeleşdirilýän, Merkezi Aziýa Täzelikler Brifingi işiniň bir bölegi hökmünde taýýarlanyldy.